Halkara walýuta gaznasynyň we Bütindünýä bank toparynyň wekilleri bilen onlaýn tertibinde duşuşyk geçirildi

Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde Halkara walýuta gaznasynyň we Bütindünýä bank toparynyň wekilleri bilen onlaýn tertibinde duşuşyk geçirildi. Onda özara gatnaşyklaryň geljekki möhüm ugurlary we bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Dünýäniň we sebitiň öňdebaryjy banklary bilen maýa goýum babatdaky netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu ugurda alnyp barylýan giň möçberli işler Türkmen döwletiniň köp taraply ykdysady kuwwatynyň durmuşa geçirilmegini, mundan beýläk-de gülläp ösmegini üpjün edýär.
Milli Liderimiziň çuňňur oýlanyşykly we täzeçil syýasaty netijesinde, Watanymyz gysga döwrüň içinde dünýäniň sazlaşykly ösýän döwletleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrdy hem-de dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşdy.
Merkezi Aziýa sebitinde amatly geosyýasy ýagdaýy eýeleýän Türkmenistan sebit we ählumumy möçberde umumy ösüşiň talaplaryna laýyk gelýän has täze ykdysady gatnaşyklaryň kemala getirilmegine mynasyp goşant goşýar.
Abraýly maliýe düzümleriniň ýurdumyza iri maýa goýum serişdelerini gönükdirmäge gyzyklanmalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän ykdysady syýasatyna hem-de Türkmenistana ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş we ägirt uly kuwwaty bolan ýurt hökmünde uly ynam bildirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen edarasy bolan Halkara pul gaznasynyň wekilleri bilen geçirilen onlaýn duşuşygynda birnäçe ugurlar boýunça ýola goýlan hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryna garaldy. Hususan-da, ählumumy ykdysadyýetde emele gelen ýagdaý we COVID-19 ýokanjyna garşy göreşmek bilen baglylykda geljekki meýilnamalar barada maglumatlar beýan edildi.
Bütindünýä bankynyň Ýewropa we Merkezi Aziýa sebiti boýunça wise-prezidenti hanym Anna Beýerde hem-de Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory hanym Liliýa Burunçuk bilen bolan wideomaslahatyň dowamynda koronawirus ýokanjyna garşy göreşmegiň guralyny işläp taýýarlamak maksady bilen Türkmenistany maliýeleşdirmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Diýarymyzyň energetika, ulag ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, ähli düzümlere döwrebap maglumat tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, oba hojalygy bilen baglanyşykly pudaklary ösdürmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýakyn geljek üçin kesgitlän esasy wezipeleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzda gök, bakja we miwe önümçiligini ösdürmek boýunça taslamalary durmuşa geçirmek babatda pikir alyşma boldy.
Milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryny döwrebaplaşdyrmakda we diwersifikasiýalaşdyrmakda, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň öndürilýän mukdaryny hem-de görnüşlerini artdyrmakda, azyk bolçulygyny we ýurdumyzyň eksport kuwwatyny pugtalandyrmakda hususy telekeçilige möhüm ornuň degişlidigi nygtaldy.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, kiçi we orta telekeçilik daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümçiligi ýokarlandyrmak hem-de ilatyň iş bilen üpjünçiligini gowulandyrmak babatda Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösüşinde möhüm orun eýeleýär.
Şu nukdaýnazardan hususy pudagyň wekilleriniň taslamalaryna goldaw bermek ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bütindünýä banky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin bu ugurda bar bolan kuwwaty nazara alyp, türkmen tarapyna Doing Business (işewürligi alyp barmak) taslamasynyň soňky derejesi we oňa goşulmagyň ýagdaýy barada maglumat berdi.
COVID-19 –yň ählumumy ykdysadyýete täsiri hem-de durnukly ösüşe goldaw bermek maksady bilen Bütindünýä walýuta gaznasynyň jogap çäreleri Wekilçilikli toparyň öňdebaryjy ýurtlarynyň merkezi banklarynyň we maliýe düzümleriniň ýolbaşçylary bilen Halkara walýuta we maliýe komitetiniň şu gün geçirilen onlaýn mejlisiniň özenini düzdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki ýagdaýda gyssagly hereket etmek üçin goldaw bermek ählumumy ykdysady çökgünlik şertlerinde oňyn netije berer we häzirki ýagdaýyň durnuklaşmagyna ýardam eder.
Şeýle hem Bütindünýä bankynyň Wekilçilikli toparynyň hem-de Bütindünýä pul gaznasynyň ýurtlaryň 9-synyň arasynda şu gün göni aragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda netijeli hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şu gün boýunça komitet, Ýakyn Gündogar we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň departamentleriniň ýolbaşçysy hem-de Halkara pul gaznasynyň Türkmenistan boýunça wekilhanasynyň baştutany bilen wideomaslahatlary geçirmek göz öňünde tutulýar. Onuň gün tertibine orta möhlet üçin netijeli gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri giriziler.


Türkmenistanyň TEIF 2025 halkara maýa goýum forumy öz işine başlady
2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde günüň ikinji ýarymynda Malaýziýanyň paýtagtynda Kuala-Lumpur maslahat merkezinde (KLCC) Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy – TEIF 2025-iň açylyş dabarasy geçirildi.

Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlaýar
Şu gün Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum başlaýar. Forumyň guramaçylary bolup, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy “Türkmen energiýa forum” HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.

Serdar Berdimuhamedow TEIF 2025 halkara forumyna gatnaşyjylara gutlag iberdi
Prezident Serdar Berdimuhamedow 23-nji aprelde Kuala-Lumpur şäherinde öz işine başlan Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşyjylara gutlag iberdi.

Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär
2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy.

Türkmenistan we Ýaponiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürýär
15-nji aprelde Ýaponiýada saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.