Habarlar
1601638df16bb2.jpeg
Türkmen alymlary ýurdumyzyň derman senagatynyň ösmegine goşant goşýarlar
31.01.21 - 10:01

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň himiýa institutynyň alymlary tarapyndan ýurdumyzyň çäklerinde ýokanç keselleriniň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, zyýansyzlandyryş serişdelerini işläp taýýarlamak işjeň alnyp barylýar.


16015ad3add937.jpeg
«Dostluk» ýatagy dünýäniň habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde
30.01.21 - 23:36

Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi dünýä ýüzünde uly gyzyklanma döretdi. Daşary ýurtlaryň habarlar agentlikleri, dünýä belli pudaklaýyn we elektron neşirleri bu wakanyň möhüm ähmiýetini belleýärler.


160156ba13a7d5.jpeg
Ýurdumyzda ýokanç keselleriň öňüni almak üçin sanjymlary bellige almak babatda gepleşikler geçirilýär
30.01.21 - 19:22

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýokanç keselleriň öňüni almak üçin sanjymlary bellige almak babatda daşary ýurtly önüm öndürijiler bilen gepleşikler geçirilýär, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


1601436832f252.jpeg
«Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri geçen ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen tamamladylar
29.01.21 - 21:26

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri geçen ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen tamamladylar. 2020-nji ýylyň jemleri boýunça buraw işleriniň meýilnamasy 121% ýerine ýetirildi.


16013cd64d469a.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
29.01.21 - 13:55

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Sadyr Japarowa Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli gutlaglaryny iberdi.


16012e4754b074.jpeg
«Türkmennebit» DK-nyň abatlaýyş-mehaniki zawodynyň işgärleri işleri bellenilen meýilnamadan artyk ýerine ýetirdiler
28.01.21 - 21:21

«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň abatlaýyş-mehaniki zawodynyň işgärleri geçen ýylda 7 million 960 müň manatdan gowrak möçberde abatlaýyş-mehaniki işleri ýerine ýetirdiler. Şol bir wagtda önümçilik tabşyrygy bellenilen meýilnamadan artyk ýerine ýetirildi.


16012e008eb6c0.jpeg
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy
28.01.21 - 13:59

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.


16012797461572.jpeg
Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary bilen onlaýn duşuşyk geçirildi
28.01.21 - 13:44

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpur bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


160111b3495b47.jpeg
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň harby gullukçylaryna we işgärlerine
27.01.21 - 12:50

Hormatly Watan goragçylary! Sizi «Türkmenistan - parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip atlandyrylan ýylyň ilkinji günlerinde bellenilýän Watan goragçylarynyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn!


160111988703bc.jpeg
Hormatly Prezidentimiz paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
27.01.21 - 12:43

26-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, köpugurly işewürler merkezli kaşaň “Garagum” myhmanhanasynyň we onuň golaýynda ýerleşen seýilgähiň hem-de Aşgabat-Türkmenabat awtobanynyň gurluşygynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


16011172f86050.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyrdy
27.01.21 - 12:33

25-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz hem-de onuň töweregi boýunça iş saparyny amala aşyryp, birnäçe möhüm desgalaryň gurluşygy we onuň durmuş düzümini toplumlaýyn esasda döwrebaplaşdyrylmagy boýunça taýýarlanan taslamalar bilen tanyşdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz halkymyzyň milli buýsanjy hasaplanylýan alabaý itleri we olary ösdürip ýetişdirmegiň dünýä nusgalyk ýörelgeleriniň döwrebap derejede dowam etdirilişi bilen gyzyklandy, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


16010dbada4a8e.jpeg
Ankara Hazardaky ýatak boýunça türkmen-azerbaýjan Ähtnamasyny goldaýar — Türkiýäniň DIM-i
27.01.21 - 08:19

Türkiýäniň Daşary işler ministrligi Hazar deňzindäki «Dostluk» ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümetiniň we Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilmegini goldaýar, diýip Trend agentligi Anadolu agentligine salgylanyp habar berýär.


16010ca9b32c0c.jpeg
Hazar – dostluk we hyzmatdaşlyk deňzi
27.01.21 - 07:07

Aşgabatda Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda Özara düşünişmek hakynda ähtnama gol çekmek dabarasy boldy.


160100300ca1db.jpeg
Türkmenistan dünýäniň habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde
26.01.21 - 16:55

Türkmenistan şu günlerde ýene-de dünýäniň esasy habarlar agentlikleriniň, şeýle hem köpsanly internet-saýtlaryň täzeliklerdir habarlarynda köp agzalýan geografik atlaryň birine öwrüldi. Dünýäniň habar beriş serişdeleriniň, syýasy we işewür toparlarynyň ünsi jemgyýetçilik seslenmesine eýe bolan şanly wakalara — ulag, energetika we aragatnaşyk ulgamlarynyň täze desgalarynyň ulanmaga berilmegi mynasybetli geçirilen dabaralara gönükdi.


1600fdb92c6a0b.jpeg
«Demirgazyk Balguýuda» 2020-nji ýylda 1,7 mlrd kub metrden gowrak gaz çykaryldy
26.01.21 - 14:07

«Türkmengaz» DK-nyň «Lebapgazçykaryş» müdirliginiň hünärmenleri Demirgazyk Balguýy önümçilik böleginde geçen ýylda ýokary zähmet görkezijilerini gazandylar.