
Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda işewürlik gurşawyny gowulandyrmak üçin kanunçylyga üýtgetmeleri girizmegi teklip etdi
07.04.23 - 17:15Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda işewürlik gurşawyny gowulandyrmaga gönükdirilen kadalar bilen bagly «Salgytlar hakynda» Türkmenistanyň Bitewi kanunyna, Türkmenistanyň Gümrük kodeksine, beýleki kanunlara döwrebap üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmegi teklip etdi.

Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň agzalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiliklerini maslahatlaşdy
06.04.23 - 18:53Prezident Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürlik geňeşiniň Ýerine ýetiriji direktory Erik Stýuartyň ýolbaşçygylynda ABŞ-nyň işewür toparlarynyň agzalary bilen çarşenbe güni geçiren duşuşygynda ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

“Köňül mukamy” atly okuw gollanmasy çapdan çykdy
06.04.23 - 11:30Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň “Ylym” neşirýaty tarapyndan Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň “Sazyň taryhy” kafedrasynyň uly mugallymy Röwşen Muhammedowyň “Köňül mukamy” atly okuw gollanmasy çap edildi.

BP Azerbaýjanda uzakdan dolandyryşdaky ilkinji deňiz platformasyny gurar
05.04.23 - 17:46BP kompaniýasynyň uzakdan dolandyrylmaga ukyply dünýäde ilkinji deňiz platformasy Azerbaýjanda gurulýar diýip, BP-niň Azerbaýjan, Gruziýa we Türkiýe boýunça sebit prezidenti Geri Jons aýtdy. Muny Praým agentligi ýetirýär.

Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasynda haryt dolanyşygyny artdyrmagyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
05.04.23 - 17:42Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen geçiren duşuşygynda iki ýurduň arasynda haryt dolanyşygyny artdyrmakda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek meseleleri maslahatlaşyldy.

Uzynada meýdançasynda kondensaty ýygnaýjy, bölüşdiriji we geçiriji desgany dolulygyna gurmak boýunça bäsleşik yglan edildi
04.04.23 - 18:03“Türkmennebit” DK Uzynada meýdançasynda kondensaty ýygnaýjy, bölüşdiriji we geçiriji desganyň taslamasyny düzmek, ony dolulygyna gurmak, işe girizmek hem-de onuň gurluşygy üçin gerekli materiallar we enjamlar bilen üpjün etmek boýunça bäsleşik yglan etdi.

Türkmenistan HHR-den göçme buraw enjamlaryny satyn aldy
04.04.23 - 17:56Türkmenistan ýurdumyzda nebitgaz känlerini işläp taýýarlamak boýunça işleriň depginini tizleşdirmäge ýardam etjek HHR-de öndürilen täze göçme buraw enjamlaryny satyn aldy. Täze XJ 450 we XJ 650 göçme buraw enjamlary Balkan welaýatynyň çägindäki Barsagelmez we Goturdepe nebit ýataklarynda oturdyldy.

Saýlawlaryň ýokary derejede geçirilmegi üçin nebitgaz toplumynda zerur çäreler görüldi
03.04.23 - 23:44Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen anna güni sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşynda örän möhüm syýasy çäre bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň jemlerine seredildi.

Balkan welaýatynda Guýjuk meýdançasynda täze guýy burawlanylýar
01.04.23 - 10:46Balkan welaýatynda Guýjuk meýdançasynda taslama çuňlugy 2 müň 60 metr bolan № 148 ulanyş guýusynda buraw işleri alnyp barylýar.

Ahal welaýatynyň Arkadag şäher häkimliginiň ady üýtgedilip, ol Arkadag şäheriniň häkimligi diýlip atlandyryldy
31.03.23 - 17:08Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ahal welaýatynyň Arkadag şäher häkimliginiň ady üýtgedilip, ol Arkadag şäheriniň häkimligi diýlip atlandyryldy.

Arkadag şäheriniň etraplarynyň häkimlikleri döredildi
31.03.23 - 16:57Arkadag şäherinde Kärizek etrabynyň we Gorjaw etrabynyň döredilmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň we Gorjaw etrabynyň häkimlikleri döredildi.

Türkmenistanda “Arkadag” teleýaýlymy döredildi
31.03.23 - 16:28Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň “Arkadag” teleýaýlymyny döretmek we 2023-nji ýylyň sentýabryndan başlap, gije-gündiziň dowamynda 15 sagatlap gepleşikleri ýaýlyma berip başlamak bellenildi.

Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň gutarnykly netijeleri jemlenildi
30.03.23 - 19:14Çarşenbe güni Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda geçirilen mejlisde Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň ählihalk saýlawlarynyň gutarnykly netijeleri jemlenildi diýip, TDH habar berýär.

Управление «Gumdagnebit» за январь-февраль значительно увеличило темп роста добычи
30.03.23 - 19:07Нефтегазодобывающее управление «Gumdagnebit» Государственного концерна «Türkmennebit» за январь-февраль 2023 года, проходящего под девизом «Год счастливой молодежи с Аркадаг Сердаром», обеспечило добычу из действующих скважин около 91 тысячи тонн нефти. При этом план за отчетный период был выполнен на 112 процентов. По сравнению с аналогичным периодом прошлого года достигнутый темп роста превысил 124 процента.

Türkmenistanyň nebitgaz ýokary okuw mekdebinde sowadyjy we howa ulgamlary tejribehanasy açyldy
30.03.23 - 19:02Birleşen Milletler Guramasynyň senagaty ösdürmek guramasynyň (UNIDO) Aşgabatdaky Ozon wekilhanasynyň hem-de Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň hemaýatkärliginde Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň Innowasiýa ylmy-okuw merkeziniň Sowadyjy we howa ulgamlary tejribehanasy açyldy.