
Ýewropada gazyň bahalary ýylyň başyndan bäri iň ýokary derejesine çykdy
05.03.22 - 17:32Çarşenbe güni gündiz Ýewropada gazyň spotlaýyn bajalary sişenbe güni söwdalaryň ýapylýan wagty bilen deňeşdirilende, 29% ýokarlandy diýip, Interfaks habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysyny kabul etdi
04.03.22 - 10:213-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa Germany kabul etdi.

BMG-niň Baş sekretaryniň Türkmenistanyň Prezidentine iberen Gutlagy
04.03.22 - 09:49BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň Türkmenistanyň bu guramanyň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy mynasybetli hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen Gutlagy.

Ýurdumyzyň BMG agza bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli paýtagtymyzda çäreler geçirildi
04.03.22 - 09:263-nji martda paýtagtymyzda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasyna agza bolmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli çäreler geçirildi. Olar Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň netijeliligini nobatdaky gezek subut etdi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy
03.03.22 - 09:182-nji martda Saýlaw kodeksine laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy.

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş sekretary Antoniu Gutterişe hat ýollady
03.03.22 - 09:05Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş sekretary Antoniu Gutterişe hat ýollady.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň agzalary bilen duşuşdy
02.03.22 - 19:351-nji martda Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň agzalary we Mejlisiň deputatlary bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda parlamentarileriň öňünde durýan möhüm wezipeler kesgitlendi we onuň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Tertipnamasy tassyklanyldy
02.03.22 - 18:57Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň Tertipnamasy tassyklanyldy.

Zenanlaryň baýramy mynasybetli halkara maslahat we sergi
02.03.22 - 18:291-nji martda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça “Bagtyýarlyk baharynyň şekillendiriş sungatyndaky waspy” atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Ol Halkara zenanlar gününe bagyşlandy.

Türkmenistanda GDA-nyň Synçylar wekilligi öz işine başlady
02.03.22 - 12:46Türkmenistanda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Synçylar wekilligi öz işine başlady. Onuň agzalary Türkmenistanyň Prezidentiniň 12-nji martda geçiriljek saýlawlary bilen baglylykda, türkmen tarapynyň çagyrmagy boýunça paýtagtymyza geldi.

Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumynda Gahryman Arkadagymyzyň täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy boldy
02.03.22 - 10:18“Halkyň Arkadagly zamanasy” şygary astynda geçýän ýylyň bahar paslynyň ilkinji gününde nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen halkyna sowgat eden «Abadançylygyň röwşen gadamlary» atly täze kitabynyň tanyşdyryş dabarasy geçirildi.

Mart aýynda Aşgabatda we Dubaýda nebitgaz maýa goýum forumy geçiriler
28.02.22 - 23:2829-30-njy martda Aşgabatda we Dubaýda «Türkmenistanyň nebiti we gazy» halkara maýa goýum forumy geçiriler. Bu barada Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi.

Türkmenistanyň we Türkiýäniň Prezidenti telefon arkaly söhbetdeşlikde döwletara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar
28.02.22 - 22:50Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde köpugurly döwletara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
28.02.22 - 17:21Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 20-si hasaba alyndy.

Türkmenistan «Ýewropa Bileleşigi — MA» ýurtlarynyň Owganystan boýunça maslahatyna gatnaşdy
28.02.22 - 13:43Türkmenistanyň Özbegistandaky ilçisi Ýazguly Mämmedow Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde çarşenbe güni geçirilen Ýewropa Bileleşiginiň (ÝB) we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystandaky ýörite wekilleriniň hem-de ilçileriniň duşuşygynda türkmen wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi. Bu barada Özbegistanyň habar beriş serişdeleri habar berýär.