Habarlar
1621516ddad5fa.jpeg
Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak dowam edýär
22.02.22 - 22:01

21-nji fewralda Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maslahatlar zalynda Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň nobatdan daşary III gurultaýy geçirildi. Onuň gün tertibine Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgäri hödürlemek meselesi girizildi. Gurultaýa ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we beýleki düzümleriň wekilleri gatnaşdylar.


162150ec90800a.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Saud Arabystanynyň Patyşasyny ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady
22.02.22 - 21:26

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Saud Arabystanynyň Patyşasy Salman ben Abdelaziz Al Sauda we ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykýan gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.


16215081576c68.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
22.02.22 - 20:58

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 72-si hasaba alyndy.


162135cb6dd337.jpeg
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sport awtoulagynda Garagum sährasyna gezelenji amala aşyrdy
21.02.22 - 14:33

Dynç güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Garagum sährasynyň giňişliklerinde sport ulagynda menzil aşdy.


162121f89c8317.jpeg
Prezident Türkmenistanyň diplomatlaryny energetika we beýleki ulgamlarda iri halkara taslamalary durmuşa geçirmäge ýardam etmäge çagyrdy
20.02.22 - 16:01

Anna güni Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerini hünär baýramçylygy bilen gutlady. Her ýylyň 18-nji fewralynda bellenilip geçilýän baýramçylyk mynasybetli iberen gutlagynda döwlet Baştutany «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň milli bähbitlerini halkara gatnaşyklar ulgamynda mynasyp üpjün edýän we goraýan ýurdumyzyň diplomatik gullugynyň işgärleri öňde goýlan belent wezipeleri talabalaýyk ýerine ýetirmek ugrunda ýadawsyz we döredijilikli zähmet çekýärler» diýip belleýär.


162120e3d1ebfc.jpeg
MST Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek boýunça 6 sany teklipçi topary bellige aldy
20.02.22 - 14:47

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça Merkezi topar 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlary boýunça dalaşgärleri hödürleýän alty sany teklipçi topary bellige aldy diýip, guramanyň saýty habar berýär.


16211fcacc48f4.jpeg
Döwlet Baştutanymyzyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy
20.02.22 - 13:32

19-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.


16214a822cab97.jpeg
Demokratiýanyň milli nusgasy dabaralanýar
20.02.22 - 11:47

Ýurdumyzyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda ,,Halk Maslahaty – demokratiýanyň milli nusgasy’’ atly maslahat geçirildi.


1621095a3b2bcc.jpeg
Balkan we Lebap welaýatlarynda iň ýokary döwlet wezipesine has mynasyp dalaşgärler hödürlenildi
19.02.22 - 12:00

12-nji martda boljak möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka — Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna taýýarlygyň çäklerinde 18-nji fewralda Balkan we Lebap welaýatlarynda raýatlaryň teklipçi toparlarynyň ýygnaklary geçirildi. Olaryň dowamynda iň ýokary döwlet wezipesine has mynasyp dalaşgärler hödürlenildi.


162108fb3590ae.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglanyldy
19.02.22 - 11:35

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedowy «Türkmenistanyň ussat diplomaty» diýen tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak hakynda.


1621088065756b.jpeg
Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli maslahat
19.02.22 - 11:02

18-nji fewralda Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanyp, «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ylmy maslahat geçirildi.


1621081970b74b.jpeg
Hormatly Prezidentimiz ýokary tizlikli Aşgabat — Türkmenabat awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna badalga berdi
19.02.22 - 10:35

17-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, şäher düzümini mundan beýläk-de ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň barşy hem-de Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtobanynyň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygynyň başlanmagy bilen baglanyşykly alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy.


1620fea53bb905.jpeg
Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerine
18.02.22 - 23:49

Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärlerine.


1620f587d9ae20.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidentini ikitaraplaýyn diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen gutlady
18.02.22 - 13:27

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Seýed Ebrahim Raisä hem-de ýurduň ähli halkyna Türkmenistan bilen Eýran Yslam Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady.


1620e462281685.jpeg
2021-nji ýylda Türkmenistanyň Gruziýa nebit we nebit önümleriniň eksportyndan girdejisi 191 mln dollardan geçdi
17.02.22 - 17:57

2021-nji ýylyň jemleri boýunça Türkmenistanyň Gruziýa nebit we nebit önümleriniň eksporty 191,8 million dollara barabar boldy, bu 2020-nji ýyl bilen deňeşdirilende 186,2% artykdyr. Bu barada Trend agentligi Gruziýanyň Milli statistika müdirligine salgylanyp habar berýär.