Habarlar
1627609b023d31.jpeg
Hormatly Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow “Arçman” şypahanasynda dynç alýanlar hem-de şypahananyň işgärleri bilen görüşdi
07.05.22 - 10:54

6-njy maýda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Bäherden etrabyndaky “Arçman” şypahanasynda bolup, bu ýerde halkymyzyň saglygyny berkitmek boýunça alnyp barylýan işler hem-de döredilen şertler bilen tanyşdy.


16275fbe2abbc2.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
07.05.22 - 09:56

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.


16275ea73c3919.jpeg
Türkmenistanda uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgeriň ýanýoldaşyna pul hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşurylar
07.05.22 - 08:41

1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 77 ýyllygy mynasybetli uruş weteranlaryna, şeýle hem uruşda wepat bolan esgeriň ýanýoldaşyna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan 200 manat möçberde pul sowgadyny hem-de gymmat bahaly sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşurmaga borçly edildi.


162750970591c4.jpeg
Türkmenistanyň Baş prokuraturasy korrupsiýa hem-de parahorluk bilen bagly jenaýat işlerini derňedi
06.05.22 - 16:41

5-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Baş prokuror B.Atdaýew Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginde korrupsiýa hem-de parahorluk bilen bagly ýol berlen jenaýat işleri boýunça geçirilen derňewleriň netijeleri barada hasabat berdi.


16274fd1432aa8.jpeg
Harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy
06.05.22 - 15:48

5-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralar tarapyndan şu ýylyň dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy hem-de olaryň işiniň ýakyn geljek üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.


16274bfbfbacf8.jpeg
Gurbanguly Berdimuhamedow “Awazada” tomus möwsümine görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşdy
06.05.22 - 11:27

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow ýakynlaşyp gelýän tomus möwsümine görülýän taýýarlyk işleri bilen ýerinde tanyşmak üçin deňizýaka sebite saparynyň çäklerinde 5-nji maýda Hazaryň ekologik taýdan arassa kenarynda ýerleşen “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyna baryp gördi.


162738c3c273c1.jpeg
Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on sekizinji maslahaty geçirildi
05.05.22 - 13:35

4-nji maýda sanly ulgam arkaly Milli Geňeşiň Mejlisiniň altynjy çagyrylyşynyň on sekizinji maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna hem-de ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmak boýunça toplumlaýyn maksatnamalara laýyklykda işlenip taýýarlanylan kanunlaryň taslamalarynyň birnäçesine garaldy we olar kabul edildi.


16272b9dec1430.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti: nebitgaz toplumyna bölünip berlen maýa goýumlaryny özleşdirmek işini güýçlendirmeli
04.05.22 - 22:37

Geçen hepdäniň anna güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy, käbir beýleki meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şol sanda uglewodorod çig malynyň önümçiligini artdyrmak maksady bilen nebitgaz pudagyna goýlan maýa goýumlaryny özleşdirmek işini güýçlendirmek meselesine garaldy.


1627241bca04dd.jpeg
Serdar Berdimuhamedow bilen Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
04.05.22 - 14:05

3-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


162723b6d518da.jpeg
Serdar Berdimuhamedowyň we Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy
04.05.22 - 13:38

3-nji maýda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


16272144b785ef.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Ahal, Daşoguz we Mary welaýatlarynyň häkimlerine käýinç yglan etdi.
04.05.22 - 10:51

Türkmenistanyň Prezidenti Ahal, Daşoguz we Mary welaýatlarynyň häkimlerine käýinç yglan etdi.


16270e9d5bc419.jpeg
Gahryman Arkadagymyz agtyklary bilen “Aşgabat” söwda we dynç alyş, işewürlik merkezine bardy
03.05.22 - 13:37

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Oraza baýramynyň giňden bellenilýän gününde agtyklary bilen “Aşgabat” söwda we dynç alyş, işewürlik merkezine bardy. Hormatly Arkadagymyz agtyklary bilen söwda we dynç alyş merkeziniň dükanlaryna aýlanyp, bu ýerde söwda etmek, şeýle-de çagalar bilen wagtyňy gyzykly we peýdaly geçirmek, dabaraly çäreleri guramak üçin döredilen ýokary derejeli mümkinçilikler bilen tanyşdy.


16270e235bd39f.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
03.05.22 - 13:05

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 53-si hasaba alyndy.


16270112f16cdd.jpeg
Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysy” atly täze kitaby çapdan çykdy
02.05.22 - 22:13

Milli Liderimiziň bir aýlyk dynç alşynda tamamlan «Ömrümiň manysy» atly edebi-filosofik eseri halkymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda nesilden-nesle geçip gelýän milli ruhy-ahlak gymmatlyklarynyň özboluşly jemlenmesi boldy.


1626ea1f87bb50.jpeg
Türkmenistanda polipropilen skoçlarynyň täze görnüşleriniň önümçiligi ýola goýuldy
01.05.22 - 20:06

«Berk önüm» hususy kärhanasy «BANT» haryt nyşanly gatlakly skoçlaryň görnüşlerini artdyrýar. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň metbugat merkezi habar berýär.