Habarlar

Türkmenistan we Russiýa özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeldýär

https://www.ussatnews.com/storage/posts/992/original-160668f70eb998.jpeg

Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň gadymdan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak däplerine esaslanýan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge bolan gyzyklanmalary Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň 30-njy martda geçirilen duşuşygynda tassyklanyldy.

Topara Russiýa tarapyndan başlyklyk ediji, Russiýanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary A.Owerçuk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň sazlaşykly ösýändigini, şunda döwletara aragatnaşyklarynyň netijeli guraly bolan hökümetara toparyna möhüm ornuň degişlidigini nygtady.

Bu topara türkmen tarapyndan başlyklyk ediji, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hem-de wise-premýer, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygy M.Mişustin bilen bolan duşuşykda Russiýanyň aýry-aýry sebitlerini, iri senagat we medeni merkezlerini öz içine alýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdylar.

Özara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ägirt uly mümkinçilikleri Türkmenistanda milli ykdysadyýetimiziň köpugurly esasda ösdürilmegine, täze, ýokary girdejili, eksport ugruny nazarlaýan önümleri öndürýän pudaklaryň döredilmegine gönükdirilen giň möçberli özgertmeleri amala aşyrmakda möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi.

Hökümetara toparynyň işini mundan belýäk-de kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmen-rus we Rus-türkmen Işewürlik geňeşleriniň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly teklipler öňe sürüldi. Bu işe iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleriniň çekilmeginiň möhümdigi bellenildi.

Hökümet agzalarynyň, iki ýurduň döwlet düzümleriniň ýokary wezipeli wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatyň dowamynda senagat, maşyn gurluşygy, energetika, ulag we aragatnaşyk, maliýe-bank ulgamy ýaly wajyp ugurlardaky netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça anyk çäreler hakynda gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Sanly tehnologiýalar ulgamyndaky gatnaşyklaryň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Geçirilen maslahatyň jemleri boýunça wajyp hökümetara we pudagara resminamalarynyň birnäçesine gol çekildi.

“Sebitara hyzmatdaşlyga ýardam bermek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasyndaky Ylalaşyga”; “Halkara lukmançylyk, sanitariýa düzgünlerini (2005 ý.) ornaşdyrmak babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda” Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen Sarp edijileriň hukuklaryny goramak we adamyň abadançylygy babatda gözegçilik boýunça federal gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasyndaky Ylalaşyga; “Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda geçirilýän harytlaryň gümrük bahalary baradaky resminamalary we maglumatlary alyşmak hakynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasyndaky Teswirnama”; “Özara söwda barada statistik maglumatlary alyşmak hakynda Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Federal gümrük gullugynyň (Russiýa Federasiýasy) arasyndaky Ähtnama”; “Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen “Transkapitalbank” jemgyýetçilik paýdarlar jemgyýetiniň arasyndaky Ylalaşyga”; Hyzmatdaşlyk etmek hakynda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen Döwlet ýöriteleşdirilen Russiýa eksport-import bankynyň (paýdarlar jemgyýetiniň) arasyndaky Ähtnama” gol çekildi.

Şeýle hem şol gün Moskwada sebit howpsuzlyk meseleleri boýunça pudagara geňeşmeler geçirildi. Onuň dowamynda häzirki zamanyň wehimlerine garşy durmak boýunça bilelikdäki çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Aýratyn-da, taraplar iki ýurduň owgan meselesi we parahatçylykly ýagdaýy mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň mümkinçilikleri boýunça garaýyşlaryny beýan etdiler.

Maglumat howpsuzlygy boýunça özara gatnaşyklaryň meselelerine garaldy. 2019-njy ýylda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Prezidentleri tarapyndan kabul edilen halkara maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek babatda hyzmatdaşlyk hakyndaky Bilelelikdäki Beýannamanyň wajypdygy bellenildi. Taraplar häzirki zaman maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalaryny netijeli ulanmak ýaly möhüm ugurdaky gatnaşyklary giňeltmek barada aýtdylar.

31-nji martda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy S.Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Howpsuzlyk geňeşiniň başlygynyň orunbasary, Russiýa Federasiýasynyň Prezidentiniň ýanyndaky ylym we bilim boýunça Geňeşiniň başlygynyň orunbasary D.Medwedew bilen duşuşdy.

Duşuşygyň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm ugurlary, şol sanda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça gyzyklanma bildirilýän pikir alyşmalar boldy. Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasynda bellige alnan binýatlaýyn ugurlary nazara almak bilen, howpsuzlyk meselesi boýunça türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2021-nji ýyly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly diýip yglan etmek hakyndaky başlangyjynyň we onuň BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy arkaly berkidilmeginiň ägirt uly ähmiýeti nygtaldy. Şunuň bilen baglylykda, russiýa tarapyna ýurdumyzda şu ýylyň dekabr aýynda geçirilmegi meýilleşdirilýän ýokary derejeli halkara maslahatyna gatnaşmaga çakylyk beýan edildi.

Ýurdumyzyň wekiliýetiniň Moskwa saparynyň çäklerinde türkmen-rus gatnaşyklarynyň köpugurly häsiýete eýedigi nazara alnyp, Russiýa Federasiýasynyň döwlet düzümleriniň we iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi.

“Lukoýl” nebit kompaniýasynyň ýolbaşçysy bilen bolan duşuşygyň çäklerinde özara bähbitli gatnaşyklaryň geljekki ugurlaryna garaldy we Hazar deňzindäki “Dostluk” känini işläp taýýarlamak taslamasyna we TOPH taslamasyna gatnaşmagyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk edýän “KAMAZ” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaçylary bilen duşuşyk geçirildi. Onda awtotehnikalary ibermek, şeýle hem Russiýanyň bu iri kompaniýasynyň ýurdumyzda alyp barýan işleriniň gerimlerini giňeltmek bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

“MIR” döwletara teleradiokompaniýasynyň we “Bütinrussiýa döwlet teleradiogepleşikler kompaniýasy” federal döwlet unitar kärhanasynyň ýolbaşçylary bilen geçirilen duşuşyklarda maglumat ulgamynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmäge bolan gyzyklanmalar beýan edildi. Şeýle hem Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen özara gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň meselelerine garaldy.

Mundan başga-da, Russiýanyň Saglygy goraýyş ministrliginiň, “Hormatly akademik N.F.Gamalei adyndaky epidemiologiýa we mikrobiologiýa milli barlaglar merkezi” federal döwlet býujet edarasynyň, Statistika baradaky federal döwlet gullugynyň, Russiýa Federasiýasynyň Söwda-senagat edarasynyň, “Bütinrussiýa döwlet teleradiogepleşikler kompaniýasy” federal döwlet unitar kärhanasynyň, Russiýanyň döwlet agrar uniwersitetiniň--Moskwanyň K.A.Timirýazow adyndaky oba hojalyk akademiýasynyň, “Sberbank” açyk paýdarlar jemgyýetiniň, “Traskapitalbank” açyk paýdarlar jemgyýetiniň, “Gazprom” açyk paýdarlar jemgyýetiniň, “GAZPROM Sсhweiz AG”, Uralyň raýat awiasiýasy zawody paýdarlar jemgyýetiniň, “Professor Ý.W.Samoýlow adyndaky NIUIF” paýdarlar jemgyýetiniň, Russiýanyň göni maýa goýumlar gaznasynyň, “Rosgossirk” döwlet unitar kärhanasynyň, Uly Moskwa döwlet sirkiniň, “Krasswetmet” açyk paýdarlar jemgyýetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar boldy.

Taraplaryň birek-birege ynanyşmagy, özara düşünişmegi duşuşyklaryň ýokary derejesine şaýatlyk edýär. Munuň özi deňhukukly, birek-birege ynanyşmak esasynda, geçen ýyllaryň tejribesini we döwlet ösüşiniň möhüm wezipelerini nazara almak arkaly ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerini kesgitlemek üçin möhüm binýady kemala getirmäge bolan umumy we ylalaşykly çemeleşmeleri taýýarlamagy şertlendirýär.

1-nji aprelde Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri S.Lawrow bilen bolan duşuşykda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Gepleşikleriň ahyrynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň arasynda biologik howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri boýunça özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekildi.

Ýurdumyzyň wekiliýeti Moskwa saparynyň çäklerinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşar. Onuň gün tertibi sebit we halkara howpsuzlygyny pugtalandyrmak, syýahatçylyk, bedenterdiýe we sport, ýaşlar syýasaty ýaly möhüm ugurlarda köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleri öz içine alýar. Garaşylyşy ýaly, türkmen tarapy mejlise gatnaşyjylaryň garamagyna birnäçe resminamalary hödürlär.

Başga habarlar
16808b28c1a550.jpeg
Türkmenistanyň TEIF 2025 halkara maýa goýum forumy öz işine başlady

2025-nji ýylyň 23-nji aprelinde günüň ikinji ýarymynda Malaýziýanyň paýtagtynda Kuala-Lumpur maslahat merkezinde (KLCC) Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumy – TEIF 2025-iň açylyş dabarasy geçirildi.


168087fc291e7b.jpeg
Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlaýar

Şu gün Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum başlaýar. Forumyň guramaçylary bolup, “Türkmengaz”, “Türkmennebit” döwlet konsernleri we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy “Türkmen energiýa forum” HJ bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.


168087e9d5dcda.jpeg
Serdar Berdimuhamedow TEIF 2025 halkara forumyna gatnaşyjylara gutlag iberdi

Prezident Serdar Berdimuhamedow 23-nji aprelde Kuala-Lumpur şäherinde öz işine başlan Türkmenistanyň ykdysadyýetine daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara foruma gatnaşyjylara gutlag iberdi.

16800c789cd51a.jpeg
Kuala-Lumpur TEIF 2025 halkara maýa goýum forumyny geçirmäge taýýarlyk görýär

2025-nji ýylyň 23–24-nji aprelinde Malaýziýanyň Kuala-Lumpur şäherinde geçiriljek “TEIF 2025” Türkmenistanyň halkara maýa goýum forumynyň açylmagyna az wagt galdy.


167ffb5b95db7a.jpeg
Türkmenistan we Ýaponiýa söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürýär

15-nji aprelde Ýaponiýada saparda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito bilen duşuşdy diýip, TDH habar berýär.