Habarlar
160e350e7460df.jpeg
«Türkmeniň ak öýleri» däp bolan halk medeniýetini gorap saklamaga we ösdürmäne goşant goşarlar
05.07.21 - 23:37

Şu ýyl ýurdumyzyň her welaýatynda köpugurly ajaýyp binalar bolan «Türkmeniň ak öýleriniň» gurluşygy tamamlanar. Bu desgalar däp bolan halk medeniýetini gorap saklamak we ösdürmek, jemgyýetçilik isleglerini kanagatlandyrmak üçin niýetlenendir diýip, milli Liderimiz nygtaýar.


160e3197e141b6.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
05.07.21 - 19:42

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy.


160e214d183bf0.jpeg
Iýul aýynda medeni çäreler we medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyşy meýleşdirilýär
05.07.21 - 00:58

Şu ýylyň iýul aýynda geçiriljek medeni çäreler we medeni-durmuş maksatly desgalaryň açylyşy halkymyzyň ägirt uly döredijilik kuwwatyny açyp görkezer, medeniýet ulgamynyň işgärleriniň hünär ussatlygyny ýokarlandyrmaga, täze zehinleri ýüze çykarmaga ýardam eder.


160e1a29941107.jpeg
Ýanwarda ÝB ýurtlary Türkmenistandan 41,4 mln ýewrolyk nebit önümlerini import etdiler
04.07.21 - 17:03

2021-nji ýylyň ýanwar aýynda Ýewropa Bileleşiginiň 27 sany döwleti Türkmenistandan 41,1 mln ýewrolyk nebit we nebit ýaglaryny satyn aldylar. Bu barada Trend agentligi Ýewropa statistiki agentligine salgylanyp habar berýär.


160e1924d56e92.jpeg
Hormatly Prezidentimiziň Balkan welaýatyna boljak iş saparynyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
04.07.21 - 16:22

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Başlygynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň birnäçe orunbasarlarynyň, käbir ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi.


160e09862e87fb.jpeg
Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olara garşy göreşmek maksady bilen Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi
03.07.21 - 22:05

Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak, olara garşy göreşmek, milli we umumadamzat gymmatlyklary esasynda raýatlaryň sagdynlygyny gazanmak, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz-nesihat etmek we adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti “Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Milli strategiýany tassyklamak hakynda” Karara gol çekdi.


160e042f6673cf.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi
03.07.21 - 16:01

Ýurdumyzda milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi.


160e01d19af93a.jpeg
Ýurdumyzda howanyň aşa gyzmagyna garaşylýar
03.07.21 - 13:19

Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri A.Altyýew tomus paslynyň dowam edýän günlerinde howanyň aşa gyzmagyna garaşylýandygy barada hasabat berdi.


160dffd5dc6742.jpeg
BTJ turbageçirijisi boýunça üç ýylda 20,7 mln tonna türkmen nebiti üstaşyr geçirildi
03.07.21 - 11:02

Baku-Tbilisi-Jeýhan (BTJ) turbageçirijisi soňky üç ýylda 20 million 700 müň tonna golaý türkmen nebitini we nebit önümlerini dünýä bazarlaryna çykardy. Bu barada Azerbaýjanyň energetika ministri Parwiz Şahbazow Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) energetika ministrleriniň ýakynda wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçiren 4-nji ýygnagynda eden çykyşynda aýtdy.


160ded4bdc1058.jpeg
Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinden
02.07.21 - 14:03

1-nji iýulda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de bu edaralaryň ýakyn geljek üçin esasy wezipeleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi.


160de9f71c40f9.jpeg
M.Çakyýew Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesinden boşadyldy
02.07.21 - 10:10

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 16-njy bendine laýyklykda, karar edýärin: Polisiýanyň general-maýory Mämmethan Berdimyradowiç Çakyýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Türkmenistanyň içeri işler ministri wezipesinden boşatmaly.


160dd9640b9647.jpeg
Ýurdumyzyň gallaçylary däne öndürmek boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirdiler
01.07.21 - 15:22

Welaýatlaryň häkimleri ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ähli işgärleriniň adyndan döwlet Baştutanymyzy gallaçy daýhanlaryň gazanan ägirt uly zähmet ýeňişleri bilen gutladylar.


160dcb57a64ef7.jpeg
Prezident «Türkmengeologiýa» DK ýurt boýunça geologiýa-gözleg işlerini işjeňleşdirmegi tabşyrdy
30.06.21 - 23:20

Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan nebitiň gözlegine gönükdirilen işleri geçirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.


160dc1e99c3d09.jpeg
Hormatly Prezidentimiz “Arkadag” myhmanhanasynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy
30.06.21 - 12:42

Ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygynyň baýram edilýän ýylynyň 29-iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda ak mermerli paýtagtymyzyň ajaýyp künjekleriniň birinde bina edilen kaşaň “Arkadag” myhmanhanasy açyldy.


160dadfb2e3121.jpeg
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Sadyr Žaparow bilen gepleşikleri geçirdi
29.06.21 - 14:06

28-nji iýunda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen resmi sapar bilen ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda gepleşikler geçirildi.