Habarlar

Aşgabatda geçirilmegi meýilleşidrilýän Dewisiň Kubogy ugrundaky Halkara tennis ýaryşynyň tapgyrlaýyn duşuşyklarynyň guralmagyny ara alyp maslahatlaşdylar

https://www.ussatnews.com/storage/posts/89/original-15f8835776f4c0.jpeg

Milli Olimpiýa komitetiniň, Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň, Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň, şeýle hem Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň wekilleri Halkara tennis federasiýasynyň Prezidenti, Halkara Olimpiýa komitetiniň agzasy Dewid Haggerti bilen onlaýn görnüşinde duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Aşgabatda geçirilmegi meýilleşidrilýän Dewisiň Kubogy ugrundaky Halkara tennis ýaryşynyň tapgyrlaýyn duşuşyklarynyň guralmagyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu ýaryşyň çäklerindpe Dewid Haggertiň Türkmenistana sapary bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Şunuň bilen baglylykda, Halkara tennis federasiýasynyň, Milli Olimpiýa komitetiniň we Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça Iş meýilnamasyny işläp taýýarlamak hem-de durmuşa geçirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ussat news

Başga habarlar
16a60f59134cef.jpeg
OGT 2026 halkara sergisi halkara energetika jemgyýetçiliginiň ýokary islegini tassyklaýar

"Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026" (OGT 2026) XXXI Halkara maslahatynyň we sergisiniň açylmagyna üç aý galanda sergi meýdançalarynyň ählisi doly satyldy diýip, çäräni gurnaýjylar habar berýärler. Bu milli we daşary ýurt kompaniýalarynyň sebitiň iň iri energetika çäreleriniň birine gatnaşmaga bolan ýokary gyzyklanmasyny tassyklaýar.


16a5f344e54b8b.jpeg
“Türkmengaz” DK Germaniýadan enjamlary satyn alar

«Türkmengaz» döwlet konserni tehniki enjamlary satyn almak barada «VIETZ GmbH» kompaniýasy bilen şertnama baglaşar.


16a5a13df218be.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy

Serdar Berdimuhamedowyň Türkmen-gruzin işewürlik maslahatyndaky çykyşy.

16a5863310decb.jpeg
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisindäki ÇYKYŞY.


16a53e165189bc.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisindäki çykyşy.