
Aşgabatda türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň, şol sanda gaz ulgamynda hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy
19.04.23 - 01:17Duşenbe güni türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreý-türkmen parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Li Dal Gonuň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň parlament wekiliýeti bilen duşuşygynda parlamentara, kanun çykaryjylyk we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Birinji çärýegiň jemleri boýunça Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2 göterim derejede saklanýar
19.04.23 - 01:062023-nji ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% boldy. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow şenbe güni sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde belledi.

Nebitgaz toplumynda ýylyň birinji çärýeginiň jemlerine garaldy
18.04.23 - 10:24Düýn gün Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» geçen üç aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.

Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň işiniň ýylyň birinji çärýeginiň jemleri jemlenildi
17.04.23 - 19:02Prezident Serdar Berdimuhamedowyň geen şenbe güni sanly ulgam arkaly geçiren Ministrler Kabinetiniň mejlisinde şu ýylyň birinji çärýeginde ýurdumyzda ýerine ýetirilen işleriň netijelerine garaldy.

Türkmenistanyň we Pakistanyň diplomatlary nebitgaz we ulag ulgamynda hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşdylar
17.04.23 - 18:55Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Pakistanyň daşary işler döwlet ministri Rabbani Har bilen geçiren duşuşygynda energetika we ulag ulgamlarynda özara gatnaşyklaryň uly mümkinçilikleri maslahatlaşyldy.

Ýurdumyzda iş kesilen 463 raýatymyzyň mübärek Gadyr gijesi mynasybetli günäsi geçildi
16.04.23 - 11:50Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Günäsi geçilen 463 raýatymyzyň mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.

Ogulabat Berdimuhamedowany hatyralap belli gün agzaçar sadakasy berildi
15.04.23 - 08:3014-nji aprelde paýtagtymyzdaky Hezreti Omar metjidinde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow mähriban käbesi, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow enesi Ogulabat Berdimuhamedowany hatyralap, belli gün agzaçar sadakasyny berdiler.

Birža söwdalarynda 40 müň tonnadan gowrak suwuklandyrylan gaz eksporta iberildi
13.04.23 - 18:45Sişenbe güni, 11-nji aprelde Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasyndaky söwdalaşyklarda jemi bahasy 16,5 mln amerikan dollaryna deň bolan 18 geleşik baglaşyldy – diýip, ORIENT habar berýär.

CNPC Türkmenistanyň Dubaýda Halkara forumynyň platina hyzmatdaşy bolup çykyş eder
13.04.23 - 18:43Hytaýyň milli nebit kompaniýasy (CNPC) Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça 2-27-nji aprelde Dubaýda geçjek Halkara forumynyň platina hyzmatdaşy hökmünde çykyş eder. CNPC nebit pudagyna maýa goýum goýmak bilen, öz işini dünýäniň 38 ýurdunda amala aşyrýar, kompaniýa tarapyndan öndürilen nebit materiallary we enjamlary dünýäniň 82 ýurdunyň bazarlarynda ýerlenilýär. Kompaniýanyň bu foruma gatnaşmagy möhüm waka bolup durýar, sebäbi ol Türkmenistanyň nebit-gaz taslamalaryna iri maýa goýumçylaryň biri bolup çykyş edýär.

Dubaýda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara maslahat geçiriler
13.04.23 - 00:42Şu ýylyň 26 — 27-nji aprelinde Dubaý şäheriniň (Birleşen Arap Emirlikleri) «Hyatt Regency» myhmanhanasynda Türkmenistanyň nebitgaz pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça halkara göçme forumy geçiriler.

Hyundai Engineering — Türkmenistanyň Dubaýdaky Halkara maýa goýum forumynyň bürünç hyzmatdaşy
12.04.23 - 13:23Hyundai Engineering 2023-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde Dubaýdaky Hyatt Regency myhmanhanasynda geçiriljek Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumynyň bürünç hyzmatdaşydyr - diýip, forumyň guramaçylary habar berýär.

AÖB 2023-nji ýylda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüşini 6,5% diýip çaklaýar
12.04.23 - 13:19Aziýa ösüş banky (AÖB) 2023-nji ýylda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depginini 6,5 % derejesinde çaklaýar. Bu Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda iň ýokary görkeziji bolup durýar. Bu barada AÖB-niň aprel aýy üçin hasabatynda aýdylýar. Hasabat bankyň saýtynda çap edildi.

Energetika — Türkmenistan bilen Moldowanyň hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugry
11.04.23 - 19:09Moldowa we Türkmenistan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyny işjeňleşdirmäge we energetika ulgamynda özara gatnaşyk etmäge gyzyklanma bildirýär.

Dubaýdaky Halkara forumynyň hyzmatdaşlarynyň sany täze gatnaşyjylar bilen artdy
11.04.23 - 19:06Türkmenistanyň energetika toplumyna maýa goýumlaryny çekmek boýunça Halkara forumyň açylmagyna ýarym aý galdy. Forum 2023-nji ýylyň 26-27-nji aprelinde BAE-niň Dubaý şäherinde Hyatt Regency myhmanhanasynda geçiriler.

Täze «gara altynly» guýular
10.04.23 - 17:37«Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli Maksatnamasyny» üstünlikli amala aşyrýan «Türkmennebit» döwlet konserniniň «Nebitgazburawlaýyş» trestiniň burawlaýjylary «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» geçen üç aýynda gazuw işleri tamamlanan guýularyň altysyny nebitgaz çykaryjylara ulanmaga berdiler.