Habarlar

TDHÇMB-da polipropileniň bahasy rekord derejesine baryp ýetdi

https://www.ussatnews.com/storage/posts/975/original-16062b4cf41103.jpeg

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda täze rekord hasaba alyndy. 10-njy martda geçirilen söwdalarda rafiýa sortly polipropileniň 1,5 müň tonnasy eksport üçin satuwa çykaryldy. Ol Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürildi.

Polipropileniň başlangyç bahasy bir tonnasy üçin 1 müň 515 dollar derejesinde kesgitlendi. Söwdalaryň barşynda polimeriň bahasy tiz ýokarlanyp, bir tonnasyny üçin 1 müň 775 dollara baryp ýetdi. Özi-de geleşikler önümi alty aýyň dowamynda ugratmak şerti bilen baglaşyldy.

ICIS halkara analitik kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, dünýä bazarlarynda polipropileniň bahasy geçen ýylyň dekabrynda ýokarlanyp başlady. Şeýle ýagdaý Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda hem duýulýar. Şeýlelikde, şu ýylyň fewralynda TDHÇMB-da dowamly arakesmeden soň polipropileniň 1 müň tonnasy satuwa çykarylyp, başlangyç bahasy 1 müň 50 dollardan goýuldy. Söwdalaryň geçirilmegi netijesinde Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň bu önümi tonnasy üçin 1 müň 215 dollar bahadan ýerlenildi, bu görkeziji soňky iki ýylyň dowamynda iň ýokary baha boldy.

Geçen ýyl koronawirusyň pandemiýasy zerarly bazarlarda nebithimiýa önümlerine bolan isleg pese gaçdy we degişlilikde bahalar aşak düşdi. Deňeşdirmek üçin: 2020-nji ýylyň martynda Gyýanlydaky polimer zawody tarapyndan öndürilen polipropilen ortaça tonnasy üçin 750 dollardan satyldy. 2020-nji ýylyň dekabrynda polimere bolan isleg ýene-de ýokarlanyp başlady. Hususan-da, daşary ýurt kompaniýalary DHÇMB-da bahasy 1 müň 50 dollar bolan polipropileniň 5 müň tonnasyny satyn aldylar.

Ýeri gelende ýatlasak, geçen ýyl Türkmenistanyň bitaraplygynyň 25 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen Halkara serginiň çäklerinde «Türkmengaz» döwlet konserni polimer önümleriniň uly tapgyrlaryny satmak üçin «AFFINIQUE TRADING L.L.C» (BAE), «TransHim» we «Kartli» (Russiýa Federasiýasy), «MARMARA POLIMER VE TEKSTIL TICARET ANONIM SIRKETI» (Türkiýe) kompaniýalary bilen şertnamalary baglaşdy.

Başga habarlar
16a9d1742084d7.jpeg
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi

«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.


16a9ad9f4f09e4.png
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!

16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.


16a965faa92a7d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy

Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.

16a95c2b8125e4.jpeg
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.


16a955509d958a.webp
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler

2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.