
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Wengriýa iş sapary başlandy
20.08.23 - 14:26Şu gün, 20-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Wengriýa ugrady. Budapeşte çenli uçuşy amala aşyryp, Prezidentimiziň uçary Wengriýanyň paýtagtynyň «Ferens List» Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi wekiller garşyladylar.

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy boldy
20.08.23 - 13:25Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna gelip gowuşan hoş habar diňe bir ýaşlarda däl, eýsem, ýurdumyzyň ähli raýatlarynda uly şatlyk we buýsanç duýgusyny döretdi.

Aşgabatda Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyraga bagyşlanan şahyrana eseriniň tanyşdyrylyşy geçirildi
19.08.23 - 15:4818-nji awgustda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Arkadagly döwrüň bardyr, Pyragy!» atly dabaraly maslahat geçirildi. Ol türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze döreden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusynyň tanyşdyrylmagyna bagyşlandy.

«Türkmengaz» DK-nyň «Merw» toparynyň futbolçylary 22-nji awgustda «Hujand» täjik topary bilen duşuşar
19.08.23 - 14:27Tamamlanyp barýan hepdäniň möhüm wakalarynyň biri hem, AFK-2023/24 Kubogynyň Merkezi zolakdaky deslapky tapgyry boldy. Ol duşuşyk Mary şäherinde 10 müň orunlyk «Sport toplumy» stadionynda geçirildi.

Türkmenbaşynyň deňiz portunyň polipropilen terminaly milli önümleriň eksportyny artdyrýar
18.08.23 - 17:26Dünýä bazarlarynda uly islegden peýdalanýan nebitgaz senagatynyň önümleri Hazar deňziniň türkmen kenarynda ýerleşen Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portunyň polipropilen terminalynyň üsti bilen eksport edilýär.

Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy
18.08.23 - 15:0317-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragy medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler hem-de paýtagtymyzy ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli şekil taslamalary bilen tanyşdy.

«Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2023» 28-nji halkara maslahatyna taýýarlyk dowam edýär
17.08.23 - 17:07OPEK (Nebiti eksport ediji döwletleriň guramasy) 25-27-nji oktýabrda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2023» 28-nji halkara maslahatyna gatnaşjakdygyny tassyklady diýip, forumyň guramaçylary habar berýär.

Daşary ýurt gämileri Türkmenbaşynyň portunda dizel ýangyjyny guýduryp bilerler
17.08.23 - 17:02Türkmenistanyň Deňiz söwda floty Türkmenbaşynyň halkara deňiz portuna girýän daşary ýurt gämilerine dizel ýangyjyny guýup bermek hyzmatyny hödürleýär. Bu barada flotuň saýtynda habar berilýär.

«Mawy ýangyç» Halaç etrabynyň sarp edijilerine bökdençsiz ýetirilýär
16.08.23 - 22:30«Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna» laýyklykda, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän esasy wezipeleriň biri hem ilatly nokatlary gaz bilen üpjün etmek bolup durýar. Bu günki gün «mawy ýangyjyň» hözirini ýurdumyzyň çetki ilatly nokatlary hem görýär. Obalary we şäherleri gaz bilen üpjün etmek boýunça giň gerimli çäreleriň netijesinde tebigy gaz Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň ilatly nokatlaryna hem bökdençsiz ýetirilýär.

Türkiýeda Türkmenistanyň Baş konsuly bellenildi
16.08.23 - 10:11Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Muhammetnur Muhammetberdiýewiç Öwezow Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky (Stambul şäheri) Baş konsuly wezipesine bellenildi.

Serdar Berdimuhamedow Wladimir Putine gynanç bildirdi
15.08.23 - 23:41Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine Mahaçkala şäherindäki awtomobillere ýangyç guýujy beketde bolup geçen partlamanyň adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getirendigi zerarly gynanç hatyny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysyny kabul etdi
15.08.23 - 23:1214-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesine täze bellenen Kaha Imnadzeni kabul etdi.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
15.08.23 - 19:14Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 25-si hasaba alyndy.

Türkmenistan — Gruziýa awiaýangyjy iň iri iberiji ýurt
15.08.23 - 18:17Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Türkmenistan Gruziýa 29,6 müň tonna awiasion ýangyjyny eksport etdi. Business Media Georgia-nyň Gruziýanyň nebit önümlerini import edijileri birleşigine salgylanyp habar bermegine görä, bu 2023-nji ýylyň ýedi aýynda Gruziýanyň awiasion ýangyç importynyň umumy möçberiniň 44,1%-ini eýeleýär.

Serdar Berdimuhamedow «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birnäçe gün zähmet rugsadynda bolandan soň paýtagtymyza dolanyp geldi
15.08.23 - 10:1414-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda birnäçe gün zähmet rugsadynda bolandan soň, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyza dolanyp geldi.