Fransiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi milli Liderimize ynanç hatyny gowşurdy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi hanym Izabel Gineli kabul etdi.
Diplomat milli Liderimize ynanç hatyny gowşuryp, Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makronyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan bilen däp bolan dostluk ýörelgelerini hem-de netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge berilýän uly ähmiýetini nygtaýan mähirli sözlerini beýan etdi.
Döwlet Baştutanymyz ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, dostlukly ýurduň ýolbaşçylygyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy. Türkmenistanyň deňhukuklylyk, ynanyşmak hem-de özara bähbitli esasda guralýan döwletara hyzmatdaşlygyny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga aýratyn üns berýändigi nygtaldy.
Söhbetdeşler iki ýurduň döwletara gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmegi özara maksat edinýändiklerini tassyklap, mundan beýläk hyzmatdaşlyk etmegiň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler. Esasy ugurlar hökmünde ýangyç-energetika ulgamy, söwda-ykdysady pudagy, aragatnaşyk, ekologiýa, suw hojalygy, şähergurluşygy we beýlekiler agzaldy.
Fransuz tarapy Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy hem-de Halkara türkmen alabaý itleri assosiasiýasy bilen ady rowaýata öwrülen türkmen bedewlerini hem-de alabaýlaryny köpeltmekde we wagyz etmekde gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna aýratyn gyzyklanma bildirýär.
2021-nji ýylyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýlip yglan edilimegi bilen baglylykda geçiriljek çäreler we bilelikdäki işler aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.
Hanym Izabel Ginel duşuşmaga wagt tapandygy hem-de Fransiýanyň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanasynyň baştutany hökmünde işlerinde üstünlikleri arzuw edendigi üçin hormatly Prezidentimize ýene-de bir gezek hoşallyk bildirip, netijeli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn giňeltmäge tarap alnan ugry dowam etmek bilen, hoşniýetli gatnaşyklary depginli ösdürmäge ýardam bermek üçin hemme tagallalaryny gaýgyrmajakdygyna milli Liderimizi ynandyrdy.
Ussat news
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.