Habarlar
160f3d9d80353a.jpeg
“COVID-19-a garşy hereket etmek” taslamasy boýunça 20 million amerikan dollary möçberinde alnan karz serişdeleri
18.07.21 - 12:38

Türkmenistanyň Prezidenti “COVID-19-a garşy hereket etmek” taslamasy boýunça Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyna karz almak hakynda” Karara gol çekdi.


160f3c3845ab95.jpeg
Gurban baýramyny bellemek hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
18.07.21 - 11:01

Türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalarymyzdan miras galan milli däp-dessurlarymyzy yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerimizden ugur alyp, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe merdana, ruhubelent halkymyzyň agzybirligini we jebisligini has-da berkitmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda, karar edýärin:


160f28f984748e.jpeg
XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda wekilçilik etjek Türkmenistanyň sport wekiliýetine
17.07.21 - 13:07

Türkmenistanyň sport wekiliýetiniň agzalary! Mähriban türgenler! Size Ýaponiýanyň Tokio şäherinde geçirilýän XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana mynasyp wekilçilik etmegi hem-de eziz Watanymyzyň halkara sport abraýyny täze belent derejelere götermegi tüýs ýürekden arzuw edýärin. Ýoluňyz ak bolsun, mähriban türgenler!


160f28c4d837e5.jpeg
Türkmenistanyň toparyny Olimpiýa oýunlaryna ugradyş dabarasy
17.07.21 - 12:54

Paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesindäki “Sport” myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde geçiriljek XXXII tomusky Olimpiýa oýunlaryna gatnaşýan Türkmenistanyň ýygyndy toparyny ugratmak dabarasy boldy.


160f16a10438a4.jpeg
“Türkmeniň ak öýi” Balkanabatyň täze binagärlik ajaýyplygyna öwrüldi
16.07.21 - 16:23

14 iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýat merkezi Balkanabat şäherinde döwrebap “Türkmeniň ak öýi” binasynyň we 3000 orunlyk sadaka jaýynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.


160f159fd3d13c.jpeg
Hormatly Prezidentimiz Balkan welaýatynyň hassahanalary üçin täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň 10-syny sowgat berdi
16.07.21 - 15:19

Hormatly Prezidentimiz ýakynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan Balkan welaýatyň etraplarynyň we şäherleriniň hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin döwrebap lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň 10-syny sowgat berdi.


160f113afbabe8.jpeg
Jebel şäherçesinde üç ýyldan döwrebap Halkara howa menzili bina ediler
16.07.21 - 10:09

14 iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Balkan welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, Jebel şäherçesinde täze Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.


160ef32ea3ac0c.jpeg
Daşkentde geçiriljek halkara maslahata türkmen tarapyndan gatnaşjak wekiliýetiň düzümi tassyklanyldy
14.07.21 - 23:55

Şu ýylyň 15-16-njy iýulynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde “Merkezi Aziýa we Günorta Aziýa: sebitleýin özara baglanyşyk. Wehimler we mümkinçilikler” ady bilen ýokary derejedäki halkara maslahaty geçiriler.


160eebc32b634f.jpeg
Jebelde Halkara howa menziliniň düýbüni tutmak hem-de Balkanabatda «Türkmeniň ak öýi» binasyny açmak barada maslahatlaşyldy
14.07.21 - 15:28

13 iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda döwlet Baştutanymyzyň Balkan welaýatyna boljak iş saparyna taýýarlyk çäreleriniň maksatnamasyna garaldy.


160ed5058d1d45.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti telekeçiligi goldamak boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy
13.07.21 - 13:36

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Türkmenistanda kiçi we orta telekeçiligi goldamak boýunça döwlet toparynyň düzümi tassyklanyldy.


160ec7bd03bd45.jpeg
ÝARYM ÝYLYŇ JEMLERINE GARALDY
12.07.21 - 21:28

Şu gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi edara binasynda «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň ýanwar-iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


160ec5bba9be9c.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
12.07.21 - 20:13

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 24-si hasaba alyndy.


160ea9dd0b4863.jpeg
Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň çig mal binýady berkidilýär
11.07.21 - 12:30

«Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çägiň günbatar bölegindäki gazly ýataklaryň ýerüsti desgalarynyň taslamasyny işläp düzmek we gurmak boýunça hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin yglan edilen halkara bäsleşiginiň jemi jemlenildi.


160ea9059d2d6a.jpeg
Aziadanyň mirasy «Forum plýus» žurnalynda
11.07.21 - 11:33

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen 2021-nji ýyl Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda Binagärlik we şähergurluşyk ýyly diýlip yglan edildi. GDA gatnaşyjy döwletleriň Ynsanperwer hyzmatdaşlyk döwletara gaznasynyň goldaw bermeginde çap edilýän «Forum plýus» žurnalynyň «Binagärlik ýyly» atly ýörite taslamasy hut şu tema bagyşlandy.


160e9e49db7b4b.jpeg
TOPH we beýleki infrastruktura taslamalary — Türkmenistanyň Owganystanyň parahatçylykly ösüşine goşandy
10.07.21 - 23:21

Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisini (TOPH), Türkmenistan — Owganystan — Pakistan (TOP) ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki süýümli aragatnaşyk ulgamlaryny gurmak boýunça geçirilýän işler Türkmenistanyň Owganystany parahatçylykly ösdürmäge, onuň durmuş-ykdysady düzümini dikeltmäge, goňşy döwletiň sebitiň we dünýäniň hojalyk gatnaşyklary ulgamyna goşulmagyna goşýan goşandynyň aýdyň subutnamasy bolup durýar.