Habarlar
1601d09dcd480d.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
05.02.21 - 14:06

4-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda gurluşyk-senagat toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


1601c13b22144e.jpeg
Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň wekilleri sebitde suwdan netijeli peýdalanmak baradaky meselelere garadylar
04.02.21 - 20:34

3-nji fewralda Türkmenistanyň hem-de Täjigistan Respublikasynyň wekilleriniň arasynda wideogörnüşde geçirilen iş maslahatynyň gün tertibine sebitde suwdan netijeli peýdalanmak baradaky meseleler girizildi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


1601b65d5cfb7c.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti oba hojalyk toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi
04.02.21 - 08:14

3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, degişli ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň we ugurdaş ýokary okuw mekdepleriniň rektorlarynyň gatnaşmagynda oba hojalygyny ösdürmek boýunça sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


1601a206b1e850.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz toplumyny ösdürmek boýunça maslahat geçirdi
03.02.21 - 09:02

2-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumyny ösdürmek boýunça iş maslahatyny geçirdi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär. Oňa Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary hem-de ýangyç-energetika toplumynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.


16019170e05deb.png
UNESKO-nyň Klaster edarasynyň (Tähran) wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi
02.02.21 - 14:10

1-nji fewralda Medeniýet ministrliginde onlaýn görnüşde UNESKO-nyň Klaster edarasynyň (Tähran) wekilleri bilen iş duşuşygy geçirildi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


160190fcf19352.jpeg
Türkmenistanyň we Omanyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda geňeşmeler geçirildi
02.02.21 - 13:39

1-nji fewralda sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly Türkmenistanyň we Oman Soltanlygynyň daşary işler ministrlikleriniň arasynda ministrler derejesinde geňeşmeler geçirildi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


16017bb5bbc71c.jpeg
Geçen hepdäniň birža täzelikleri
01.02.21 - 13:27

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 93-si hasaba alyndy.


1601638df16bb2.jpeg
Türkmen alymlary ýurdumyzyň derman senagatynyň ösmegine goşant goşýarlar
31.01.21 - 10:01

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň himiýa institutynyň alymlary tarapyndan ýurdumyzyň çäklerinde ýokanç keselleriniň ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen, zyýansyzlandyryş serişdelerini işläp taýýarlamak işjeň alnyp barylýar.


16015ad3add937.jpeg
«Dostluk» ýatagy dünýäniň habar beriş serişdeleriniň üns merkezinde
30.01.21 - 23:36

Hazar deňzindäki “Dostluk” ýatagynyň uglewodorod serişdelerini bilelikde gözlemek, işläp geçmek we özleşdirmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda özara düşünişmek hakyndaky Ähtnama gol çekilmegi dünýä ýüzünde uly gyzyklanma döretdi. Daşary ýurtlaryň habarlar agentlikleri, dünýä belli pudaklaýyn we elektron neşirleri bu wakanyň möhüm ähmiýetini belleýärler.


160156ba13a7d5.jpeg
Ýurdumyzda ýokanç keselleriň öňüni almak üçin sanjymlary bellige almak babatda gepleşikler geçirilýär
30.01.21 - 19:22

Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, ýokanç keselleriň öňüni almak üçin sanjymlary bellige almak babatda daşary ýurtly önüm öndürijiler bilen gepleşikler geçirilýär, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.


1601436832f252.jpeg
«Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri geçen ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen tamamladylar
29.01.21 - 21:26

«Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitdag» buraw işleri müdirliginiň hünärmenleri geçen ýyly ýokary önümçilik görkezijileri bilen tamamladylar. 2020-nji ýylyň jemleri boýunça buraw işleriniň meýilnamasy 121% ýerine ýetirildi.


16013cd64d469a.jpeg
Türkmenistanyň Prezidenti Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentini gutlady
29.01.21 - 13:55

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow jenap Sadyr Japarowa Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti wezipesine girişmegi mynasybetli gutlaglaryny iberdi.


16012e4754b074.jpeg
«Türkmennebit» DK-nyň abatlaýyş-mehaniki zawodynyň işgärleri işleri bellenilen meýilnamadan artyk ýerine ýetirdiler
28.01.21 - 21:21

«Türkmennebit» DK-nyň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň abatlaýyş-mehaniki zawodynyň işgärleri geçen ýylda 7 million 960 müň manatdan gowrak möçberde abatlaýyş-mehaniki işleri ýerine ýetirdiler. Şol bir wagtda önümçilik tabşyrygy bellenilen meýilnamadan artyk ýerine ýetirildi.


16012e008eb6c0.jpeg
Ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynda 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine garaldy
28.01.21 - 13:59

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin göçme mejlisini geçirdi.


16012797461572.jpeg
Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň Baş sekretary bilen onlaýn duşuşyk geçirildi
28.01.21 - 13:44

27-nji ýanwarda Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpur bilen onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.