Habarlar

Halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesi ýokarlanýar

https://www.ussatnews.com/storage/posts/873/original-1604ba1f5ad92a.jpeg

Milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda şu ýylyň geçen iki aýynda alnyp barlan işleriň netijeleri Garaşsyz döwletimiziň ýokary depginlerde ösmegini dowam edýändigini görkezýär. Ykdysadyýetimizde jemi içerki önümiň görkezijisi ýylyň başyndan bäri 5,9 göterim, oba hojalygynda hem ösüş depgini 3,1 göterim derejede saklanýar. Bu görkeziji söwdada 12,8, ulag-aragatnaşyk pudagynda 4,7 göterim boldy.

Häzirki döwürde Türkmenistanda umumy bahasy 38 milliard amerikan dollaryndan hem köp bolan dürli desgalaryň gurluşygynyň giň gerim bilen amala aşyrylýar. Bularyň köpüsi ýaşaýyş-durmuş maksatly desgalardyr. Umumy bahasy 18 milliard amerikan dollaryndan gowrak bolan gurluşyk işlerini ýurdumyzyň gurluşyk-gurnama guramalary ýerine ýetirýärler.

Pudaklarda gurulýan ýubileý mynasybetli ulanmaga beriljek desgalaryň gurluşygynyň alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmek, ilaty ýaşaýyş jaýlary, arassa agyz suwy bilen üpjün etmegiň maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, umuman, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak bilen bagly ýurdumyzda uly işler alynyp barylyar.

Ussat news

Başga habarlar
16a60f59134cef.jpeg
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar

"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.


16a5f344e54b8b.jpeg
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar

«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.


16a5a13df218be.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy

Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.

16a5863310decb.jpeg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY.


16a53e165189bc.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.