
«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi
07.12.23 - 20:56Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda döredilen «Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň täze sany okyjylara ýetirildi.

Prezident: Türkiýäniň eksport harytlarynyň sergisi we işewürlik forumy iki ýurduň haryt dolanyşygyny artdyrmaga ýardam eder
07.12.23 - 20:34Häzirki wagtda Türkiýe Respublikasy biziň ýurdumyzyň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biri bolup durýar diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisine gatnaşyjylara iberen Gutlagynda belledi. Sergi çarşenbe güni Aşgabatda açyldy.

Serdar Berdimuhamedow Türkiýäniň wise-prezidenti bilen döwletara gatnaşyklarynyň geljegini maslahatlaşdy
07.12.23 - 20:21Çarşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň türk tarapynyň başlygy Jewdet Ýylmazy kabul etdi. Ol bu toparyň nobatdaky ýedinji mejlisine gatnaşmak üçin, öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, Türkmenistana geldi diýip, TDH habar berýär.

Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktoryny kabul etdi
06.12.23 - 20:34Sişenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ” işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuarty kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Türkmen-amerikan işewürlik maslahatynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
06.12.23 - 20:25Sişenbe güni Aşgabatda «Ýyldyz» myhmanhanasynda 10-njy Türkmen-amerikan işewürlik maslahaty geçirildi. Oňa iki ýurduň ugurdaş döwlet edaralarynyň we işewür düzümleriniň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

Ykdysady Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi 2024-nji ýylyň başynda geçiriler
05.12.23 - 21:202024-nji ýylyň başynda Aşgabatda nobatdaky Ykdysady Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus Hökümetara toparynyň 13-nji mejlisi geçiriler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti BAE-niň Premýer-ministriniň orunbasary bilen döwletara gatnaşyklaryny ösdürmegiň geljegini maslahatlaşdy
04.12.23 - 22:19Prezident Serdar Berdimuhamedowyň şenbe güni Dubaýda Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministriniň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn esasda üstünlikli ösdürilýän döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
04.12.23 - 22:14Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy.

Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi geçiriler
02.12.23 - 13:39Şu ýylyň 6 — 8-nji dekabry aralygynda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisi, Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi hem-de onuň çäklerinde Türkmen-türk işewürlik maslahaty geçiriler.

Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyndaky çykyşy
02.12.23 - 11:11Serdar Berdimuhamedowyň BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna gatnaşyjy taraplaryň 28-nji maslahatyndaky çykyşy

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygyny aýtdy
02.12.23 - 09:06Prezident Serdar Berdimuhamedow BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisindäki (COP28) çykyşynda, Türkmenistanyň Ählumumy metan borçnamasyna goşulýandygy aýtdy diýip, TDH habar berýär.

«Türkmengaz» döwlet konserniniň gaz gysyjy desgalarynda düýpli abatlaýyş işleri geçirilýär
01.12.23 - 20:13Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň möhüm wezipeleri, birnäçe resminamalaryň taslamalary, şeýle hem beýleki meseleler girizildi.

Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisine (COP28) gatnaşmak üçin Dubaýa bardy
01.12.23 - 11:27Şu gün, 1-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisine (COP28) gatnaşmak üçin iş sapary bilen Dubaýa bardy.

Türkmenistanyň Prezidenti we HHR-IŇ Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri döwletara gatnaşyklarynyň netijeli ösüşini bellediler
30.11.23 - 14:22Prezident Serdar Berdimuhamedow Hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-hytaý hökümetara komitetiniň altynjy mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Merkezi komitetiniň Syýasy býurosynyň hemişelik komitetiniň agzasy, HHR-iň Döwlet Geňeşiniň Premýeriniň birinji orunbasary Din Sýuesýany kabul etdi diýip, TDH habar berýär.

Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň mejlisinde energetika we ulag hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda agzaldy
30.11.23 - 14:25Energetika we ulag ulgamlary çarşenbe güni Aşgabatda geçirilen hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý Hökümetara komitetiniň 6-njy mejlisinde özara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda bellenildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýtynda habar berilýär.