
Dubaýda OGT-2023 Halkara forumy täze hyzmatdaşlary ýüze çykardy, hyzmatdaşlyk üçin täze serhetleri açdy
02.05.23 - 00:30Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça 26-27-nji aprelde Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilen halkara forum dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň wekillerini jemledi we nebitgaz pudagy üçin täze hyzmatdaşlary ýüze çykardy, bar bolan aragatnaşyklary giňeltmek üçin täze sepgitleri açdy. Bu barada göçme foruma gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa ýüzlenmesinde aýdylýar.

«Türkmengaz» DK-nyň pudaklaýyn instituty kükürti zyýansyzlandyrmagyň oňyn usullaryny işläp taýýarladylar
01.05.23 - 23:42Türkmenistanyň känlerinde tebigy gazy çykarmak prosesinde galýan kükürdiň uly möçberlerini zyýansyzlandyrmak meselesiniň oňyn çözgütlerini «Türkmengaz» döwlet konserniniň Tebigy gaz ylmy-barlag institutynyň hünärmenleri işläp düzdüler. Bu barada YBI-niň direktory Baýrammyrat Pirnyýazow 26-27-nji aprelde Dubaýda geçirilen Türkmenistanyň energetika pudagyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumda eden çykyşynda belledi.

Türkmenistanyň BAE-däki ilçisi: emirlikleriň işewürliginiň türkmen bazarynda ornuny berkitmekde gyzyklanmasy artýar
29.04.23 - 20:36Soňky ýyllarda Türkmenistan gaz şahalary Hytaýa, Russiýa, Azerbaýjana, Gazagystana, Özbegistana we Eýrana uzaýan sebitde iri gaz merkezi hökmünde ornuny has hem berkitdi. Ýurdumyz gaz ugurlarynyň eksportynyň çäklerini giňeltmegiň üstünde işleýär. Bu barada Türkmenistanyň BAE-däki Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Serdarmämmet Garajaýew Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça 26-27-nji aprelde Dubaýda geçirilen halkara forumda eden çykyşynda belledi.

«Türkmennebit» DK daşary ýurt kompaniýalaryny Türkmenistandaky iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga çagyrdy
28.04.23 - 10:08«Türkmennebit» döwlet konserniniň başlygy Guwanç Agajanow Türkmenistanyň Dubaýda geçýän nebitgaz maýa goýum forumynda eden çykyşynda daşary ýurt kompaniýalaryny Türkmenistandaky iri maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmaga çagyrdy.

BAE-niň döwlet ministri ählumumy energetika howpsuzlygynda Türkmenistanyň ornunyň artýandygyny belledi
27.04.23 - 13:40Energetika bazaryndaky häzirki ynamsyzlyk, şeýle hem çalt depginlere eýe bolýan energetika özgerişligi uglewodorod serişdeleriniň durnukly we ynamly üpjün edijisi hökmünde we energiýanyň gaýtadan dikeldilýän we durnukly çeşmeleriniň ösdürilmegini goldaýan ýurt hökmünde Türkmenistanyň bütindünýä energetika howpsuzlygyny saklamakda möhüm ornuny has hem pugtalandyrýar. Bu barada BAE-niň döwlet ministri, Abu-Dabiniň Milli nebit kompaniýasynyň (ADNOC) direktorlar geňeşiniň agzasy, Abu-Dabiniň ösüş Gaznasynyň baştutany Ahmed Ali Al Saýed beýan etdi.

«Galkynyş» käninde tebigy gazyň ýyllyk çykarylyşy 200 mlrd kub metre deň bolar
27.04.23 - 13:26Ägirt uly «Galkynyş» gaz käninden tebigy gazyň akymyny ýylda 200 milliard kub metre ýetirmek meýilleşdirilýär. Şunuň ýaly görkezijä ýetmek ony ulanmagyň ähli 7 tapgyrynyň ýerine ýetirilmegi bilen mümkin bolar. Bu barada «Türkmengaz» döwlet konserniniň tebigy gaz ylmy barlag institutynyň barlaghanasynyň müdiri Irina Lurýewa Türkmenistanyň energetika pudagyna maýa goýum çekmek boýunça Dubaýda geçýän forumda aýtdy.

«Türkmengaz» DK-nyň Başlygy: gaz ätiýaçlyklary, «Galkynyşyň» özleşdirilişi, turbageçirijiler we maýadarlar üçin mümkinçilikler barada
26.04.23 - 15:19Türkmenistan Aziýanyň nebitgaz bazarynyň iri gatnaşyjylarynyň biri. Ýurduň uglewodorod serişdeleri 71 milliard tonnadan gowrak nebit barabarlygynda ölçenilýär, şolardan 20 milliard tonnadan gowragy nebit we 50 trillion kub metrden gowragy tebigy gaz. Bu barada Döwlet ministri — «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygy Batyr Amanow Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Dubaýda 26-njy aprelde öz işine başlan halkara göçme forumynda eden çykyşynda belledi.

Dubaýda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forum öz işine başlady
26.04.23 - 10:47Şu gün Dubaýda (Birleşen Arap Emirlikleri) Hyatt Regency myhmanhanasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forum öz işine başlady. Onuň guramaçylary bolup «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy «Türkmen Forum» HJ we GaffneyCline britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme foruma gatnaşyjylary gutlady
26.04.23 - 10:04Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme foruma gatnaşyjylary gutlady.

Türkmenistan Azerbaýjana nebit eksportyny 4,4 esse artdyrdy
25.04.23 - 23:42Türkmenistan 2023-nji ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda Azerbaýjana çig nebitiň 119,2 müň tonnasyny eksport etdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäki görkezijiden 4,4 esse köpdür – diýip, Trend habar berýär.

Dubaýda OGT-2023 Maýa goýum forumyna taýýarlyk işleri tamamlanyp barýar
25.04.23 - 23:21Şu gün, Birleşen Arap Emirlikleriniň iri şäheri Dubaýda Hyatt Regency Creek Heights myhmanhanasynda Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça 26-njy aprelde geçiriljek Halkara forumynyň wekillerini hasaba almak çäresi geçirilýär.

Türkmenistan «ýaşyl tehnologiýalar» we sanlylaşdyrma ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýarlygyny tassyklady
25.04.23 - 02:12Türkmenistan «ýaşyl tehnologiýalar» we sanlylaşdyrma ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmäge taýýar. Bu barada Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň sanly we “ýaşyl” özgertmeler meselelerine bagyşlanan 70-nji mejlisinde eden çykyşynda belledi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Dubaýda OGT-2023 Halkara maýa goýum forumyna 300-den gowrak wekil gatnaşar
25.04.23 - 02:08Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara forumynyň açylmagyna sanlyja gün galdy. Forum 26-njy aprelde Dubaýda öz işine başlar. Forumyň guramaçylary bolup «Türkmengaz» we «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy Türkmen Forum HJ we GaffneyCline britan kompaniýasy bilen hyzmatdaşlykda çykyş edýär.

Türkmenistanyň nebitgaz ýokary okuw mekdebinde informatika boýunça birinji halkara olimpiada geçirildi
21.04.23 - 00:29Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde türkmen we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda informatika dersi boýunça I halkara açyk internet olimpiadasy geçirildi.

ABŞ-nyň Energetika ministrligi Türkmenistanda nebitiň çykarylyşynyň durnukly ösüşini çaklady
19.04.23 - 14:39Ýakyn iki ýylda Türkmenistanda nebitiň çykarylyşynyň durnukly ösmegine garaşylýar. Bu barada ABŞ-nyň Energetika ministrliginiň 2023-2024-nji ýyllarda Türkmenistanda nebitiň çykarylyşy boýunça neşir edilen çaklamasynda aýdylýar. Muny Trend agentligi Energetika maglumatlar müdirligine salgylanyp habar berýär.