Habarlar
162997b43ee441.jpeg
Arkadagly hajy Serdarymyz ýaşulular hem-de kümüş saçly eneler bilen bilelikde haj parzyny berjaý etdi
03.06.22 - 08:08

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mukaddes Mekge şäherine umra hajyna barýan ähli zyýaratçylaryň berjaý etmeli dessurlaryny ýerine ýetirip 2-nji iýunda Saud Arabystany Patyşalygyna saparynyň çäklerinde Medine şäherine bardy.


16299660f8ce91.jpeg
Ýurdumyzyň çagalar sagaldyş merkezlerinde tomusky dynç alyş möwsümi başlandy
03.06.22 - 06:38

2-nji iýunda paýtagtymyzdaky Çagalar we ýetginjekler köşgüniň öňündäki meýdançada mekdep okuwçylaryny Köpetdagyň ajaýyp künjeginde ýerleşýän özboluşly tebigy şypahana bolan Gökderä ugratmak dabarasy geçirildi.


16298f23e89d71.jpeg
Gaýtadan ulanyşa girizilýän guýular «gara altynyň» goşmaça tonnalaryny berýär
02.06.22 - 22:24

Şu günlerde «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestiniň guýulary düýpli abatlamak boýunça müdirligi iş depginini barha artdyrýar. Muňa öndürijiligini peselden ýa-da asla bes eden guýulary abatlamak we ulanyşa girizmek boýunça şu ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri hem şaýatlyk edýär.


16298f1034d9ec.jpeg
Ýewropanyň täze çäklendirmeleriniň mümkinliginiň çäginde nebit gymmatlaýar, Brent-iň bahasy 123 dollardan geçdi
02.06.22 - 22:18

Ýewropa Bileleşigi ýurtlarynyň liderleriniň rus nebitine bölekleýin gadaganlyk girizmek hakynda ylalaşandyklary baradaky habardan soň, sişenbe güni nebitiň bahalary ýokarlanýar diýip, Interfaks habar berýär.


16298d54de2034.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow ähli welaýatlardan we Aşgabat şäherinden hormatly ýaşulular, kümüş saçly eneler bilen umra hajyny berjaý etdi
02.06.22 - 20:20

1-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň umra hajy däp-dessurlaryny berjaý etdi. Arkadagly Serdarymyz bilen bir uçarda, keramatly topraga zyýarat etmek üçin ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we Aşgabat şäherine wekilçilik edýän hormatly ýaşulularyň, kümüş saçly eneleriň hem gidendigini bellemeli.


16297578385bb1.jpeg
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgüne baryp gördi
01.06.22 - 17:11

Däp bolşy ýaly, 1-nji iýunda Türkmenistan dünýä jemgyýetçiligi bilen bilelikde Çagalary goramagyň halkara gününi belleýär. Bu ajaýyp senäniň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Döwletliler köşgüne bardy we şol ýerde baýramçylyk çäresine gatnaşdy.


16296dac7c8a72.jpeg
Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň çagalaryny hem-de halkyny Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlady
01.06.22 - 08:19

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň çagalaryny hem-de halkyny Çagalary goramagyň halkara güni bilen gutlady.


16296d6dadd571.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
01.06.22 - 08:02

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Prezidenti Žair Bolsonaruwa ýurduň Pernambuku ştatynda güýçli ýagyşlar sebäpli emele gelen suw joşmalarynyň, süýşgünleriň köp sanly adam pidalaryna, şikes ýetmelere hem-de uly möçberli weýrançylyklara getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.


16295753c40cf3.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä belledi we wezipeden boşatdy hem-de olara hünär derejelerini berdi
31.05.22 - 06:54

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň kazyýetleriniň kazylaryny wezipä belledi we wezipeden boşatdy hem-de olara hünär derejelerini berdi.


162956fdd795a4.jpeg
Tähranda Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitine taýýarlyk meseleleri maslahatlaşdy
31.05.22 - 06:31

Geçen hepdede Tähranda geçirilen Hazar deňziniň meseleleri boýunça ýokary derejedäki iş toparynyň dördünji mejlisinde Türkmenistanda geçirilmegi meýilleşdirilýän altyjy Hazar sammitine taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy. Bu barada şenbe güni Gazagystanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.


162956f3426bfc.jpeg
Maryda geçirilen halkara maslahatynda TOPH taslamasynyň wekilleri onuň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdylar
31.05.22 - 06:28

Geçen anna güni Maryda Maryda TOPH (Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan) gaz geçirijisiniň gurluşygynyň meselelerine we taslamanyň sebitiň durmuş-ykdysady ösüşine edýän täsirine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi – diýip, ORIENT çäräni gurnaýjylara salgylanyp habar berýär.


16295097c949ca.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
30.05.22 - 23:14

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.


16294374c4392a.jpeg
Gahryman Arkadagymyz Ahal welaýatynyň täze edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
30.05.22 - 08:17

28-nji maýda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Gahryman Arkadagymyz bu ýerde bolmagynyň çäklerinde Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de bu iri taslamanyň amala aşyrylyşynyň depginlerini ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly meselelere bagyşlanan ilkinji iş maslahatyny geçirdi.


16293888f627f8.jpeg
Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýat onkologiýa hassahanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
29.05.22 - 19:51

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Daşoguz welaýat onkologiýa hassahanasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.


162937b55d730e.jpeg
Hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
29.05.22 - 18:55

27-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow 450 orunlyk Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.