Habarlar
164b4ed3f4e411.jpeg
Aşgabatda Taekwondo boýunça sport ýaryşy üstünlikli geçirildi
17.07.23 - 12:26

2023-nji ýylyň 15-16-nji iýulynda paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda sportuň Taekwondo görnüşi boyunça Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň kubogyny almak ugrundaky ýaryş geçirildi. Bu sport ýaryşyna 200-den gowrak türgenler gatnaşdy.


164b5122bb01a4.jpeg
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde 2023-nji ýylda nebitgaz toplumynyň birinji ýarym ýylda işiniň jemleri jemlenildi
17.07.23 - 15:04

Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri, Prezident maksatnamasynyň hem-de Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň beýleki maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişi, ikinji ýarym ýyl üçin ileri tutulýan wezipeler bilen baglanyşykly hem-de guramaçylyk meseleleri girizildi.


164b49ce347176.jpeg
Talyplar önümçilik tejribesini özleşdirýärler
16.07.23 - 09:42

Ajaýyp döwrümizde «Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde ýaş nesliň döwrebap hünär öwrenmegi, kämil bilim almagy üçin ähli mümkinçilikler döredilen. Talyplar owadan, dünýä ülňülerine laýyk gelýän, ylmyň iň soňky gazananlaryny özünde jemleýän tehniki serişdeler bilen abzallaşdyrylan binada bilim alýarlar.


164b3cb519d24f.jpeg
Ýurdumyzda 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklar, pensiýalar we döwlet kömek pullar, talyp we diňleýji haklary 10 göterim ýokarlandy
15.07.23 - 10:47

Türkmenistanda zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwlet kömek pullarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň möçberini ýokarlandyrmak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany.


164b12d0584f57.jpeg
HEA 2023-nji ýylda ilkinji gezek dünýäde nebite bolan islegiň çaklamasyny peseltdi
14.07.23 - 16:09

Halkara energetika agentligi (HEA) 2023-nji ýylda ilkinji gezek dünýäde şu ýylda nebite bolan islegiň çaklamasyny günde 170 müň barrele çenli aşaklatdy. Bu agentligiň hasabatyndan görünýär.


164b12c7da15e5.jpeg
Hytaý maý aýynda tebigy gazyň rekord derejesini import etdi
14.07.23 - 16:05

2023-nji ýylyň maý aýynda Hytaý suwuklandyrylan tebigy gazy we turba geçiriji ibermelerini hasaba alanyňda 13,51 mlrd kub metr tebigy gaz import etdi. Bu görkeziji maý aýy üçin taryhy rekord bolup durýar.


164b10aa418758.jpeg
Türkiýede "Magtymguly Pyragy we türki dünýäsiniň edebiýaty" atly halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi
14.07.23 - 13:43

Türkiýe döwletiniň paýtagty Ankara şäherinde Gündogaryň beýik akyldary we türkmen halkynyň milli şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli "Magtymguly Pyragy we türki dünýäsiniň edebiýaty" atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi.


164b0ef72c0b96.jpeg
Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebiniň uçurymlaryna diplom gowşurylyş dabarasy geçirildi
14.07.23 - 11:47

«Türkmengaz» döwlet konserniniň Mary nebitgaz orta hünär okuw mekdebinde uçurymlara diplom gowşurylyş dabarasy geçirildi.


164b0ec6cc4f96.jpeg
Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň uçurymlaryna diplom gowşurylyş dabarasy geçirildi
14.07.23 - 11:34

«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň uçurymlaryna diplom gowşurylyş dabarasy geçirildi.


164b047ea0ebd1.jpeg
Ilkinji hyzmatdaşlar we çykyş etjekler «OGT Türkmenistan -2023» XXVIII Halkara maslahatyna we sergisine gatnaşjakdygyny tassykladylar
13.07.23 - 23:52

Yug-Neftegaz kompaniýasy 2023-nji ýylyň 25-27-nji oktýabrynda geçiriljek OGT-2023 Halkara sergisinde we maslahatynda kümüş hyzmatdaşlygyny tassyklady. Bu barada çäräniň Guramaçylyk komiteti mälim edýär.


164afe3c622acd.jpeg
Aşgabatda 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçiriler
13.07.23 - 16:45

Aşgabatda 2023-nji ýylyň noýabr aýynda Kuraş boýunça dünýä çempionaty geçiriler.


164aec162ae57d.jpeg
Serdar Berdimuhamedow TÜRKSOÝ-nyň Baş sekretaryny gutlady
12.07.23 - 20:06

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Baş sekretary Sultan Raýewe bu guramanyň esaslandyrylmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.


164aebc2ab378b.jpeg
Wodorod energetikasy pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Ýol kartasyny durmuşa geçirmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
12.07.23 - 19:43

Sişenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde geçirilen Türkmenistanda wodorod energetikasy pudagyny ösdürmek boýunça pudagara iş toparynyň 2-nji mejlisinde Türkmenistanyň wodorod energiýasy babatda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2022-2023-nji ýyllar üçin Ýol kartasyny ýerine ýetirmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


164ad6fbc14fea.jpeg
Täze desgalara eýe boldular
11.07.23 - 20:05

Geçen hepdäniň şenbe güni «Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkan welaýatynyň merkezindäki «Nebitgazdüýpliabatlaýyş» trestine Hytaý Halk Respublikasyndan satyn alnan ýöriteleşdirilen kuwwatly daşary ýurt göteriji desgalarynyň dokuzysy gelip gowuşdy.


164ad36519734e.jpeg
Türkiýede Däde Gorkut hekaýalar kitabynyň Bursa golýazmasynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy
11.07.23 - 16:00

Türkiýäniň Bursa şäherinde türkmen halkynyň we türki dünýäsiniň iň gadymy edebi mirasy bolan Däde Gorkut hekaýalary kitabynyň Bursa golýazmasynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Bursa şäher häkimliginde geçirilen bu dabarada Däde Gorkut hekaýalary kitabynyň gadymy Bursa golýazmasy barada türkiýeli professor, dil-edebiýat ylymlarynyň doktory Osman Fikri Sertkaýa maglumat berdi.