Habarlar
160fab2be88b11.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Tokio şäherinde XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşýar
23.07.21 - 18:18

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Buýrugyna laýyklykda, Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde XXXII tomusky Olimpiýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasyna Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşýar. Sportuň dürli görnüşleri boýunça dünýä derejesindäki esasy bäsleşiklere dünýäniň dürli ýurtlarynyň saýlama türgenleri gatnaşar. Olaryň hatarynda biziň türgenlerimiziň hem çykyş etjekdigini bellemeli.


160f97fcb55b2b.jpeg
Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy we ABŞ-nyň prezidentiniň geňeşçisi Owganystandaky ýagdaýy maslahatlaşdylar
22.07.21 - 19:26

Sebit howpsuzlyk meseleleri we Owganystandaky ýagdaý Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ABŞ-nyň Prezidentiniň Içerki howpsuzlygyň meseleleri boýunça Geňeşçisi Elizabet Şerwud-Rendal hem-de ABŞ-nyň Owganystanda parahatçylygy dikeltmek meseleleri boýunça Ýörite wekili Zalmaý Halilzad bilen geçiren duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.


160f93c7347d7f.jpeg
Hormatly Prezidentimiz Daşoguzda gurlan “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy
22.07.21 - 14:41

21-nji iýulda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna iş saparynyň çäklerinde welaýat merkezinde gurlan “Türkmeniň ak öýi” binasynyň açylyş dabaralaryna gatnaşdy.


160f91cc8cc51b.jpeg
Hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatynyň hassahanalary üçin täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň 10-syny sowgat berdi
22.07.21 - 12:27

Hormatly Prezidentimiz, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznadan welaýatyň etraplarynyň we şäherleriniň çagalar hassahanalary üçin täze “Tiz kömek” awtoulaglarynyň 10-syny bermek hakynda karara gelendigini aýdy.


160f9104782e99.jpeg
Daşoguz şäherinde täze ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasy geçirildi
22.07.21 - 11:33

Daşoguz şäherinde 3 gektardan gowrak meýdany bolan ýaşaýyş jaý toplumynda häzirki döwrüň ösen talaplaryna laýyk dört gatly jaýlaryň on bäşisi guruldy. 368 öýli täze ýaşaýyş jaýlarda ýaşamak, dynç almak, çagalary terbiýelemek üçin ähli şertler döredildi.


160f8f3f298040.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi
22.07.21 - 09:29

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona onuň aýal dogany — Kurbonbi Rahmonowanyň biwagt aradan çykmagy zerarly çuňňur gynanç bildirdi.


160f8245eec36d.jpeg
«Türkmengaz» poliwinilasetatyň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýär
21.07.21 - 18:48

«Türkmengaz» döwlet konserni Daşoguz welaýatynda poliwinilasetatyň önümçiligi boýunça gazhimiýa zawodyny gurmagy meýilleşdirýär. Bu kärhany «açary gowşurmak» şerti bilen taslamalaşdyrmak we gurmak boýunça bäsleşik Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň gazetiniň elektron saýtynda neşir edildi.


160f80dca0c155.jpeg
Milli Liderimiz Seýed Ebrahim Raisini Prezident saýlawlarynda gazanan ynamly ýeňşi bilen ýene-de bir gezek gutlady
21.07.21 - 17:32

20-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Eýran Yslam Respublikasynyň golaýda saýlanan Prezidenti Seýed Ebrahim Raisiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.


160f7356edf5fb.jpeg
Daşoguz welaýatynda gaz torlaryny gyş möwsümine taýýarlamak işleri başlandy
21.07.21 - 01:44

S.Türkmenbaşy etrabynda ýerleşen «Daşoguzgazüpjünçilik» müdirliginiň gaz hojalyk kärhanasynyň gazçylary welaýatyň ilatly nokatlaryny gaz bilen üpjün etmek hem-de gaz torlaryna ideg etmek bilen bir hatarda, gyş möwsümine taýýarlyk işlerine hem başladylar.


160f6c233430bf.jpeg
Italiýanyň işewürleri Türkmenistanyň senagat taslamalaryna maýa goýumlaryny artdyrmagy meýilleşdirýärler
20.07.21 - 17:32

Göni wideo aragatnaşyk ulgamy arkaly italýan kompaniýalary üçin «Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň maýa goýum we işewürlik mümkinçilikleri» ýurt tanyşdyryş maslahaty geçirildi.


160f666a0197df.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlarymyzy Gurban baýramy bien gutlady
20.07.21 - 11:02

Sizi müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan hem-de adamzadyň belent ruhy we ahlak gymmatlyklaryny dabaralandyrýan Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýaryn!


160f5ce6249c12.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti jenap Başar al-Asady Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli gutlady
20.07.21 - 00:17

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan jenap Başar al-Asady Siriýa Arap Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlady.


160f5c58603ea0.jpeg
Awazada çäreleri geçirmek boýunça Guramaçylyk topary döredildi
19.07.21 - 23:35

Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, 2021-nji ýylyň 6-njy awgustynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygyny, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogyny we olar bilen bagly çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.


160f47a41be967.jpeg
Dokma senagaty ministrliginiň käbir kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek göz öňünde tutulýar
19.07.21 - 00:01

Türkmenistanda 2021 — 2025-nji ýyllarda döwletiň gatnaşmagyndaky kärhanalary dolandyrmak we özgertmek boýunça strategiýa” laýyklykda, Dokma senagaty ministrliginiň kärhanalarynyň guramaçylyk-hukuk görnüşini üýtgetmek arkaly käbir kärhanalaryny paýdarlar jemgyýetlerine öwürmek, hususy maýa goýujylary çekmek boýunça birnäçe çäreler göz öňünde tutuldy.


160f42525bdaa7.jpeg
Çärjew etrabynda kuwwatlylygy 432 MWt bolan gaz turbinaly elektrik stansiýasyny işe girizmäge taýýarlyk görülýär
18.07.21 - 17:57

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna gabatlanyp açylmagy meýilleşdirilýän bu desganyň gurluşygyny “Sumitomo Corporation” ýapon kompaniýasy alyp barýar. Desgada Ýaponiýanyň meşhur “Mitsubishi Power Ltd.” kompaniýasynyň öndürýän gazturbina enjamlary oturdyldy.