Habarlar

Daşoguz welaýatynda çagalar üçin niýetlenen döwrebap dynç alyş seýilgähi gurular

https://www.ussatnews.com/storage/posts/879/original-1604deec697983.jpeg

Daşoguz welaýatynyň S.A.Nyýazow adyndaky etrabynyň ýaşaýjylarynyň teklibi bilen çagalar üçin niýetlenen döwrebap dynç alyş seýilgähi gurular.Taslamany maliýeleşdirmegi döwlet Baştutanymyzyň şu ýylyň 12-nji fewralyndaky Kararyna laýyklykda, 2020-nji ýylyň netijeleri boýunça bu etraba berlen pul baýragynyň hasabyna amala aşyrmak göz öňünde tutulýar.

1,5 gektar meýdanda ýerleşjek seýilgäh toplumynda dolandyryş binasyny, garbanyşhana, dükan, awtoulag duralgasyny gurmak hem-de dürli görnüşli attraksion enjamlaryny gurnamak meýilleşdirilýär.

Ussat news

Başga habarlar
16a0d01fd96e2d.jpeg
Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, ussat halypa Ata Akbäbäýewiň hormatyna…

Ýakynda Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň guramagynda Mary şäherindäki iňlis dili we ynsanperwerçilik ugurly okuw dersleri çuňlaşdyrylyp öwredilýän ýöriteleşdirilen welaýat mekdebinde Türkmenistanyň at gazanan bilim işgäri, ussat mugallym Ata Akbäbäýewiň ömrüne, döredijiligine we pedagogik mirasyna bagyşlanan “Ata Akbäbäýew - halypa-şägirtlik mekdebiniň beýik ägirdi” atly ýatlama çäresi geçirildi.


16a0abecc4c428.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny baýramçylyk bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny baýramçylyk bilen gutlady.


16a06c2eb20931.jpeg
SAGDYN DURMUŞ — BAGTYÝAR GELJEK

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Ylmy-barlag tebigy gaz institutynda sagdyn durmuş ýörelgeleri bilen bagly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

169fcdbb98954b.jpeg
“Ekologiýa abadançylygy – zeminiň gözelligi” atly çäre geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda institutyň “Parahatçylyk medeniýeti” atly ÝUNESKO kluby hem-de “Ýaş tebigatçy” jemgyýetçilik guramasynyň bilelikde guramagynda “Ekologiýa abadançylygy – Zeminiň gözelligi” atly eko-kwest aksiýasy geçirildi. Bu barada jemgyýetçilik guramanyň resmi saýtynda habar berilýär.


169f9cdc59ebf4.jpeg
Türkmenistanyň nebitgaz toplumynda dört aýyň jemlerine garaldy

5-nji maýda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.