Türkmenistanyň we Hindistanyň Prezidentleri TOPH gaz geçirijisini gurmak baradaky meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hem-de Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind telefon arkaly söhbetdeşlikde däp bolan, birek-birege hormat goýmak we ynanyşmak hem-de asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan taryhy gatnaşyklar ýörelgelerine esaslanýan dostluky döwletara hyzmatdaşlygyň esasy meselelerini ara alyp maslahatlaşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler, - dip . Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi belleýer.
Söhbetdeşligiň dowamynda türkmen-hindi gatnaşyklarynyň ýokary derejesiniň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylmagynda öz beýanyny tapýandygy nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, energetika ulgamy hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hökmünde görkezildi. Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisini gurmak baradaky giň gerimli taslamany durmuşa geçirmek boýunça özara gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.
Bilelikdäki tagallalaryň netijesinde häzirki wagta çenli bu ugurda uly işler amala aşyryldy, möhüm resminamalara gol çekildi, öňde goýlan wezipeleri çözmek boýunça yzygiderli çäreler görülýär. Bu möhüm ähmiýetli taslamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi, gürrüňsiz, taslama gatnaşyjy ýurtlaryň ykdysady taýdan ösmegine, täze iş orunlarynyň döredilmegine, durmuş we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygyna kuwwatly itergi berer, iri möçberdäki daşary ýurt maýalaryny çekmäge ýardam eder.
Bularyň ählisi umumy abadançylyga hem-de adamlaryň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň has-da ýokarlandyrylmagyna hyzmat eder. Şunuň bilen baglylykda, ýakyn geljekde TOPH taslamasyny amala aşyrmak boýunça bilelikdäki işiň aýdyň netijeleri berjekdigine ynam bildirildi.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň barşynda söhbetdeşler ýurdumyzyň senagatlaşdyrmaga alan ugruny nazara almak bilen, ykdysady hyzmatdaşlygy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek üçin uly kuwwatyň bardygyny aýtdylar.
Öz tarapyndan, Türkmenistan maýa goýum taslamalary durmuşa geçirilende, hindi kompaniýalaryna goldaw bermäge taýýardyr hem-de olary oba hojalygy, himiýa, derman senagaty, ýeňil senagat, ýerli çig malyň esasynda gurluşyk serişdelerini çykarmak ýaly ulgamlarda bilelikdäki ýokary tehnologiýaly önümçilikleri döretmek mümkinçiligine garamaga çagyrýar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.
Biziň ýurtlarymyzyň eýýäm şeýle hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine eýedigi bellärliklidir. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak bilen, “Türkmenderman Ajanta Farma Limited” bilelikdäki türkmen-hindi kärhanasyny anyk mysal hökmünde görkezdi we saglygy goraýyş hem-de derman senagaty ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiligine garamagy teklip etdi.
Söhbetdeşler Türkmenistanyň hem-de Hindistanyň gadymy däplerini we baý taryhy mirasynyň bardygyny nygtap, ynsanperwer ulgamda, şol sanda Medeniýet günleri, sergiler, festiwallar, döredijilik alyşmalar ýaly dürli medeni çäreleri geçirmek arkaly netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň wajypdygyny aýtdylar.
Şeýle hem ylym-bilim gatnaşyklaryny höweslendirmäge uly ähmiýet berilýär. Şunda adam maýasyny kämilleşdirmäge, şol sanda döwlet gullukçylarynyň hünär derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilen toplumlaýyn çäreleri guramak wajyp meseleleriň biri hasaplanylýar.
Şunuň bilen birlikde, parlamentara derejesinde yzygiderli gatnaşyklaryň hem-de tejribe alyşmagyň ýola goýulmagynyň möhümdigi bellenildi.
Söhbetdeşligiň çäklerinde Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Ram Nath Kowind soňky onýyllyklarda dünýä bileleşigi üçin örän uly wehime öwrülen koronawirus pandemiýasy baradaky meselä hem degip geçdiler.
Milli Liderimiz COVID-19-yň giňden ýaýramagynyň ähli ýurtlar üçin uly howp döredýändigini hem-de bitewülige, raýdaşlyga we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga täze çemeleşmelere esaslanýan toplumlaýyn çäreleri talap edýändigini belläp, özara goldawyň hem-de umumy tagallalary birleşdirmegiň koronawirus ýokanjyna garşy göreşde üstünlikleriň gazanylmagyna ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Ussat news
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.