Peýdaly maslahatlar

Görüş ýitiligine peýdaly maslahat

https://www.ussatnews.com/storage/posts/995/original-160676edfe72f4.jpeg

Oňaýly iş ýeri, ýeterlikli ýagty we ýagtylyk şöhlesi göni göze düşmeli däl, ýagtylyk bütin otaga deň ýaýran bolmaly. Gözi goramak üçin ýörite iýmitlenmegiň öz kadasy bolmaly. Ýagny, damarlary berkidiji maddalary saklaýan iýmitleri; çernika, garaly, käşir, balyk, bagyr, ukrop, kelem, gök sogan, petruşka ýaly gök önümleriň köp iýilmegi maslahat berilýär.

Gözi hökmany Gün şöhlesinden goramalydyr. Gözüň ýadawlygyny aýyrmak üçin pagtany sowujak suwa öllemeli we gözleriň üstünde 5-10 minut goýmaly. Gözleriňi ýumup, maňlaýy, gaşlaryň ýokarsyny, çekgäni barmaklaryň bilen başam barmakdan süýem barmaga tarap aýlawly hereket bilen elleriň aýasy bilen sähel göz bäbeneginiň üstüne basyp owkalamak, gözüň gan we göz içki suwuklygynyň aýlanşygyny gowlandyrýar.

Meýlis PIRGULYÝEW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinyň talyby.

Başga peýdaly maslahatlar
16a6b1a1f1ce92.jpeg
Emosiýanyň adam saglygyna täsiri

Emosiýa — bu adamyň içki duýgularynyň, pikirleriniň we daşky ýagdaýlara bolan reaksiýasynyň ýüze çykmasydyr. Adam gündelik durmuşynda dürli görnüşli emosiýalary başdan geçirýär: şatlyk, gynanç, gahar, gorky, alada, buýsanç, söýgi we beýlekiler.


16a4a98f37215f.jpeg
Aýdym-saz täsin güýçdür

Çaganyň şahsyýet bolup kemala gelmeginde, dünýägaraýşynyň baýlaşmagynda we içki dünýäsiniň sazlaşykly ösmeginde aýdym-saz terbiýesiniň orny örän uludyr. Saz çaganyň kalbyna, aň-düşünjesine we emosional ýagdaýyna gös-göni täsir edýän, ony gözelliklere ugrukdyrýan täsirli guraldyr. Kiçi ýaşly çagalar daşky gurşawy has ir we duýgur kabul edýärler, şonuň üçin hem çagalar bagynda berilýän ilkinji aýdym-saz sapaklary olaryň geljekki durmuşynyň manyly bolmagynda möhüm binýat bolup hyzmat edýär.


168385199ec441.jpeg
Çepbekeýler adaty bolmadyk çemeleşmeleri tapýarlar

Donald Kostello işewürlik kollejiniň amerikan alymlary tarapyndan geçirilen täze gözleg çep eliň hünär kämillikde we baýlyga ýetmekde möhüm esas bolup biljekdigini görkezýär.

16837ee42d4fcf.jpeg
Bagbançylygyň ähmiýeti

Gözlegleriň netijesi bagbançylygyň adam beýnisine we bedenine oňyn täsir edýändigini görkezdi.


167f50c336288c.jpeg
Aýdym aýtmak – saglygyňy berkitmek

Gadymyýetden bäri adamlar öz sesiniň güýji bilen saglygyny dikeldip bilipdirler. Aristotel we Pifagor akyl taýdan bozulmalary bejermekde aýdym aýtmagy maslahat beripdirler.