
Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň daşary işler ministrini kabul etdi
09.04.21 - 12:408-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň daşary işler ministri Mohammad Jawad Zarifi kabul etdi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Ýurdumyzda näsagda böwrek çalyşmak boýunça ilkinji operasiýa üstünlikli geçirilgi
09.04.21 - 09:18Ýurdumyzda näsagda böwrek çalyşmak boýunça ilkinji operasiýa üstünlikli geçirilgi. Böwrek transplantasiýa operasiýasy birnäçe ýyllardan bäri dowamly böwrek ýetmezçilikli näsaga özüniň ýakyn garyndaşynyň böwregi alnyp, ýerine ýetirildi. Bu çylşyrymly operasiýa ýerli hünärmenlerimiz tarapyndan amala aşyryldy. Häzirki döwürde böwregini beren adamyň we böwrek oturdylan näsagyň ýagdaýy kanagatlanarly, olar lukmanlaryň gözegçiliginde saklanýar.

Ýurdumyza lukmançylyk maksatly “ANSAT” kysymly täze dikuçar getirildi
09.04.21 - 09:058 aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ilata gaýragoýulmasyz tiz kömek bermäge niýetlenilip, ýurdumyza getirilen lukmançylyk maksatly “ANSAT” kysymly täze dikuçar bilen tanyşdy.

Gyrgyzystan Türkmenistandan tebigy gazy almak boýunça gyzyklanma bildirýär
08.04.21 - 11:08Gyrgyzystanyň Energetika ministrligi tebigy gaz almak boýunça Türkmenistan bilen gepleşikleri geçirmegi meýilleşdirýär. Bu barada ministr Kubanyçbek Turdubaýew Žogorku Keneşiň (Parlamentiň) geňeşiniň ýangyç-energetika toplumy we ýerasty baýlyklardan peýdalanmak boýunça mejlisinde beýan etdi, diýip 24.kg habar berýär.

Türkmenistanda Bütindünýä saglyk güni giňden bellenildi
08.04.21 - 09:437-nji aprelde Türkmenistanda asylly däbe görä, Bütindünýä saglyk güni bellenildi. Milli senenamamyzda orun alan bu halkara çäresine bagyşlanyp, köpçülikleýin welosiped ýörişi geçirildi. Oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.

Bagtly çagalyk — döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry
07.04.21 - 14:30Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat etmek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi.

GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ HALKYNA
07.04.21 - 10:03Mähriban halkym! Eziz watandaşlar! Sizi uly dabara bilen bellenýän halkara baýram — Bütindünýä saglyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn! Sagdyn ýaşaýyş-durmuş kadalary giňden ornaşdyrylýan Garaşsyz Watanymyzda bu ajaýyp halkara baýrama gabatlanyp geçiril- ýän medeni-sport çäreleriniň mähriban halkymyzy täze üstünliklere ruhlandyrjakdygyna ynanýaryn.

Harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy
07.04.21 - 08:47Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň üç aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy.

RF-nyň Astrahan oblastynyň gubernatory türkmen lideriniň goldawyna minnetdarlyk bildirdi
07.04.21 - 08:00Astrahan welaýatynyň ähli ýaşaýjylarynyň adyndan we hut öz adymdan Türkmenistanyň biziň sebitimize koronawirus ýokanjyna garşy göreşmekde beren kömegi üçin Size tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärin.

Türkmenistanyň Prezidenti Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň täze saýlanan Prezidentini gutlady
07.04.21 - 07:25Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Nguen Suan Fuka Wýetnam Sosialistik Respublikasynyň Prezidenti wezipesine saýlanmagy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady.

«LUKOÝL» nebit kompaniýasy Türkmenistandaky wekilini belledi
06.04.21 - 20:40«LUKOÝL Özbegistan Opereýting Kompani» OOO-nyň Baş direktory Stepan Guržiý şol bir wagtda «LUKOÝL» AGPJ-niň prezidentiniň Türkmenistandaky, Azerbaýjandaky, Gazagystandaky we Özbegistandaky wekili edilip bellenildi. BU barada rus kompaniýasynyň metbugat gullugy habar berýär.

«Lukoýl» kompaniýasynyň «Dostluk» ýatagyny işläp taýýarlamaga we TOPH taslamasyna gatnaşmagynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
06.04.21 - 19:41Türkmenistanyň wekiliýetiniň Moskwa iş saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň döwlet düzümleriniň we iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar geçirildi.

Döwlet Baştutanymyz harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk düzümleriniň işleri bilen tanyşdy
06.04.21 - 07:33Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynda bolup, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň atçylyk toparlarynyň taýýarlyk işleri bilen tanyşdy. Şeýle hem milli Liderimiz bu ýerde geçirilen çapyşyklara tomaşa etdi we ahalteke bedewleriniň Halkara gözellik bäsleşigine taýýarlanýan bedewleri synlady.

Türkmenistanyň Prezidenti aýlyk zähmet hakynyň ýarysyny haýyr-sahawat gaznasyna geçirdi
06.04.21 - 07:16Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu ýylyň 29-njy martynda gol çeken Kararyna laýyklykda, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
05.04.21 - 08:34Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 7-si hasaba alyndy.