Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna ynsanperwer ýüküni ugratdy
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Buýrugynyň esasynda özara hormat goýmak we özara kömek bermek ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistan dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna ynsanperwer ýüküni ugratdy.
Goňşy ýurtlar bilen netijeli, ynanyşmak gatnaşyklaryny ösdürmek Bitarap Watanymyzyň daşary syýasy ýörelgeleriniň möhüm ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzakmöhletli geljege gönükdirilen hemişelik dostlukly we oňyn hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Iki ýurduň halklarynyň arasynda taryhy taýdan ýola goýlan gatnaşyklar häzirki döwürde täze mazmun bilen baýlaşdyrylýar.
Russiýa Federasiýasynyň iri sebitleri bilen netijeli hyzmatdaşlyk döwletara gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegidir. Şol sebitleriň hatarynda ýakyn ykdysady we medeni gatnaşyklar ýola goýlan Astrahan welaýaty bar. Bu sebite Türkmenistanda öndürilen önümleriň iberilmegi hemmeler üçin iň çylşyrymly döwürde ýakyn goňşyňa doganlyk kömegini bermekde hoşniýetli erkiň nobatdaky ýüze çykmasydyr.
Ýurdumyz özara kömek bermegiň köp asyrlyk däplerine eýerip, beýleki döwletlere we halklara kömek goluny uzatmaga hemişe taýýardyr. Ine, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýruklaryna laýyklykda, tutuş adamzat üçin hakyky synaga öwrülen koronawirus pandemiýasy sebäpli dörän çylşyrymly ýagdaýlar bilen baglylykda, dostluk kömegini bermek maksady bilen, goňşy Owganystana we Eýrana ynsanperwer ýükleri ugradyldy.
«Nebit-gaz» gazetiniň 15 ýyllygy dabaraly bellenildi
«Nebitgaz» gazetiniň redaksiýasynda neşiriň ilkinji sanynyň çap edilip başlanmagynyň 15 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, Türkmenistanyň Nebitgaz senagaty toplumynyň işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň wekilleri, şeýle hem redaksiýanyň işgärleri gatnaşdylar.
«Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy intellektual bäsleşige çagyrýar!
16-njy sentýabrda sagat 14:00-da «Arkaç» SÖMerkeziniň «Iş nokady» koworking merkezinde «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýanyndaky Ozon merkezi bilen bilelikde Halkaara ozon gatlagyny goramak gününe bagyşlanan intellektual bäsleşik geçirýär.
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy
Türkmenistanyň Prezidentiniň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna we bilim işgärlerine gutlagy.
Ýerasty suw ýataklarynyň gor baýlygy artdyrylýar
«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň ýurdumyzyň welaýatlaryndaky gidrogeologiýa ekspedisiýalarynyň işgärleri halkymyzy gündelik arassa agyz suwy bilen üpjün etmek babatda möhüm işleri durmuşa geçirýärler. «Marygidrogeologiýa» ekspedisiýasynyň işgärleriniň alyp barýan işleri hem şunuň bir mysalydyr.
Türkmenistanyň erkin göreşçileri okuw-türgenleşik ýygnanyşyklaryny geçirdiler
2026-njy ýylyň awgust aýynda Mary we Aşgabat şäherlerinde erkin göreş boýunça geçirilen tapgyrlaýyn okuw-türgenleşik ýygnanyşyklary sport ussatlygyny ýokarlandyrmaga, tejribe alyşmaga hem-de pälwanlaryň geljekki ýaryşlara fiziki taýýarlygyny pugtalandyrmaga gönükdirildi.