
Türkmenistanyň Prezidentiniň we “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň ýolbaşçysynyň telefon arkaly söhbetdeşligi
26.02.22 - 15:1524-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Bütindünýä Söwda Guramasy Türkmenistanyň bu düzüme goşulmagynyň möhüm tapgyryny tassyklady
26.02.22 - 14:402022-nji ýylyň 23-nji fewralynda Bütindünýä Söwda Guramasynyň merkezi edarasy ýerleşýän Ženewa şäherinde BSG-niň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň bu gurama goşulmak baradaky ýüztutmasyna garaldy.

Türkmenistanda azyk senagatynda buýan köküni ulanmagyň tehnologiýasy işlenilip taýýarlanyldy
25.02.22 - 18:19Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanasynda azyk önümlerini taýýarlamakda buýan köküni ulanmagyň tehnologiýasy işlenilip taýýarlanyldy. Glisirrizin turşusy bilen baýlaşdyrylan ilkinji önüm iň köp isleg bildirilýän hem-de her gün iýmit hökmünde ulanylýan azyk harydy bolan çörek boldy. Hünärmenler şeýle hem bu serişdäni «Berzeňňi» mineral suwuna goşmagy meýilleşdirýärler.

Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
24.02.22 - 20:2723-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de edebi döredijilik bilen meşgullandy.

Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary
24.02.22 - 19:52Saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyry — Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär. Dalaşgärler ýurdumyzyň welaýatlaryna baryp, wagyz işlerini geçirmek üçin, Saýlaw kodeksine laýyklykda, özlerine berlen deň hukuklardan we mümkinçiliklerden peýdalanýarlar hem-de saýlawçylaryň öňünde çykyş edýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti Estoniýa Respublikasynyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
24.02.22 - 19:35Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti Alar Karisi hem-de ýurduň halkyny Estoniýa Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen gutlady.

Türkmenistanyň Prezidentiniň we Tatarystanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
23.02.22 - 22:0722-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Türkmenistanda iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleri bellige almak çäresi tamamlandy
23.02.22 - 21:3322-nji fewralda paýtagtymyzda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy we agzalary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesine dalaşgärler bilen saýlawçylaryň duşuşyklary
23.02.22 - 20:3422-nji fewralda irden Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Agrar partiýasyndan iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärlige hödürlenen Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowyň saýlawçylar bilen duşuşygy boldy.

«Gubadagetrapgaz» hojalyk kärhanasy Daşoguz welaýatynyň sarp edijilerini gaz bilen bökdençsiz üpjün edýär
23.02.22 - 20:01«Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň «Gubadagetrapgaz» gaz hojalyk kärhanasynyň gazçylary «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygar astynda geçýän ýylda gaz paýlaýjy desgalaryna ýokary hilli ideg etmegi, Daşoguz welaýatynyň ilatly nokatlary, senagat, oba hojalyk we jemagat-hojalyk kärhanalaryny tebigy gaz bilen bökdençsiz üpjün etmegi dowam edýärler.

Türkmenistanda nebiti gaýtadan işleýän senagaty ösdürmegiň Konseptual strategiýasynyň tehniki-ykdysady esaslandyrmasy işlenip düzülýär
23.02.22 - 19:52Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni geçiren giňişleýin Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow ýangyç-energetika toplumyndaky işleriň ýagdaýy hem-de nebiti gaýtadan işleýän senagaty kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler we ugurdaş, uzak möhletli iş meýilnamalarynyň taýýarlanylyşy barada hasabat berdi.

Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory wezipesine Azat Hydyrow bellenildi
23.02.22 - 14:59Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynyň direktory bellenildi

Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň häkiminiň orunbasary bellenildi
23.02.22 - 14:04Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Kuwwat Italmazowiç Seýidow Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesine bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Ýaponiýanyň Imperatoryny gutlady
23.02.22 - 13:51Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito Ýaponiýanyň milli baýramy hem-de Onuň Alyhezretiniň doglan güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Daşoguzda Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi
22.02.22 - 23:2421-nji fewralda Daşoguz welaýatynyň häkimliginiň mejlisler zalynda Demokratik partiýa tarapyndan Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär görkezilen Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow bilen saýlawçylaryň duşuşygy geçirildi.