Söwda merkezlerini Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna hususylaşdyrmak teklip edilýär

Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan Aşgabat şäheriniň häkimligi bilen bilelikde geçirilen seljermeleriň netijeleri boýunça söwda merkezlerini Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna göni (salgyly) hususylaşdyrmak teklip edilýär. Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Pudagara merkezi toparyň mejlisinde bu desgalary hususylaşdyrmak meselesine bellenen tertipde seredildi.
Ýurdumyzda toplumlaýyn çäreleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiz okgunly depginler bilen ösýär. Bazar gatnaşyklaryna tapgyrlaýyn geçmek döwlet syýasatynyň esasy wezipeleriniň biridir. Şunuň bilen baglylykda, hojalygy ýöretmegiň döwrebap usullaryny işjeň ornaşdyrmagyň, kärhanalary dolandyrmak boýunça eýeçiligiň dürli düzümlerini döretmegiň esasynda düýpli özgertmeleri amala aşyrmak maksady bilen soňky ýyllarda desgalary tapgyrlaýyn hususylaşdyrmak işleri ýerine ýetirilýär.


Nebitgaz toplumynda ýylyň ýedi aýynyň jemlerine garaldy
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 28-nji iýulynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.

Nebitgaz toplumynda ýylyň alty aýynyň jemlerine garaldy
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň 12-nji iýulynda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda alty aýda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.

Ýangyjyň tygşytly sarp edilişi
Awtoulagda ýangyjy tygşytly sarp etmek işinde sürüjä esasy orun degişlidir. Şol bir awtoulagda we belli bir ugurda dürli topara degişli sürüjileriň ýangyjy biri-birinden 20 — 25 göterim tapawutly sarp edýändigi synaglar üsti bilen tassyk edilendir.

Türkmenistanyň wekiliýeti Germaniýa bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrýar
23–28-nji iýun aralygynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginiň, Bilim ministrliginiň hem-de Döwlet energetika institutynyň wekillerinden düzülen wekiliýeti Germaniýa Federatiw Respublikasyna tanyşlyk saparyny amala aşyrdy.

Hökümet mejlisinde nebitgaz toplumynyň 2025-nji ýylyň ýanwar-maý aýlarynda işiniň jemleri jemlenildi
4-nji iýunda Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ýurdumyzda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi diýip, TDH habar berýär.