
Türkmenistanyň Belgiýadaky ilçisi energetika ulgamynda Aşgabadyň ÝB bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge taýýarlygyny tassyklady
01.08.23 - 14:42Türkmenistanyň Belgiýa Patyşalygyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi S.Pälwanow Ýewropa Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Lýaýen bilen duşuşygynda Aşgabadyň ähli ugurlar boýunça, şol sanda, energetika pudagynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem pugtalandyrmaga ygrarlydygyny tassyklady.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
01.08.23 - 14:16Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 14-si hasaba alyndy.

1-nji awgustdan ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda, paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde mekdep harytlarynyň söwdasy guralar
31.07.23 - 20:17Şu ýylyň 1-nji awgustyndan 5-nji sentýabryna çenli ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda, paýtagtymyzda we Arkadag şäherinde mekdep harytlarynyň söwdasy guralar.

Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi
31.07.23 - 18:13Şenbe güni, 29-njy iýulda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

«Türkmengeologiýa» DK nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak maksady bilen işleri geçirýär
31.07.23 - 18:06Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşynyň käbir meselelerine hem-de resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Marokkonyň Patyşasyny gutlady
30.07.23 - 11:48Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Marokkonyň Patyşasy Mohammed VI-a ýurduň milli baýramy — Tagta geçmek güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Aşgabat şäherinde 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkezi gurular
30.07.23 - 10:49Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Aşgabat şäheriniň häkimligine Aşgabat şäherinde 4 müň orunlyk köpugurly medeni merkeziň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Döwlet Gurluşyk” hojalyk jemgyýeti bilen şertnamany baglaşmaga ygtyýar berildi.

Aşgabat şäheriniň Çoganly ýaşaýyş toplumynda döwrebap medeni-dynç alyş seýilgähi gurlar
29.07.23 - 11:26Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Içeri işler ministrligine Aşgabat şäheriniň “Çoganly” ýaşaýyş toplumynda döwrebap medeni-dynç alyş seýilgähiniň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada “Nowa hyzmat” hususy kärhanasy bilen şertnamany, seýilgäh üçin elektrik, suw üpjünçiliginiň hem-de lagymyň içerki we daşarky eltiji inženerçilik ulgamlaryny hem-de desgalaryny gurmak we umumyşäher ulgamyna birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Daşoguz welaýatynyň Türkmen-Özbek serhetýaka zolagynda söwda merkezi gurlar
28.07.23 - 13:18Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine Daşoguz welaýatynyň Türkmen-özbek serhetýaka zolagynda Söwda merkeziniň taslamasyny düzmek hem-de ony ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp gurmak barada öz garamagyndaky Alyjylar jemgyýetleriniň birleşikleriniň merkezi dolandyryş edarasynyň abatlaýyş-gurluşyk bölümi bilen şertnamany, daşarky eltiji elektrik, aragatnaşyk we suw üpjünçiliginiň inženerçilik ulgamlaryny gurmak şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.

Türkmenistan we Singapur birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýe — DIM
27.07.23 - 13:21Türkmenistan we Singapur dürli ugurlar boýunça özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. Bu barada Türkmenistanyň Singapur Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi (oturýan ýeri Seul ş.) B.Durdiýewiň Singapur Respublikasynyň Prezidenti Halime Ýakoba ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasynda geçirilen duşuşykda aýdyldy.

BAE Bioýangyjyň global birleşigine goşuldy
26.07.23 - 08:35Birleşen Arap Emirlikleri Hindistan, Beýik Britaniýa we ABŞ tarapyndan döredilen Bioýangyjyň global birleşigine goşuldy. Bu barada BAE-niň Energetika ministrliginiň ýolbaşçysy Suheýl al-Mazrui habar berdi diýip, TASS ýetirýär.

Ýarym ýylyň jemi boýunça Goturdepe käninde nebitiň çykarylyşy 10% artdy
25.07.23 - 10:23«Türkmennebit» döwlet konserni şu ýylyň birinji ýarymynda Goturdepe käninde nebitiň çykarylyşyny 10% artdyryp, bu görkezijini ýarym million tonnadan gowrak derejä ýetirdi. Şol bir wagtda bellenilen meýilnamadan artyk 10 müň 125 tonna nebit çykaryldy.

Türkmenistanyň DIM-inde türkmen-german hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy
25.07.23 - 09:45Sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistana sapar bilen gelen German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş direktory Mihael Harms bilen duşuşygynda türkmen-german ykdysady hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlaryny maslahatlaşdy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

TDHÇMB-niň söwdalarynda daşary ýurtlara «Türkmennebit» we «Türkmenhimiýa» DK-nyň önümleri ýerlenildi
24.07.23 - 09:37Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 57-si hasaba alyndy.

Türkmenistan Hazarüsti gaz geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary dowam etmäge taýýar — DIM
24.07.23 - 08:27Türkmenistan energetika akymlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak strategiýasyna ygrarlydyr hem-de Hazarüsti turba geçirijisiniň taslamasyny durmuşa geçirmekde hyzmatdaşlar bilen özara hereketlerini dowam etdirmäge taýýardygyny mälim edýär. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrligini köpçülikleýin habar beriş serişdeleri üçin ýaýradan habarynda aýdylýar.