
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
14.06.22 - 00:36Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy.

Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri jemlendi
13.06.22 - 23:47Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda ylmy işler boýunça geçirilen bäsleşigiň jemleri hakynda

«Körpeje» müdirliginiň önümçilik görkezijileri artýar
11.06.22 - 13:19«Halkyň Arkadagly zamany» şygasy astynda geçýän ýylyň hasabat döwründe «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazçykaryş» trestiniň «Körpeje» gaz çykaryş müdirligi boýunça hereket edýän guýulardan «mawy ýangyjyň» çykarylyşy 1 mlrd 52 mln kub metrden geçdi, önümçilik meýilnama 121,5% ýerine ýetirildi.

Merkezi Aziýa ýurtlary we Hytaý sebit hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmagy meýilleşdirýärler
11.06.22 - 13:06Gazagystanyň Nur-Sultan şäherinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynda Daşary işler ministrleriniň Üçünji maslahaty tamamlandy. Onuň netijeleri boýunça sebit hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalara gol çekildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Türkmenistanyň we Gazagystanyň DIM-niň ýolbaşçylary Hazar sammitine taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdylar
11.06.22 - 12:26Sişenbe güni Türkmenistanyň wekiliýetiniň Merkezi Aziýanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň 3-nji duşuşygyna gatnaşmagynyň çäklerinde Nur-Sultanda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Türkmenistanyň we HHR-niň DIM-niň ýolbaşçylary hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdylar
11.06.22 - 09:54Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen sişenbe güni geçiren gepleşikleriniň barşynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meseleler toplumyny ara alnyp maslahatlaşdy. Hususan-da ýokary döwlet derejesinde öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns berildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasyna resmi sapary
10.06.22 - 14:0510-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna resmi sapary başlady. Hormatly Prezidentimiziň uçary Moskwanyň «Wnukowo-2» Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Howa menzilinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar garşyladylar.

Türkmenistan sanly ulgam arkaly GDA gatnaşyjy döwletleriň Ýaşlar parlamentara forumyna gatnaşýar
10.06.22 - 08:179-nji iýunda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly GDA gatnaşyjy döwletleriň Ýaşlar parlamentara forumyna gatnaşdy. Forum Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde “Ýaş parlamentariler — Arkalaşygyň geljegine garaýyş” atly şygar astynda geçýär.

“Miras” ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
09.06.22 - 00:17Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty tarapyndan türkmen, iňlis hem-de rus dillerinde çärýekde bir gezek neşir edilýän “Miras” ylmy-köpçülikleýin žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy.

Türkmenistanyň we RF-niň DIM-niň ýolbaşçylary ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyklara we Hazar sammitine taýýarlyk meselelerini maslahatlaşdy
08.06.22 - 23:43Duşenbe güni Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklary Türkmenistanyň Prezidentiniň RF saparynyň meselelerini maslahatlaşdylar
08.06.22 - 23:28Duşenbe güni Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Onuň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Prezidenti S.Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyrjak resmi sapary bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň birinji orunbasaryny kabul etdi
07.06.22 - 20:426-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça toparynyň başlygy hanym Amina Mohammedi kabul etdi.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
07.06.22 - 20:32Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy.

Bäş aýyň jemlerine garaldy
07.06.22 - 20:216-nji iýunda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň ýanwar-maý aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi. Onda 4-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň halk hojalygynyň pudaklarynda şu ýylyň bäş aýynda alnyp barlan işleriň netijelerine bagyşlap geçiren Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisinde nebitgaz toplumynyň öňünde goýan wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň kärhanalary bäş aý boýunça önümçilik meýilnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler
07.06.22 - 20:15Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen şenbe güni Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň bilelikdäki giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň bäş aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň jemi jemlenildi hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.