
Türkmenistanyň Prezidenti «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly adyny dakdy
23.03.21 - 23:15Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany N.Rahymowa Türkmenistanyň «Türkmenistanyň halk atşynasy» diýen hormatly adyny dakmak hakynda .

Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzda geçirilmegi meýilleşdirilýän çärelere taýýarlyk görülýär
23.03.21 - 22:543-4-nji maýda Bilim ministrliginiň hem-de Ylymlar akademiýasynyň guramagynda onlaýn görnüşinde “Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahat.

Türkmenistan ýanwar-fewral aýlarynda Russiýanyň çäginden 320 müň tonnadan gowrak nebiti üstaşyr geçirdi
23.03.21 - 21:31Türkmenistan 2021-nji ýylyň ýanwar-fewral aýynda Russiýa Federasiýasynyň çäginden 320 müň 460 tonna nebiti üstaşyr geçirdi.

«Dagajyk» ýatagyndan nebitiň senagat akymy alyndy
23.03.21 - 19:37Türkmenistan — Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylyň başynda «Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň Nebitdag buraw işleri müdirliginiň burawçylary iri Çeleken ýatagynyň demirgazyk-günbatar böleginde ýerleşen «Dagajyk» ýatagyndaky № 654 belgili täze guýudan «gara altynyň» senagat akymyny aldylar. Bu müdirlik döwlet konserniniň düzüminde öňdebaryjylaryň biri hasaplanylýar.

Er-Riýad şäherinde türkmen-saud toparynyň nobatdaky ýedinji mejlisi geçiriler
23.03.21 - 14:54Şu ýylyň birinji ýarymynda Saud Arabystany Patyşalygynyň paýtagty Er-Riýad şäherinde Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara türkmen-saud toparynyň nobatdaky ýedinji mejlisini geçirmäge taýýarlyk görülýär.

Daşary ýurtlaryň teleradioýaýlymlar düzümleri bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär
23.03.21 - 12:00Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň gazanan üstünlikleri bilen dünýä jemgyýetçiligini tanyşdyrmak maksady bilen daşary ýurtlaryň abraýly habar beriş we teleradioýaýlymlar düzümleri bilen hyzmatdaşlyk berkeýer.

Ýurdumyzyň ussat pagtaçylary gowaça ekişine başlarlar
22.03.21 - 23:13Ýurdumyzyň pagtaçy daýhanlary Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda 24-nji martda, Daşoguz welaýatynda bolsa, 31-nji martda gowaça ekişine başlarlar.

Türkmenistanda bahar baýramynyň dabarasy belentden tutulýar
22.03.21 - 08:5021-nji martda halkymyz Halkara Nowruz gününi - Milli bahar baýramyny uly ruhubelentlikde dabaralandyrdy. Bahar paslynda tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäreleri, aýdym-sazly çykyşlar we türkmen halkynyň oňyn däp-dessurlary bilen türkmen topragynyň gözelligine gözellik goşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti watandaşlaryny Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni bilen gutlady
21.03.21 - 10:34GARAŞSYZ, HEMIŞELIK BITARAP TÜRKMENISTANYŇ ÄHLI HALKYNA Mähriban halkym! Eziz watandaşlar!

Hormatly Prezidentimiz 21-nji martdaky dynç gününi 23-nji martdaky sişenbe gününe geçirmek baradaky Permana gol çekdi
20.03.21 - 10:27Şu ýyl Milli bahar baýramynyň — Halkara Nowruz gününiň ýekşenbe gününe gabat gelýändigi bilen baglylykda, Hormatly Prezidentimiz Kanuna laýyklykda, 21-nji martdaky dynç gününi 23-nji martdaky sişenbe gününe geçirmek baradaky Permana gol çekdi.

Türkmenistanyň gaz senagatynyň düýni we şu güni
19.03.21 - 20:33Elli bäş ýyl mundan öň, 1966-njy ýylda Üňüz aňyrsyndaky Garagumuň demirgazyk böleginiň çäklerinde ýerleşen Ojak gaz kondensatly känini senagat taýdan özleşdirmek işleri başlandy. Ol Demirgazyk — Gündogar Türkmenistanyň çäklerinde üsti açylan ilkinji tebigy gazly ýatakdyr.

Ýurdumyzyň harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertleri gowulandyrylýar
19.03.21 - 19:50Döwlet serhet gullugynyň serhet galalarynda durmuş maksatly desgalaryň ençemesi guruldy we ulanmaga berildi, hususan-da, Balkan, Lebap welaýatlarynda döwrebap ýaşaýyş jaýlary, Köýtendag, Bäherden etraplarynda lukmançylyk edaralary guruldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň sebitleriniň birnäçesinde degişli gurluşyk işleri alnyp barylýar.

«Gamyşlyjanebit» NGÇM: «gara altyny» bellenilen meýilnamadan artyk çykarýar
18.03.21 - 19:47«Türkmennebit» DK-nyň «Gamyşlyjanebit» nebitgazçykaryş müdirliginiň işgärleri «Türkmenistan — Parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen dabaralandyrýarlar.

Ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda döwrebap ýyladyşhanalar işe giriziler
17.03.21 - 00:11Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, 2021-nji ýylyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýlip yglan edilmegi mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde, 25-nji martda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynyň Gaýgysyz Atabaýew adyndaky daýhan birleşiginde döwrebap ýyladyşhananyň açylyş dabarasy geçiriler.

Ýurdumyzda Nowruz baýramy giňden bellenip geçiler
16.03.21 - 22:19Milli bahar baýramy bolan Halkara Nowruz baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli ýerinde ählihalk bag ekmek dabarasy geçiriler. Baýramçylyk mynasybetli paýtagtymyzyň we ýurdumyzyň welaýatlarynyň ajaýyp künjeklerinde köpçülikleýin medeni çäreler guralyp, şolarda türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlary, şol sanda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilen gymmatlyklary, Türkmenistanyň medeniýeti we sungaty ösdürmekde häzirki döwürde ýeten derejesi öz beýanyny tapar.