Habarlar
1621c8428e7168.jpeg
Russiýanyň we Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçylary Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitiniň gün tertibini maslahatlaşdylar
28.02.22 - 13:13

22-nji fewralda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow Russiýa Federasiýasyna resmi saparynyň çäklerinde rus kärdeşli Sergeý Lawrow bilen 2022-nji ýylda Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitiniö gün tertibini maslahatlaşdylar.


1621c63d941a72.jpeg
Ýurdumyzda Prezident saýlawlaryna uly gyzyklanma bildirilýär
28.02.22 - 10:55

«Halkyň Arkadagly zamanasy» diýlip yglan edilen ýylyň ilkinji aýlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlary boýunça möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre açyklyk, aýdyňlyk, demokratik we giň bäsdeşlik esasynda geçirilýär. Häzirki wagtda onuň birinji tapgyry — ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleri hödürlemek we bellige almak tamamlandy.


1621b43521d214.jpeg
Türkmenistan 2025-nji ýyla çenli temmäkiden azat ýurda öwrüler
27.02.22 - 14:24

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistany temmäkiden azat ýurda öwürmek boýunça 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama we ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.


1621b384c0c1e5.jpeg
1 — 6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak bellenildi
27.02.22 - 13:33

2022-nji ýylyň 1 — 6-njy marty aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Halkara zenanlar güni mynasybetli 60 (altmyş) manat möçberde pul sowgatlaryny dabaraly ýagdaýda gowşurmak bellenildi.


1621a792d8d074.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana doglan güni mynasybetli gutlaglaryny iberdi
26.02.22 - 23:44

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana doglan güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.


1621a697e117aa.jpeg
Ýylyň şygaryna hem-de Türkmenistanyň ösüşi bilen baglanyşyklykda, dünýä jemgyýetçiliginde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähmiýetine bagyşlanan halkara mediaforum
26.02.22 - 22:55

25-nji fewralda paýtagtymyzda «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygaryna hem-de Türkmenistanyň ösüşi bilen baglanyşyklykda, dünýä jemgyýetçiliginde köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ähmiýetine bagyşlanan onlaýn görnüşde halkara mediaforum geçirildi.


1621a60580a090.jpeg
BSGG-niň ýörite nyşany Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna berlen ýokary bahadyr
26.02.22 - 22:16

24-nji fewralda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginde saglygy goraýyş we durmuş hyzmatlary boýunça işgärlere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de üstünlikli amala aşyrylýan “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde çekýän tutanýerli zähmetine hem-de ýurdumyzyň ilatynyň saglygyny, abadançylygyny goramaga goşan uly goşantlaryna hormat hökmünde BSGG-niň ýörite nyşanynyň gowşurylmagy mynasybetli dabaraly ýygnak geçirildi.


16219fdb3c6b63.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň we “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň ýolbaşçysynyň telefon arkaly söhbetdeşligi
26.02.22 - 15:15

24-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen “Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


16219f597b967f.jpeg
Bütindünýä Söwda Guramasy Türkmenistanyň bu düzüme goşulmagynyň möhüm tapgyryny tassyklady
26.02.22 - 14:40

2022-nji ýylyň 23-nji fewralynda Bütindünýä Söwda Guramasynyň merkezi edarasy ýerleşýän Ženewa şäherinde BSG-niň Baş geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Türkmenistanyň bu gurama goşulmak baradaky ýüztutmasyna garaldy.


16218d74e17748.jpeg
Türkmenistanda azyk senagatynda buýan köküni ulanmagyň tehnologiýasy işlenilip taýýarlanyldy
25.02.22 - 18:19

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanasynda azyk önümlerini taýýarlamakda buýan köküni ulanmagyň tehnologiýasy işlenilip taýýarlanyldy. Glisirrizin turşusy bilen baýlaşdyrylan ilkinji önüm iň köp isleg bildirilýän hem-de her gün iýmit hökmünde ulanylýan azyk harydy bolan çörek boldy. Hünärmenler şeýle hem bu serişdäni «Berzeňňi» mineral suwuna goşmagy meýilleşdirýärler.


16217a3ed5d726.jpeg
Milli Liderimiz Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna bardy
24.02.22 - 20:27

23-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, bu ýerde behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de edebi döredijilik bilen meşgullandy.


162179bbe6432f.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary
24.02.22 - 19:52

Saýlaw möwsüminiň möhüm tapgyry — Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär. Dalaşgärler ýurdumyzyň welaýatlaryna baryp, wagyz işlerini geçirmek üçin, Saýlaw kodeksine laýyklykda, özlerine berlen deň hukuklardan we mümkinçiliklerden peýdalanýarlar hem-de saýlawçylaryň öňünde çykyş edýärler.


1621797af3b5ff.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Estoniýa Respublikasynyň Prezidentini ýurduň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady
24.02.22 - 19:35

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti Alar Karisi hem-de ýurduň halkyny Estoniýa Respublikasynyň milli baýramy — Garaşsyzlyk güni bilen gutlady.


1621669e8494a5.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Tatarystanyň Prezidentiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik
23.02.22 - 22:07

22-nji fewralda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


1621661ea22054.jpeg
Türkmenistanda iň ýokary döwlet wezipesine dalaşgärleri bellige almak çäresi tamamlandy
23.02.22 - 21:33

22-nji fewralda paýtagtymyzda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa merkezi saýlaw toparynyň ýolbaşçysy we agzalary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.