Habarlar

Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine seçip alyş işi geçirilýer

https://www.ussatnews.com/storage/posts/786/original-16033ba72cf373.jpeg

TURKMENISTANYN BILIM MINISTRLIGI 2021-2022-nji okuw ýyly üçin Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary bilim we magistratura okuw maksatnamalary boýunça seçip alyş işini geçirýär.

Wengriýanyň ýokary okuw mekdep¬lerine umumy orta ýa-da orta hünär bilimli (magistratura talyp ýerlerine ýokary bilimli), ýaşy 35-den geçmedik hem-de 2021-nji ýylyň 31-nji awgustyna çenli 18 ýaşy dolýan 2020/2021-nji okuw ýylynda ýurdumyzyň umumybilim berýän mekdeplerini tamamlaýan, iňlis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Hünärleriň sanawy, Wengriýanyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary bilim we magistratura okuw maksatnamalary boýunça okuwa kabul etmegiň sany, şeýle hem okuwyň şertleri baradaky maglumaty Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň kabul ediş toparyndan alyp bolar.

Resmi iş kagyzlary 2021-nji ýylyň 20-nji fewraly — 1-nji marty aralygynda şu aşakdaky bilim edaralarynda kabul edilýär:

— Aşgabat şäheriniň we Ahal welaýatynyň dalaşgärleri üçin Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde;

— Balkan welaýatynyň dalaşgärleri üçin Balkan welaýat Baş bilim müdirliginde;

— Mary welaýatynyň dalaşgärleri üçin Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda;

— Lebap welaýatynyň dalaşgärleri üçin Seýitnazar Seýdi adyndaky Turkmen döwlet mugallymçylyk institutynda;

— Daşoguz welaýatynyň dalaşgärleri üçin Türkmen oba hojalyk institutynda.

Resmi iş kagyziarynyň sanawy:

— Türkmenistanyň raýaty üçin bellenen nusga boýunça arza we sowalnama;

umumy orta bilim ýa-da orta hünär bilimi baradaky resminamanyň (magistratura talyp ýerlerine dalaşgärler üçin ýokary bi¬lim baradaky resminamanyň) asyl nusgasy ýa-da bahalar bilen şahsy jiltiň tassyklanan göçürmesi;

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenen nusgadaky saglyk güwänamasy (Türkmenistanyň çäginden daşary ýurtlardaky ýokary okuw mekdeplerine girmek barada dalaş edýän raýatlaryň saglyk güwänamasy);

— soňky okan ýa-da işlän ýerinden (harby bölümden) häsiýetnama;

— 3x4 sm möçberde 12 sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda döwlet orta we ýokary hünär bilim edaralaryna kabul edilende artykmaçlyklardan peýdalanýan mekdep okuwçylarynyň dersler boýunça döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, umumybilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resmi- namalar bilen birlikde, kabul ediş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— Türkmenistanyň raýatynyň pasportyny hem-de Türkmenistandan gitmek we Türkmenistana gelmek üçin pasportyny;

— Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinde harby gullugy geçenler harby şahadatnamasyny, harby gullugy geçmedik ýigitler ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Uniwersitetiň kabul ediş topary zerur bolan ýagdaýynda Wengriýa okamaga gitmek üçin gerekli goşmaça maglumatlary dalaşgärden sorap biler.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçip dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we seçip alyş işi

2021-nji ýylyň 7 — 9-njy marty aralygynda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersifetinde (Aşgabat ş.) geçirilýär.

Giriş synaglary umumybilim berýän mekdeplerde okadylýan derslerden test, şeýle hem Türktnenistanyň taryhyndan söhbetdeşlik (magistratura talyp ýerlerine dalaşgärler üçin degişli hünär ugry boýunça we Türkmenistanyň taryhyndan söhbetdeşlik) görnüşinde geçirilýär.

Test — ýazmaça, söhbetdeşlik — dilden, Türkmenistanyň döwlet dilinde geçirilýär.

Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaglara gelip bilmedikler ýa-da synaglaryň birinden geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň salgysy; Aşgabat şäheriniň 1958-nji (Andalyp) köçesiniň 169-njy jaýy.

Telefon belgileri: 39-85-62, 39-85-25.

Balkan welaýat Baş bilim müdirliginiň salgysy: Balkanabat şäheriniň 168-nji ýaşaýyş jaý toplumy. Telefon belgileri: 800222 64902, 800222 64994.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň salgysy: Mary şäheriniň Baýramhan köçesiniň 62-nji jaýy. Telefon belgileri: 800522 57502, 800522 57517.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Turkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň salgysy: Türkmenabat şäheriniň Şabende köçesiniň 7-nji jaýy. Telefon belgileri: 800422 34525, 800422 36587.

Turkmen oba hojalyk institutynyň salgysy: Daşoguz şäheriniň Ruhnama köçesiniň 94-nji jaýy.

Telefon belgileri: 800322 93392, 800322 92747.

Başga habarlar
168877b8299c55.jpeg
Nebitgaz toplumynda ýylyň ýedi aýynyň jemlerine garaldy

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 28-nji iýulynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


168736712bea0c.jpeg
Nebitgaz toplumynda ýylyň alty aýynyň jemlerine garaldy

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 12-nji iýulynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda alty aýda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


1686ccb8f507b3.jpeg
Ýangyjyň tygşytly sarp edilişi

Awtoulagda ýangyjy tygşytly sarp etmek işinde sürüjä esasy orun degişlidir. Şol bir awtoulagda we belli bir ugurda dürli topara degişli sürüjileriň ýangyjy biri-birinden 20 — 25 göterim tapawutly sarp edýändigi synaglar üsti bilen tassyk edilendir.

168677382292fa.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Germaniýa bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar

23–28-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Bilim ministrliginiň hem-de Döwlet energetika institutynyň wekillerinden düzülen wekiliýeti Germaniýa Federatiw Respublikasyna tanyşlyk saparyny amala aşyrdy.


168417a294664b.jpeg
Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň 2025-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda işiniň jemleri jemlenildi

4-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi diýip, TDH habar berýär.