
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady
18.05.22 - 14:37Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysyny kabul etdi
18.05.22 - 13:5517-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň “Wozroždeniýe” taslama-gurluşyk kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy Igor Bukatony kabul etdi.

Döwletgeldi AKMÄMMEDOW, «Nebit-gaz» gazetiniň korrektory, şahyr:
18.05.22 - 11:12— «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň girişinde Gahryman Arkadagymyz diňe bir geçilen ýol we edilen işler barada oýlanmak bilen çäklenmän, eýsem, durmuşda mundan beýläk-de nämeleri etmelidigi barada pikirlenmegiň her bir adamyň borjudygyny aýratyn nygtaýar. Bu bolsa, her bir adam üçin örän möhümdir.

Güller ORAZOWA, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň Türkmenistanyň geologiýa gaznasynyň esasy hünärmeni:
18.05.22 - 10:59— Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow halkymyza «Ömrümiň manysy» atly kitabyny sowgat etdi, täze eser uly jemgyýetçilik seslenmesine eýe boldy hem-de ýurdumyzyň giň okyjylar köpçüliginde gyzyklanma döretdi.

Atda ATDAÝEW, «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazgeofizika» müdirliginiň başlygynyň w.w.ý.ý:
18.05.22 - 10:44— Biz Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Ömrümiň manysy» atly kitabynyň çapdan çykanlygy baradaky hoş habary guwanç bilen kabul etdik. Täze eseriň «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda neşir edilmeginiň çuň manysy bar, çünki bu döwürde ýurdumyz taryhy ösüşiniň täze tapgyryna gadam basdy.

Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” kitaby rus dilinde neşir edildi
18.05.22 - 09:5817-nji maýda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň maslahatlar zalynda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Ömrümiň manysy” atly kitabynyň rus dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 30 ýyllygy we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli maslahat geçirildi
18.05.22 - 08:5117-nji maýda, ýurdumyzyň iň täze taryhynda şanly seneleriň öňýanynda paýtagtymyzda “Türkmenistanyň Konstitusiýasyna 30 ýyl: täze taryhy eýýäm we kanunçykaryjylyk işiniň häzirki zaman tejribesi” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewi doglan güni bilen gutlady
17.05.22 - 19:59Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
17.05.22 - 19:37Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 48-si hasaba alyndy.

Nebitgaz toplumynyň düzümlerine sanly ulgam ornaşdyrylýar
17.05.22 - 15:19Prezident Serdar Berdimuhamedowyň anna güni geçiren sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanda sanly ulgamy ornaşdyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşdyldy. Döwlet Baştutany bu babatda wise-premýerleriň hasabatlaryny diňledi we bu ugurda amala aşyrylan işlere baha berdi.

ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi wodorod energetikasynyň geljegini maslahatlaşmak boýunça çäre gurady
17.05.22 - 15:11ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi Türkmenistanda «ýaşyl» wodorod energetikasyny ösdürmek boýunça Ýol kartasynyň synag taslamasyny maslahatlaşmak üçin tegelek stol görnüşinde onlaýn çäre gurady diýip, ORIENT agentligi habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidentini gutlady
16.05.22 - 23:56Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şeýh Mohammed Bin Zaýed Al Nahaýýana Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Uzynadada tebigy gazyň we nebit-kondensatynyň senagat akymyny alyndy
16.05.22 - 17:09Türkmenistanyň Konstitusyýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň baýramçylygynyň öň ýanynda “Türkmennebit” döwlet konserniniň “Nebitgazburawlaýyş” trestiniň “Ekerem” buraw işleri müdirliginiň buraw başlygy Röwşen Garaýewiň we buraw ussasy Öwez Gurbanowyň ýolbaşçylyk edýän burawlaýjylar topary Uzynada känindäki taslama çuňlugy 6750 metr bolan 77-nji guýynyň gazuw işlerini üstünlikli tamamlap bu guýynyň 6692-6706 metr çuňlugyndan tebigy gazyň we nebit-kondensatynyň senagat akymyny aldylar.

Türkmenistanyň wekilçilikli topary BAE-niň Prezidentiniň hatyra çärelerine gatnaşdy
15.05.22 - 09:3914-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Türkmenistanyň hormatly il ýaşulusy, Hajy Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar Birleşen Arap Emirliklerine ugrady. Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygyndaky topar BAE-niň Prezidenti Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň biwagt aradan çykmagy zerarly geçirilýän hatyra çärelerine gatnaşdy.

Aşgabatda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň dialogy geçirildi
14.05.22 - 19:4413-nji maýda paýtagtymyzda Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýanyň zenanlarynyň «Jemgyýetçilik-syýasy we durmuş-ykdysady ösüşde zenanlaryň orny» atly dialogy geçirildi. Oňa sebitiň bäş ýurdunyň hem-de Russiýanyň wekilleri, Birleşen Milletler Guramasynyň sebit düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar.