
Hormatly Prezidentimiz Türkmenbaşy şäherinde iş maslahatyny geçirdi
15.11.21 - 18:2313-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinde bolmagynyň çäklerinde käbir wise-premýerleriň, Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň ýolbaşçysynyň, saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda ýurdumyzy, şol sanda Balkan welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň wajyp meselelerine garaldy.

Hazaryň kenarynda ýedi gatdan ybarat köpugurly hassahananyň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan
15.11.21 - 14:3813-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinde bolmagynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewiň hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň haýyşy boýunça 400 orunlyk köpugurly hassahananyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan gurluşygy bilen tanyşdy.

Ýurdumyzyň oba hojalygynyň öňdebaryjy işgärlerine döwlet sylaglary gowşuryldy
15.11.21 - 08:0213-nji noýabrda paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan kärendeçileri, pagtaçylary, gallaçylary, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri we beýleki hünärmenleri sylaglamak dabarasy boldy.

Hormatly Prezidentimiz Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň sammitine gatnaşdy
14.11.21 - 15:3912-nji noyabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Rejep Taýyp Ärdoganyň çagyrmagy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki geňeş) döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitine gatnaşmak üçin Türkiýe Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitindäki çykyşy
14.11.21 - 15:11Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň döwlet Baştutanlarynyň VIII sammitindäki çykyşy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde täze kabul edilen kanunlara garaldy
14.11.21 - 13:44“Döwlet emlägini ynançly dolandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna döwlet emlägini ynançly dolandyrmaga bermegiň maksatlary, usullary we tertibi kesgitlenildi. Emläk eýesiniň hem-de bu işde ynançly dolandyryjynyň arasynda ýüze çykýan hukuk gatnaşyklaryny düzgünleşdirýän bu resminamanyň möhümdigi bellenildi.

Halk Maslahatynyň agzalary “Türkmenistanyň 2022-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda” Kanuny biragyzdan makulladylar
14.11.21 - 12:1712-nji noýabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň birinji çagyrylyşynyň üçünji mejlisi geçirildi. Onda 30-njy oktýabrda geçirilen Milli Geňeşiň Mejlisiniň 15-nji maslahatynyň barşynda kabul edilen kanunlara garaldy.

Ýurdumyzyň pagtaçylary şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler
13.11.21 - 23:5311-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal, Balkan, Daşoguz, Lebap we Mary welaýatlarynyň häkimlerinden ýurdumyzyň daýhanlarynyň pagta taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri hakyndaky hasabatlary kabul etdi.

Türkmenistan 9 aýda Özbegistana 127 mln litr awtomobil benzinini eksport etdi
13.11.21 - 21:24Türkmenistan 2021-nji ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda Özbegistana 126,8 million litr benzin eksport etdi. Bu barada Özbegistanyň Döwlet statistika komiteti duşenbe güni habar berdi. Umuman, şu ýylyň ilkinji dokuz aýynda Özbegistan 289 million litrden gowrak benzin import etdi. Bu ýangyçlaryň umumy bahasy 104 million ABŞ dollaryna barabar boldy.

Türkmenistan Awstriýanyň kompaniýalaryna gazhimiýa ulgamyndaky taslamalara gatnaşmagy teklip edýär
13.11.21 - 20:19Türkmenistan tebigy gazy has çuňlaşdyryp gaýtadan işlemek üçin täze kuwwatlyklary gurmak boýunça tasllamalary durmuşa geçirmeklige we maliýeleşdirmeklige Awstriýanyň kompaniýalaryny çekmeklige gyzyklanma bildirýär.

Aşgabatda pudaklaýyn halkara onlaýn maslahat geçirilýär
12.11.21 - 13:32Paýtagtymyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň “Türkmentel — 2021” atly XIV halkara onlaýn maslahaty öz işiniň birinji gününi tamamlady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, ony “Türkmenaragatnaşyk” agentligi hem-de Söwda-senagat edarasy guradylar.

Türkmenistanyň we Awstriýanyň Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gepleşikleri geçirildi
12.11.21 - 00:01DIM-niň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Awstriýa Respublikasynyň Ýewropa we halkara işleri boýunça Federal ministri Mihael Linhart bilen duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Balkan welaýatynda möhüm desgalaryň birbada birnäçesiniň açylyş dabarasy boldy
11.11.21 - 23:2110-nji noýabrda Balkan welaýatynda möhüm desgalaryň birbada birnäçesiniň açylyş dabarasy bolup, olar ýurdumyzyň sebitlerini durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň toplumlaýyn maksatnamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň aýdyň subutnamasyna öwrülip, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygyna beslenen ýylda täze gurlan desgalaryň açylyş dabaralarynyň ähmiýetini has-da artdyrdy.

«Türkmenaragatnaşyk» agentligine «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň toruny ösdürmek üçin daşary ýurtlaryň kompaniýalary bilen şertnama baglanyşmaga ygtyýar berildi
11.11.21 - 19:27«Türkmenaragatnaşyk» agentligine «Altyn asyr» öýjükli aragatnaşyk ulgamynyň toruny ösdürmek üçin daşary ýurtlaryň kompaniýalary bilen şertnama baglanyşmaga ygtyýar berildi.

Türkmenistanyň Prezidenti harby we hukuk goraýjy edaralara degişli täze desgalaryň gurluşygynyň barşy hem-de taslamalary bilen tanyşdy
11.11.21 - 16:5210-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow harby we hukuk goraýjy edaralaryň Hojalyk müdirligini döretmek boýunça ozal berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, ol ýerlerde gulluk itlerini saklamak üçin niýetlenen binanyň, şeýle hem bu düzümlere degişli athananyň gurluşyklarynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy.