Türkmenistanyň Prezidenti “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysyny kabul etdi

18-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy Wagit Alekperowy kabul etdi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow myhman bilen salamlaşyp, dünýäniň iri uglewodorod serişdelerini öndürijileriň biri bolan Türkmenistanyň energetika ulgamynda giň halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmak ugrunda yzygiderli çykyş edýändigini nygtady. Ýurdumyzyň energetika strategiýasynyň nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak, öndürilýän önümleriň hilini ýokarlandyrmak, energiýa serişdeleriniň çykarylýan hem-de dünýä bazarlaryna iberilýän möçberlerini köpeltmek ýaly möhüm ugurlaryna aýratyn üns berilýär.
Işjeň we netijeli ýagdaýda geçen duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Türkmenistanyň nebitgaz senagatynda amala aşyrylýan giň möçberli maksatnamalar hem-de düzümleýin taslamalar hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.
Ägirt uly ykdysady, energetika we ulag-logistika kuwwatyna eýe bolan strategik taýdan möhüm merkez hasaplanylýan Hazar sebiti ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy meseleleriniň biri boldy. Bularyň ählisi şu ýerde hukuk kadalaryna, özara hormat goýmaga hem-de birek-biregiň bähbitlerini nazara almaga esaslanýan ylalaşykly halkara hyzmatdaşlygy ýola goýmagyň zerurlygyny şertlendirýär.
Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek hem-de özleşdirmek hakynda golaýda gol çekilen Ähtnamanyň ähmiýeti nygtaldy.
Bu taryhy resminama gol çekilmegi Hazarda energetika ulgamynda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklaryny pugtalandyrmak hem-de ösdürmek nukdaýnazaryndan möhüm waka boldy. Mundan başga-da, bilelikdäki iş üçin täze mümkinçilikler açylýar hem-de bu sebite uzakmöhletleýin esasda iri daşary ýurt maýalaryny çekmek üçin goşmaça mümkinçilikleri döredýär.
Şundan ugur alyp, biz “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň “Dostluk” ýatagyny özleşdirmäge gatnaşmak meýlini goldaýarys hem-de bu taslamany durmuşa geçirmek boýunça anyk maýa goýum tekliplerine garamaga taýýardyrys diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy.
Ýurdumyz ekologiýa ugruny hem-de iň soňky ylmy-tehniki işläp taýýarlamalary nazara almak bilen, nebitgaz pudagyna öňdebaryjy tejribäni we ýokary tehnologiýalary çekmek meselelerine uly üns bermek bilen, esasy daşary ýurt kompaniýalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.
Öz nobatynda, “Lukoýl” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçysy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň göz öňünde tutulan meýilnamalary barada aýdyp, Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda, şol sanda onuň gaýtadan işleýän ulgamynda Türkmenistanyň gazanýan üstünlikleriniň tutuş dünýäde ykrar edilendigini nygtady. Bu ulgamda döwrebap tehnologiýalar işjeň ulanylýar. Türkmenistan bilen gol çekilen taryhy Ylalaşyk ýurduň nebitgaz senagatyny okgunly ösdürmekde täze tapgyr bolar.
Wagit Alekperow diňe bir Hazar deňziniň däl-de, eýsem, Baltika deňziniň ýalpaklygynda hem “Lukoýlyň” uly iş tejribesiniň bardygyny belläp, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa bildirýän uly ynamy üçin hoşallyk bildirip, ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň “Dostluk” atly möhüm ähmiýetli taslamany durmuşa geçirmek bilen baglanyşykly wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.
Ilkinji nobatda, munuň özi işiň takyklygyna we netijeliligine hem-de ekologiýa ugruna degişlidir. Biz Hazaryň uly üns berilmeli ulgamdygyny bilýäris, şoňa görä-de, ykdysady nukdaýnazardan öňdebaryjy we maksada laýyk tehnologiýalar doly ulanylar diýip, işewür aýtdy.
“Lukoýlyň” ýolbaşçysy şol birwagtyň özünde täze ýataklary gözlemek işleriniň alnyp baryljakdygyny aýdyp, Türkmenistanyň ýangyç-energetika kuwwatyny has-da artdyrmaga gönükdirilen bu taslamany ýokary hilli, ekologiýa talaplaryna laýyklykda durmuşa geçirmek hem-de bellenen möhletinde tamamlamak üçin ähli tagallalaryň ediljekdigini ýene-de bir gezek nygtady.
Duşuşygyň dowamynda nebitgaz senagatyna, pudaga innowasion tehnologiýalary we sanly ulgamy işjeň ornaşdyrmaga hem-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryny giňeltmäge degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýangyç-energetika toplumynda ägirt uly kuwwata hem-de bu ulgamda halkara hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine eýe bolan Türkmenistanda nebitgaz senagatyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy aýratyn nygtaldy.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýanyň iri energetika kompaniýasynyň ýolbaşçysy birek-birege hoşniýetli arzuwlary beýan edip, anyk netijä gönükdirilen netijeli gatnaşyklaryň üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň TEIF 2025 halkara maýa goýum forumy öz işine başlady
2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde günüň ikinji ýarymynda Malaýziýanyň paýtagtynda Kuala-Lumpur maslahat merkezinde (KLCC) Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy – TEIF 2025-iň açylyş dabarasy geçirildi.

Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlaýar
Şu gün Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum başlaýar. Forumyň guramaçylary bolup, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy “Türkmen energiýa forum” HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.

Serdar Berdimuhamedow TEIF 2025 halkara forumyna gatnaşyjylara gutlag iberdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow 23-nji aprelde Kuala-Lumpur şäherinde öz işine başlan Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşyjylara gutlag iberdi.

Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy.

Türkmenistan we Ýaponiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürýär
15-nji aprelde Ýaponiýada saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.