
Ganatly bedewleriň halkara bäsleşiginiň hem-de döredijilik bäsleşiginiň jemleri jemlenildi
24.04.21 - 16:0623-nji aprelde Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy hem-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli “Ýylyň iň owadan ahalteke bedewi” atly halkara gözellik bäsleşiginiň hem-de döredijilik işgärleriniň arasyndaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy.

Mary welaýat merkezinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler geçirildi
23.04.21 - 21:09Mary welaýat merkezinde Türkmen bedewiniň milli baýramyna bagyşlanan çäreler geçirildi. Dabaralar däp bolan at çapyşyklary bilen başlandy. Çapyşyklar Marynyň atçylyk sport toplumynda geçirildi. Bu toplum, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda guraldy.

Aşgabatda Halkara ahalteke atçylyk we “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýalarynyň merkezi açyldy
22.04.21 - 19:3721-nji aprelde paýtagtymyzda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň we Halkara “Türkmen alabaý itleri” assosiasiýasynyň merkeziniň açylyş dabarasy boldy. Bu merkez milletiň baý mirasyny aýawly saklamak, öwrenmek hem-de dünýä ýaýmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli işlere mynasyp goşant bolar.

Türkmen bedewiniň we türkmen alabaýynyň Milli baýramy mynasybetli hormatly atlary dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary
22.04.21 - 14:02Türkmen bedewiniň we türkmen alabaýynyň Milli baýramy mynasybetli hormatly atlary dakmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary

Türkmenistanyň gaz senagatynyň geljekki mümkinçilikleri
20.04.21 - 14:09Mälim bolşy ýaly, «Galkynyş» gaz käni açylandan soň, Türkmenistan «mawy ýangyjyň» tassyklanan gorlary boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär. GECF-niň hasabatynda biziň ýurdumyzyň Ýewraziýada tebigy gazy öndürýän iri döwletleriň hataryna girip, Russiýadan soň ikinji orny eýeleýändigi bellenilýär.

Ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilýär
19.04.21 - 23:17Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň çäklerinde ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamy döwrüň talaplaryna laýyklykda ösdürilýär, keselleriň öňüni almak, anyklamak we bejermek işleri hem toplumlaýyn esasda yzygiderli kämilleşdirilýär.

Arkadag Prezidentimiziň kyblasy Mälikguly Berdimuhamedow 89 ýaşynyň içinde aradan çykdy
18.04.21 - 23:15Şu gün – mübärek Remezan aýynyň keremli pursatlarynda Arkadag Prezidentimiziň kyblasy Mälikguly Berdimuhamedow 89 ýaşynyň içinde aradan çykdy. Bu ajy habar tutuş türkmen halky tarapyndan uly gynanç bilen kabul edildi.

Ahal welaýatynyň täze merkezinde Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi gurular
18.04.21 - 10:55Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde Ahal welaýat çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi gurular hem-de onuň ýanaşyk ýerleri abadanlaşdyrylar.

Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy tassyklanyldy
17.04.21 - 22:33Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň adam hukuklary boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň milli Meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny üpjün etmegiň Meýilnamasy tassyklanyldy
17.04.21 - 20:39Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesele garşy taýýarlygyny we dessin çäreleriň görülmegini üpjün etmegiň Meýilnamasy tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Prezidentine «Türkmenistanyň ussat halypa seýsi» diýen hormatly ady dakyldy
17.04.21 - 08:30Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň Karary

Türkmenistanyň Prezidenti täze desgalaryň açylyşyna hem-de Halkara maslahatyna gatnaşdy
16.04.21 - 19:5015-nji aprelde paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda iri desgalaryň ikisiniň — Türkmenistanyň Maslahatlar merkeziniň we Kabul ediş merkeziniň açylyş dabarasy boldy hem-de “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň parahatçylygyň we ynanyşmagyň hatyrasyna halkara hyzmatdaşlygy” atly halkara maslahatyň dabaraly mejlisi geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti halkara maslahatda eden çykyşy
16.04.21 - 14:18Hormatly maslahata gatnaşyjylar! Ozaly bilen, sizi täze Maslahatlar merkezinde gutlamaga rugsat ediň. Bu ajaýyp bina halkara durmuşyň möhüm meselelerini dürli görnüşdäki duşuşyklarda ara alyp maslahatlaşmak, şol meseleler boýunça hoşniýetli erk-isleg, jogapkärçilik hem-de döredijilikli hyzmatdaşlyk esasynda bilelikdäki oňyn çemeleşmeleri işläp taýýarlamak üçin myhmansöýer künjek hem-de amatly meýdança bolar.

Türkmenistanyň Prezidenti Hytaý Halk Respublikasynyň ilçisini kabul etdi
16.04.21 - 13:5115-nji aprelde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi.

Resmi habarlar
16.04.21 - 12:47Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Karary bilen.