«Türkmennebitönümleri» müdirliginiň «Serdar» nebitönümleri kärhanasy girdejililigini artdyrýar
«Türkmennebitönümleri» müdirliginiň «Serdar» nebitönümleri kärhanasynyň 2020-nji ýyldaky girdejisi 11,4 mln manada barabar boldy, şol bir wagtda meýilnama 149% ýerine ýetirildi.
Ýylyň başyndan bäri kärhana önümçilik görkezijilerini ynamly berkidýär. Ýanwar aýynda 5 müň 450 tonna nebit önümleri ýerlenildi, ýerine ýetirilen işleriň bahasy 7 mln 733 müň manada deň boldy. Bu görkeziji 2020-nji ýylyň ýanwar aýyndakydan ýokarydyr.
Kärhananyň işi hyzmat edýän sebitlerinde daşky gurşawa täsiri azaltmakdan we amatly şertleri saklamakdan ybaratdyr. Kärhana yzygiderli ýagdaýda tehnologiki ösüşleri gazanýar, öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin öňdebaryjy çözgütleri kabul edýär.
Bu günki gün Serdar, Magtymguly şäherleriniň, Bereket etrabynyň ulag ýollaryndan onlarça müň awtomobil hereket edýär. Kärhana awtomobillere ýangyç guýujy beketleriň bökdençsiz işlemegini üpjün edýär. AÝGB-leriň 9-sy awtomatlaşdyryldy
Ussat news
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Gadyr gijesi bilen gutlady.
Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
12-nji martynda Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Türkmenabatda kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň döredijilik agşamy geçiriler
Lebap welaýat ýörite sungat mekdebinde 11-nji martda Türkmenistanyň halk artisti, M.Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň dosenti, alym, pedagog, görnükli kompozitor Baýramdurdy Hudaýnazarowyň (1946-2025) hatyrasyna bagyşlanan döredijilik agşamy geçirler.
Balkanabatda hormatly Prezidentimiziň adyndan pul sowgatlary gowşurldy
Halkara zenanlar günine bagyşlanan çäreler ýurdumyzyň her bir künjeginde bolşy ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebinde hem şatlykly dabaralaryň bady tutulýar.
Türkmen şahyrlary Burýatiýanyň edebi neşirinde
Ýaňy-ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Burýatyýa Respublikasynyň milli kitaphanasy tarapyndan neşir edilýän «Северо-Муйские огни» atly awtorlyk edebi žurnalyň N122 (2026-njy ýyldaky 1-nji sany) okyjylara gowuşdy.