
Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň ХХ ýubileý mejlisine gatnaşdy
26.11.21 - 22:1525-nji noýabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň ХХ ýubileý mejlisine gatnaşdy. Onuň barşynda ŞHG-niň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmek meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzyň Merkezi banky YHG-nyň döwlet Baştutanlarynyň XV sammiti mynasybetli altyn we kümüş şaýy pullary çykardy
26.11.21 - 20:19Ýurdumyzyň Merkezi banky şu ýylyň 28-nji noýabrynda — YHG-nyň gününde Aşgabatda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Baştutanlarynyň XV sammitiniň geçirilmegi mynasybetli, her biriniň gymmaty 100 manada deň bolan altyn we kümüş şaýy pullary çykardy.

«Demokratiýa we hukuk» atly ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy
26.11.21 - 19:08Türkmenistanyň Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty tarapyndan çärýekde bir gezek türkmen, iňlis hem-de rus dillerinde neşir edilýän «Demokratiýa we hukuk» atly ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky sany çapdan çykdy. Ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 25-nji sentýabrynda Halk Maslahatynyň mejlisinde eden çykyşy bilen açylýar.

Gurluşyk işleri giň gerim alýar
26.11.21 - 10:09Dürli kysymly tehnikalaryň sanynyň ýyl-ýyldan artýan şertlerinde olary ýangyçdyr çalgy ýaglary bilen bökdençsiz üpjün etmek möhüm meseleleriň birine öwrülýär. Ýurdumyzda bu meseläni üstünlikli çözmek maksady bilen köptaraply işler alnyp barylýar. Kabul edilen maksatnamalaryň çäklerinde ýerlerdäki nebit önümleri kärhanalarynyň durky täzelenilýär, şeýle-de täze ýangyç guýýan beketler gurulýar.

Ýangyç-energetika toplumynda alnyp barylýan işleriň netijeleri, pudagyň ykdysady ýagdaýyna degişli meseleler boýunça maslahat geçirildi
25.11.21 - 10:1124-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň ýangyç-energetika hem-de ykdysadyýet we maliýe toplumlaryna degişli meseleler boýunça iş maslahatyny geçirdi. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, ugurdaş düzümleriň käbir ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň bäşinji mejlisi geçirildi
24.11.21 - 14:07Duşenbe güni, 22-nji noýabrda Komitetiň türkmen böleginiň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň hem-de Komitetiň hytaý böleginiň başlygy, HKP-nyň MK-niň Syýasy býurosynyň Hemişelik toparynyň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň Wise-premýeri Han Çženiň ýolbaşçylygynda Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň bäşinji mejlisi geçirildi.

Türkmenistan «ÝB-Merkezi Aziýa» formatynyň çäginde hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek boýunça başlangyçlar bilen çykyş etdi
24.11.21 - 13:3922-nji noýabrda Duşanbe şäherinde «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» formatynda Merkezi Aziýa hem-de Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlarynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň nobatdaky duşuşygy geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär. Mejlise Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti gatnaşdy.

A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatr iki uýanyň gatnaşyklary barada oýun goýdy
23.11.21 - 15:47A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda bu spektaklyň döreýşi üýtgeşik. Bir gezek aktrisa Sofýa Stepanýans režisýor Natalýa Laukerte Andreý Wasilýewiň «Uýalar» pýesasyny okap görmegi teklip etdi, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.

Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý komitetiniň nobatdaky mejlisi
23.11.21 - 13:1222-nji noýabrda Hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-hytaý komitetiniň türkmen tarapynyň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň hem-de hytaý tarapynyň başlygy, HKP MK-nyň Syýasy býurosynyň hemişelik toparynyň agzasy, Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Han Çženiň ýolbaşçylygynda sanly ulgam arkaly komitetiň 5-nji mejlisi geçirildi.

Gaz senagatyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy
22.11.21 - 18:54Geçen anna güni Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanowyň we HHR-iň energetika boýunça döwlet müdirliginiň başlygy Çžan Szýanhuwanyň ýolbaşçylygynda ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlyk etmek boýunça Türkmen-hytaý hökümetara topary bilen onlaýn maslahaty geçirildi. Duşuşyga iki dostlukly döwletiň ýangyç-energetika toplumynyň jogapkär işgärleri gatnaşdy.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
22.11.21 - 18:39Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 37-si hasaba alyndy.

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesine bardy
22.11.21 - 17:5920-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adaty endigine eýerip, säher bilen irki bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi hem-de paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesinde bolup, egindeşleri bilen sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullandy.

«Gerçek» aýakgap önümçiligini ösdürýär
21.11.21 - 10:02Erkek, zenan, çaga aýakgaplarynyň, şeýle hem lukmançylyk edaralary üçin aýakgaplaryň bahar, tomus, güýz we gyş görnüşlerini tikmek bilen meşgullanýan «Gerçek» hususy kärhanasy önüminiň möçberini artdyrdy, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.

Batyrgaý we mähirli Aladdin A.S.Puşkin adyndaky teatryň sahnasynda
21.11.21 - 08:09A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynyň döredijilik topary ýaş režisýor Baýram Garajaýew bilen ýaş tomaşaçylara gowy sowgat taýýarladylar. Olar M.S. Neprýahiniň pýesasy boýunça «Alladiniň jadyly çyrasy» atly şadyýan gündogar ertekisini sahnalaşdyrdylar, diýip «Türkmenistan: Altyn asyr» saýty habar berýär.

Türkmenistanyň Baş konsuly Tatarystanda «Tatneftiň» desgalaryna baryp gördi
19.11.21 - 17:32Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsuly Atadurdy Baýramow Tatarystan Respublikasynyň Almetýewsk şäherindäki «Tatneft» jemgyýetçilik paýdarlar jemgyýetiniň desgalaryna baryp gördi diýip, «Tatneftiň» saýty habar berýär.