Habarlar

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlandygy üçin mähriban halkymyza minnetdarlyk bildirdi

https://www.ussatnews.com/storage/posts/968/original-160629e3534952.jpeg

28-nji martda ýurdumyzda täze konstitusion edara bolan Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Halk Maslahatynyň döredilmegi döwletimiziň geljegi üçin ykbal çözüji waka öwrüler. Bu edara türkmen halkynyň bagtly durmuşynyň, ata Watanymyzyň nurana geljeginiň hatyrasyna Hökümetiň işläp taýýarlaýan we ýurdumyzyň halky bilen amala aşyrýan uly möçberli maksatnamalarynyň yzygiderli durmuşa geçirilmegini üpjün eder.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Merkezi saýlaw topary tarapyndan uly toplumlaýyn işler geçirildi.

Hereket edýän Saýlaw kodeksine we halkara hukugynyň kadalaryna laýyklykda, saýlaw möwsümi geçirildi.

Welaýatlarda hem-de Aşgabat şäherinde ses berlişini geçirmek üçin döredilen saýlaw uçastoklarynyň 6-sy maddy-tehniki serişdeler bilen öz wagtynda doly üpjün edildi.

Umuman, Türkmenistan boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna jemi 112 dalaşgär hasaba alyndy. Şeýlelikde, saýlawlar giň bäsdeşlik esasynda geçirildi – 48 mandatyň her birine ildeşlerimiziň aýratyn hormat-sarpasyna mynasyp bolan 2-3 adam dalaşgärlik etdi.

Saýlawlaryň aç-açanlygyny üpjün etmek maksady bilen, hasaba alnan dalaşgärleriň hemmesine Saýlaw kodeksine laýyklykda, saýlawyň öň ýanyndaky wagyz ediş işlerini alyp barmak hem-de saýlawçylar bilen duşuşmak üçin deň şertler we mümkinçilikler hödürlenildi.

Ses bermek işi ýekşenbe güni, 28-nji martda ir bilen sagat 10-da Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýaňlanmagy bilen başlandy. Saýlaw uçastoklarynyň 6-syna dabaraly ýagdaý mahsus boldy.

Saýlaw ulgamyny sanlylaşdyrmak boýunça görülýän çäreleriň çäklerinde, Aşgabatdaky hem-de welaýatlardaky saýlaw uçastoklarynda wideokameralar gurnaldy, ses berlişi Merkezi saýlaw toparyň saylav.gov.tm saýtynda onlaýn görnüşde görkezildi.

Ses bermeleriň netijelerine laýyklykda, saýlawlar geçirildi diýlip ykrar edildi. Ähli welaýatlarda we paýtagtymyzda saýlawlaryň Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de Saýlaw kodeksine pugta laýyklykda geçirilendigi tassyklanyldy. Milli Geňeşiň Halk Maslahatyna saýlaw toparlarynda ses bermegiň netijeleri hakyndaky teswirnamanyň esasynda Türkmenistan boýunça jemi 48 adam – her welaýatdan we Aşgabat şäherinden 8 adam saýlanyldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň umumy sanynyň 27 göterimini zenanlar düzýär. Bu bolsa olaryň ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyna işjeň gatnaşýandygyna şaýatlyk edýär.

Şeýlelikde, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynda we Aşgabadyň 140 ýyllygynyň öň ýanynda geçirilen möhüm jemgyýetçilik-syýasy möwsüm hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan Türkmen döwletiniň demokratik we hukuk esaslaryny has-da pugtalandyrmaga, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgelerini berkarar etmäge gönükdirilen giň gerimli özgertmeleri durmuşa geçirmek ugrunda nobatdaky uly ädime öwrüldi.

Milli parlamentiň hil taýdan täze iki palataly düzüminiň döredilmegi ýurdumyzyň yzygiderli ösüşi hem-de döwlet häkimiýet edaralarynyň netijeli işini ýokarlandyrmak üçin oňaýly şertleri döreder.

Geçirilen saýlawlar Diýarymyzyň rowaçlygy üçin uly ähmiýete eýe bolup, Türkmenistanyň demokratik ýol bilen ynamly öňe barýandygynyň, milli Liderimiz tarapyndan amala aşyrylýan ykbal çözüji özgretmeleriň dabaralanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlandy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlandygy üçin, mähriban halkymyza minnetdarlyk bildirdi hem-de muny uly hormat hem-de bütin halkymyzyň öňündäki ýokary jogapkärçilik hökmünde kabul edýändigini nygtady. Döwlet Baştutanymyz bildirilen ynamy ödemek üçin ähli tagallalary etjekdigini, Palatalaryň we tutuş Milli Geňeşiň doly bahaly işlemegi üçin hemmetaraplaýyn kömek berjekdigini aýtdy.

Watanymyzyň taryhynda täze parlamentiň düzümine ilkinji gezek geçirilen saýlawlar halkymyzyň agzybirligini we jebisligini, Türkmenistanyň düýpli demokratik özgertmeler ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny bütin dünýä görkezdi.

Başga habarlar
16808b28c1a550.jpeg
Türkmenistanyň TEIF 2025 halkara maýa goýum forumy öz işine başlady

2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde günüň ikinji ýarymynda Malaýziýanyň paýtagtynda Kuala-Lumpur maslahat merkezinde (KLCC) Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy – TEIF 2025-iň açylyş dabarasy geçirildi.


168087fc291e7b.jpeg
Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlaýar

Şu gün Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum başlaýar. Forumyň guramaçylary bolup, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy “Türkmen energiýa forum” HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.


168087e9d5dcda.jpeg
Serdar Berdimuhamedow TEIF 2025 halkara forumyna gatnaşyjylara gutlag iberdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow 23-nji aprelde Kuala-Lumpur şäherinde öz işine başlan Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşyjylara gutlag iberdi.

16800c789cd51a.jpeg
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär

2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy.


167ffb5b95db7a.jpeg
Türkmenistan we Ýaponiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürýär

15-nji aprelde Ýaponiýada saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.