“Sanly çözgüt — 2021” atly nobatdaky bäsleşigi geçirmek meýilleşdirilýär
Täze programma üpjünçiligini taýýarlamak, ornaşdyrmak bilen meşgullanýan ýaş zehinleri ýüze çykarmak, höweslendirmek boýunça innowasion taslamalaryň “Sanly çözgüt — 2021” atly nobatdaky bäsleşigi geçirmek meýilleşdirilýär. Onuň jemi “Türkmentel — 2021” atly halkara serginiň çäklerinde jemlener.
Geçen ýyl ýaşlar syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek, goşmaça bilimi höweslendirmek üçin zerur şertleri döretmek, işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak, sanly bilimi ornaşdyrmak, ykdysadyýete we beýleki pudaklara innowasion serişdeleri çekmek maksady bilen, ýurdumyzda “Sanly çözgüt — 2020” atly bäsleşigi geçirildi. Oňa ýokary okuw mekdepleriniň talyplary we hünärmenler gatnaşdylar. Bäsleşikde 100-den gowrak taslama görkezildi. Häzirki döwürde halk hojalygynyň dürli pudaklaryna degişli, ýeňiji bolan taslamalary durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.