Habarlar
161167ebad88f9.jpeg
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasyndan howandarlyga mätäç çagalara operasiýa bejergileri üçin serişde bölünip berildi
13.08.21 - 19:16

Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzdaky we welaýatlardaky degişli lukmançylyk edaralarynda howandarlyga mätäç näsag çagalara dürli operasiýa bejergilerini geçirmek üçin şu ýylyň mart aýynda döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasyndan serişde bölüp bermek hakynda Çözgüt kabul etdi.


161152eef199b0.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň täze binalarynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
12.08.21 - 19:23

11-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Harby-Deňiz Güýçleriniň täze harby bölüminiň hem-de Döwlet serhet gullugynyň serhet galasynyň täze binalar we desgalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.


16114ddfc6d360.jpeg
Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda täze suw howdany ulanylmaga berildi
12.08.21 - 13:38

11-nji awgustda Balkan welaýatynyň Bereket etrabynda täze suw howdany ulanylmaga berildi. Bu howdan ýurdumyzyň günbatar sebitiniň ekerançylyk meýdanlaryny Garagum derýasynyň suwy bilen üpjün etmäge niýetlenendir.


16112830dcd47f.jpeg
Türkmenistanyň gaz pudagy täze sepgitlere çykýar
10.08.21 - 18:45

Şu ýylyň ýedi aýynda tebigy we ugurdaş gazyň çykarylan mukdary ýurdumyz boýunça 48,7 milliard kubmetre golaý boldy. Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdireniňde olar 9 milliard kubmetrden hem gowrak artdy.


161123b9ead607.jpeg
Gaýtadan dikeldilen guýular «gara altynyň» senagat akymyny berdi
10.08.21 - 13:41

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgaznebit» nebitgazçykaryş müdirliginiň abatlaýyş brigadalary öndürijiligini peselden guýularda abatlaýyş-dikeldiş işlerini üstünlikli ýerine ýetirýärler we olary ulanyşa tabşyrýarlar.


16111268e935a6.jpeg
Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlary kesgitlendi
09.08.21 - 17:58

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygy “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilen 2021-nji ýylyň möhüm wakasyna öwrüldi.


16110f01f81c80.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
09.08.21 - 14:06

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 115-si hasaba alyndy.


1610fca7dea1ab.png
«Türkmenistanyň nebiti we gazy» XXVI Halkara maslahaty 27-29-njy oktýabrda geçiriler
08.08.21 - 17:13

Aşgabatda 27-29-njy oktýabr aralygynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2021» atly XXVI Halkara maslahaty (OGT-2021) geçiriler. Bu halkara maslahaty “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy tarapyndan “Türkmen Forum” hojalyk jemgyýeti we Beýik Britaniýanyň "GaffneyCline" kompaniýasy bilen bilelikde gurnalýar.


1610fb41eb505c.jpeg
Aşgabatda Magtymguly şaýolunyň ugrunda “Daşkent” Medeni dynç alyş seýilgähi gurulýar
08.08.21 - 15:38

Türkmenistan bilen Özbegistanyň dostlugynyň hatyrasyna Aşgabatda Magtymguly şaýolunyň ugrunda “Daşkent” Medeni dynç alyş seýilgähi gurlar, diýip Türkmenistan altyn asyr saýty habar berýär. Gurluşyk meýdançasy hökmünde “Güneş” seýilgähiniň çägi saýlanyp alyndy.


1610e9be768d0e.jpeg
«Gumdagnebit» müdirligi: birinji ýarym ýylda 200 müň tonna «gara altyn» çykaryldy
07.08.21 - 19:42

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Gumdagnebit» nebit we gaz çykarmak boýunça müdirliginiň nebitçileri Uzynada ýatagynyň baý känlerini özleşdirmek boýunç giň gerimli işleri ýerine ýetirýärler.


1610e3ab454fe2.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY
07.08.21 - 12:48

Türkmenistanyň Prezidenti Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyndaky ÇYKYŞY.


1610cfdebd59be.jpeg
Awazada Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy geçirildi
06.08.21 - 14:06

6-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň üçünji konsultatiw duşuşygy boldy. Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagyndaky ýokary derejedäki forum “Awaza” Kongresler merkezinde geçirildi.


1610ca9953e257.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň arasynda telefon söhbetdeşligi
06.08.21 - 08:16

5-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


1610c2f1e34532.jpeg
Aşgabatda ulag, nebitgaz we beýleki ulgamlarda türkmen-özbek hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy
05.08.21 - 23:34

Aşgabada iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, Maýa goýumlar we daşary söwda ministri Sardor Umurzakowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti bilen geçirilen duşuşykda ulag, ýangyç-energetika hem-de gyzyklanma bildirilýän beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garaldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.


1610c23acb8f11.jpeg
Hazardaky «Dostluk» ýatagyny bilelikde özleşdirmegiň geljegini Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň wekilleri maslahatlaşdylar
05.08.21 - 22:45

Aşgabatda Hazar deňziniň «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek we özleşdirmek hakyndaky hökümetara Ähtnamasynyň durmuşa geçirilmegi boýunça bilelikdäki türkmen-azerbaýjan iş toparynyň iki günlük mejlisi geçirildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.