Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly ady dakyldy
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň Döwlet garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, çäk bitewüligini, konstitusion gurluşyny goramakda, kanunylygy we hukuk tertibini üpjün etmekde bitiren uly hyzmatlary üçin hem-de berkarar Watanymyza köp ýyllaryň dowamynda birkemsiz gulluk edendiklerini nazara alyp, karar edýärin:
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň şu agzalaryna Türkmenistanyň «Türkmenistanyň Watan goragçysy» diýen hormatly adyny dakmaly:
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň Sekretary, general-leýtenant Çarymyrat Kakalyýewiç Amanowa,
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy, polkownik Serdar Gurbangulyýewiç Berdimuhamedowa,
Türkmenistanyň Goranmak ministri, general-maýor Begenç Ataýewiç Gündogdyýewe,
Türkmenistanyň Içeri işler ministri, polisiýanyň general-maýory Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýewe,
Türkmenistanyň Baş prokurory, ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi Batyr Taganowiç Atdaýewe,
Türkmenistanyň Ýokary kazyýetiniň başlygy, ikinji hünär derejeli Guwançmyrat Atamyradowiç Ussanepesowa,
Türkmenistanyň Milli howpsuzlyk ministri, polkownik Gurbanmyrat Kakamyradowiç Annaýewe,
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygy - Serhet goşunlarynyň serkerdebaşysy, polkownik Ýazgeldi Bäşimowiç Nuryýewe,
Türkmenistanyň Adalat ministri, ýustisiýanyň uly geňeşçisi Begmurat Rahmangulyýewiç Muhamedowa,
Türkmenistanyň Prezidentiniň Howpsuzlyk gullugynyň başlygy, polkownik Döwletgeldi Gurbangeldiýewiç Meredowa,
Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň başlygy, podpolkownik Maksat Agamyradowiç Hudaýkulyýewe,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy, podpolkownik Bekmyrat Gurbanberdiýewiç Öwezowa.
Türkmenistanyň Prezidenti,
Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Gurbanguly BERDIMUHAMEDOW
Aşgabat şäheri, 2021-nji ýylyň 3-nji marty.
Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, ussat halypa Ata Akbäbäýewiň hormatyna…
Ýakynda Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda Mary şäherindäki iňlis dili we ynsanperwerçilik ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebinde Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, ussat mugallym Ata Akbäbäýewiň ömrüne, döredijiligine we pedagogik mirasyna bagyşlanan “Ata Akbäbäýew - halypa-şägirtlik mekdebiniň beýik ägirdi” atly ýatlama çäresi geçirildi.
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny baýramçylyk bilen gutlady
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny baýramçylyk bilen gutlady.
SAGDYN DURMUŞ — BAGTYÝAR GELJEK
«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
“Ekologiýa abadançylygy – zeminiň gözelligi” atly çäre geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda institutyň “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO kluby hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda “Ekologiýa abadançylygy – Zeminiň gözelligi” atly eko-kwest aksiýasy geçirildi. Bu barada jemgyýetçilik guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dört aýyň jemlerine garaldy
5-nji maýda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.