
«Nebitgazçykaryş» tresti «Türkmennebit» DK-nyň nebit çykarylyşynyň möçberlerini ýokarlandyrýar
04.04.21 - 12:52«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazçykaryş» trestiniň işgärleri nebit çykarylyşynyň möçberlerini artdyrmak, guýularda düýpli abatlaýyş işlerini geçirmek we olary ulanyşa girizmek boýunça netijeli işleri durmuşa geçirýärler.

TNGIZT-de «gara altynyň» gaýtadan işlenilýän möçberleri artdyrylýar
04.04.21 - 12:29Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy nebit çig malynyň gaýtadan işlenilýän möçberlerini durnukly artdyrýar.

Türkmenistan Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna ynsanperwer ýüküni ugratdy
03.04.21 - 09:20Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň degişli Buýrugynyň esasynda özara hormat goýmak we özara kömek bermek ýörelgelerinden ugur alyp, Türkmenistan dostlugyň hem-de hoşniýetli goňşuçylygyň nyşany hökmünde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan welaýatyna ynsanperwer ýüküni ugratdy.

Türkmenistan we Russiýa özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeldýär
02.04.21 - 08:30Türkmenistanyň hem-de Russiýanyň gadymdan gelýän dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk we birek-birege hormat goýmak däplerine esaslanýan netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmäge bolan gyzyklanmalary Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň ýolbaşçylarynyň 30-njy martda geçirilen duşuşygynda tassyklanyldy.

Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlarynyň netijeleri jemlenildi
01.04.21 - 08:4131-nji martda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň mejlisi geçirildi. Onda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäräniň – Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlarynyň netijeleri jemlenildi.

Hormatly Prezidentimiz Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy
01.04.21 - 08:2431-nji martda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň ilkinji Prezidenti – Ýelbasy, Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň hormatly başlygy Nursultan Nazarbaýewiň çakylygy boýunça Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň sanly ulgam arkaly geçirilen resmi däl maslahatyna hormatly myhman hökmünde gatnaşdy.

Türkmenistanyň Prezidenti Türki dilli döwletleriň Hyzmatdaşlyk geňeşiniň maslahatynda eden çykyşy
01.04.21 - 08:07Türki dilli ýurtlaryň hormatly döwlet Baştutanlary! Ilkinji nobatda men, Türkmenistan bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda edýän tagallalaryňyz we halkara giňişliginde, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde biziň ýurdumyza berýän goldawyňyz, şeýle hem Türkmenistanyň oýlanyşykly içeri syýasata esaslanýan parahatçylykly daşary syýasat ýörelgeleriniň durmuşa geçirilmegine yzygiderli berýän ýardamyňyz üçin, siziň ähliňize tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirýärin!

Türkmenistanyň Mary welaýaty bilen EYR-nyň Horasan - Rezawi welaýatynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürilýär
01.04.21 - 07:47Söwda-senagat edarasynda Eýran Yslam Respublikasynyň Horasan – Rezawi welaýatynyň resmi wekilleri we işewür toparlary bilen geçirilen wideoduşuşygyň gün tertibine özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek baradaky meseleler girizildi.

Tebigy gazyň çykarylýan we eksport edilýän möçberleri artýar
31.03.21 - 08:18Nebitiň we tebigy gazyň çykarylýan, gaýtadan işlenilýän we eksport edilýän möçberlerini artdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň öňünde goýan möhüm wezipeleriniň biridir.

«Derýaplastik» HJ elektrik suw gyzdyryjylary çykarmagy özleşdirdi
31.03.21 - 07:42«Derýaplastik» hojalyk jemgyýeti elektrik boýlerleriň önümçiligini özleşdirdi. Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda jaşaýyş jaýlary üçin suw gyzdyryjylaryň 400 müňüsini çykarmaga niýetlenen kärhana işe girizildi. Önümçilik sehlerinde ýokary tehnologiýaly enjamlaryň kyrkdan gowragy oturdyldy, diýip TÜRKMENISTAN ALTYN ASYR saýty habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň prokuroryny wezipesinden boşatdy
31.03.21 - 00:06Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Karara gol çekdi. Resminama bilen, “Türkmenistanyň prokuraturasy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunynyň 16-njy maddasyna laýyklykda, ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Halmurat Parhatowiç Kurbanow Aşgabat şäheriniň Köpetdag etrabynyň prokurory wezipesinden boşadyldy.

TDHÇMB-da polipropileniň bahasy rekord derejesine baryp ýetdi
30.03.21 - 10:20Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda täze rekord hasaba alyndy. 10-njy martda geçirilen söwdalarda rafiýa sortly polipropileniň 1,5 müň tonnasy eksport üçin satuwa çykaryldy. Ol Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürildi.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň hasaplary açyldy
30.03.21 - 09:45Şu gün Türkmenistanyň Merkezi bankynda Türkmenistanyň Prezidentiniň 2021-nji ýylyň 29-njy martyndaky 2196 belgili “Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyny döretmek hakyndaky” Karary esasynda Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky haýyr-sahawat gaznasynyň milli we daşary ýurt pullarynda hasaplary açyldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy döredildi
30.03.21 - 09:25Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ösüp gelýän ýaş nesilleri durmuş taýdan goldamak, howandarlyga mätäç çagalaryň saglygynyň dikeldilmegine ýardam bermek, olaryň bagtyýar durmuşda ýaşamagy hem-de olarda watana wepalylyk, ruhubelentlik, arassa ahlaklyk, ynsanperwerlik, halallyk ýaly belent ynsan häsiýetleriniň kemala gelmegi üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalygyna saýlandygy üçin mähriban halkymyza minnetdarlyk bildirdi
30.03.21 - 08:4228-nji martda ýurdumyzda täze konstitusion edara bolan Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Halk Maslahatynyň döredilmegi döwletimiziň geljegi üçin ykbal çözüji waka öwrüler.