Habarlar

«Altyn asyr» sanly ulgama geçmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar

https://www.ussatnews.com/storage/posts/788/original-16033ef40a6eef.jpeg

«Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny hem-de programma üpjünçiligini kämilleşdirmek we sanly ulgama geçmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar, şol sanda maddy-enjamlaýyn binýady döwrebaplaşdyrylýar, ilata ýokary hilli hyzmat etmek üçin häzirki zaman tehnikalar hem-de enjamlar satyn alynýar.

Häzirki wagtda “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň müşderileriniň sany gün-günden köpelýär. Sanly tehnologiýalar arkaly müşderilere dürli hyzmatlar, şol sanda töleg hyzmatlary hem-de beýlekiler hödürlenilýär.

“Türkmenaragatnaşyk” agentligi tarapyndan “Altyn asyr” öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň awtomatlaşdyrylan hasaplaşyk (billing) ulgamyny giňeltmek we kämilleşdirmek boýunça halkara bäsleşigi yglan edilip, ýeňiji kesgilenildi.

Häzirki wagtda Türkmenistanda umumymilli maksatnamalar durmuşa geçirilýär. Şolaryň hatarynda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy ileri tutulýan maksatnamalaryň biridir.

Ýurdumyz ähli ulgamlara, şol sanda telekommunikasiýalar hem-de ýokary tizlikli maglumatlar tehnologiýalary ulgamlaryna täzeçil tehnologiýalary çekýär. Döwrebap işläp taýýarlamalar, elektron hyzmatlar jemgyýetiň gündelik durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Döwlet edaralarynyň hem-de ähli pudaklaryň işine intellektual ulgamlar ornaşdyrylýar. Munuň özi önümçiligiň guralyşyny we dolandyrylyşyny düýpli özgerdýär.

Başga habarlar
16a9d1742084d7.jpeg
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi

«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.


16a9ad9f4f09e4.png
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!

16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.


16a965faa92a7d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.

16a95c2b8125e4.jpeg
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.


16a955509d958a.webp
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler

2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.