
OPEK 2023-nji we 2024-nji ýyllar üçin nebite islegiň ösüş çaklamasyny saklap galdy
11.08.23 - 16:262023-nji ýylda nebite bolan isleg 2022-nji ýyldaka garanda günde 2,44 mln barrel artyp — günde 102,01 mln barrele ýeter, 2024-nji ýylda bolsa ýene-de 2,25 b/g artyp — 104,25 mln b/g ýeter. Şeýle çaklamalar OPEK-iň aýlyk hasabynda getirilýär diýip, Interfaks habar berýär. Şeýlelikde, gurama geçen aýda edilen çaklamalaryny saklap galdy.

Yrakda türkmen we katar gazyny satyn almak boýunça komitet döredilýär
10.08.23 - 20:19Türkmen we katar tebigy gazyny satyn almak meselelerini maslahatlaşmak üçin bilelikdäki komiteti döretmek hakynda Yragyň elektroenergetika ministri Ziýad Ali Fadel žurnalistlere habar berdi diýip, Iraqi News habarlar agentligi habar berýär.

Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň Baştutanlarynyň sammiti hyzmatdaşlyk üçin täze itergi berer — Şawkat Mirziýoýew
09.08.23 - 16:174-nji awgustda Aşgabatda geçirilen Özbegistanyň, Türkmenistanyň we Täjigistanyň Baştutanlarynyň sammiti halkara hyzmatdaşlygyna täze itergi berer. Bu barada Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen hatynda beýan edýär.

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynda ygtybarly energetiki ykjamlyk hakynda Kararnamany kabul etmegi teklip eder
09.08.23 - 15:02Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynda durnukly hem ygtybarly energetika ykjamlygy hakynda Kararnama kabul etmek başlangyjy bilen çykyş eder. Bu teklip Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ileri tutýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynda bug gazlarynyň zyňyndylarynyň nol dereje ösüşi boýunça ählumumy strategiýany işläp düzmegi teklip edýär
08.08.23 - 20:16Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky sessiýasynda 2030-njy ýyla çenli bug gazlarynyň zyňyndylarynyň nol dereje ösüşi boýunça ählumumy strategiýany işläp düzmek we bu mesele boýunça Halkara forumy kabul etmek teklibi bilen çykyş eder.

Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidentine gynanç bildirdi
08.08.23 - 09:407-nji awgustda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda zähmet rugsadynda bolýan Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwilä «Şowi» şypahanasynyň çäginde bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna hem-de weýrançylyklara getiren ýer süýşgüni zerarly gynanç hatyny iberdi.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
07.08.23 - 22:14Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 40-sy hasaba alyndy.

Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan ýylyň ahyryna çenli ýangyç-energetika ulgamynda hyzmatdaşlyk hakynda gepleşikleri geçirer
07.08.23 - 19:55Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň energetika pudagynyň edaralarynyň ýolbaşçylary 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda nebitgaz we elektrik energiýasy ulgamynda bilelikdäki işleriň mümkinçiliklerine garamak boýunça gepleşikleri geçirerler. Bu barada Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasynda aýdylýar.

Türkmenistan Özbegistan we Täjigistan bilen gaz pudagynda strategik hyzmatdaşlygy teklip etdi
07.08.23 - 19:47Türkmenistanyň, Özbegistanyň we Täjigistanyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn sammitinde türkmen tarapy gaz pudagynda strategiki hyzmatdaşlygyň geljegine garamagy teklip etdi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy Raşid Meredow üçtaraplaýyn duşuşygynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde metbugat maslahatynda aýtdy.

Gahryman Arkadagymyz ýol-ulag düzüminiň desgalary bilen tanyşdy
05.08.23 - 10:474-nji awgustda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara howa menzilinden gelýän ýoluň ugrunda ak mermerli paýtagtymyzyň gözel künjekleriniň birinde ýerleşýän köpriniň ýanynda saklandy.

Ýurdumyzyň DIM-nde Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň geçirilen sammitiniň jemlerine garaldy
04.08.23 - 19:12Ýurdumyzyň daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň geçirilen sammitiniň jemleri boýunça metbugat maslahaty geçirildi.

Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY
04.08.23 - 19:04Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň BILELIKDÄKI BEÝANNAMASY.

Aşgabat sammitiniň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi
04.08.23 - 17:58Şu gün paýtagtymyzda birinji üçtaraplaýyn Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçirildi. Şeýle görnüşdäki ýokary derejeli ilkinji duşuşygyň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi.

Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti öz işine başlady
04.08.23 - 14:59Aşgabat şäherindäki «Arkadag» myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmaklarynda birinji üçtaraplaýyn sammit öz işine başlady,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Täjigistanyň Prezidentiniň arasynda gepleşikler geçirildi
04.08.23 - 14:15Paýtagtymyzyň «Arkadag» myhmanhanasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow üçtaraplaýyn sammite gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy,diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.