Türkmenistanyň Mary welaýaty bilen EYR-nyň Horasan - Rezawi welaýatynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürilýär
Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan – Rezawi welaýatynyň resmi wekilleri we işewür toparlary bilen geçirilen wideoduşuşygyň gün tertibine özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek baradaky meseleler girizildi.
Duşuşyga türkmen tarapyndan DIM-niň, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleri, eýran tarapyndan döwlet düzümleriniň, birnäçe esasy kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän saýlanyp alnan parahtçylyk söýüjilikli daşary syýasat ýörelgesine yzygiderli ygrarlydygy bellenildi. Şol ýörelgäniň möhüm ileri tutulýan ugry goňşy ýurtlar bilen özara bähitli hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybaratdyr.
Türkmenistanyň Mary welaýaty bilen EYR-nyň Horasan - Rezawi welaýatynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky mesleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda soňky ýyllarda ýola goýlan gatnaşyklaryň netijeli häsiýetiniň hem-de goňşy ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň oňyn netijesiniň, uly mümkinçiliginiň ikitaraplaýyn işewür gatnaşyklary giňeltmäge hemme şertleri döredýändigi nygtaldy.
Onlaýyn çärä gatnaşyjylar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça bilelikdäki işleriň ugurlaryny anyklaşdyrmaga mümkinçilik berýän ikitaraplaýyn gepleşikleri yzygiderli geçirmek işini dowam etmek babatda bir pikiri aýtdylar.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.