Habarlar
16459b7d579456.jpeg
Eýranyň Türkmenistandaky täze Baş konsuly bilen ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmegiň meseleleri maslahatlaşyldy
09.05.23 - 08:02

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýewiň Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Baş konsuly (Mary ş.) Abdolmajid Kamju bilen geçiren duşuşygynda syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda Türkmenistan bilen Eýranyň arasyndaky ýokary derejeli gatnaşyklary barada nygtap geçildi.


1645747f5eb208.jpeg
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Patyşa Karl III we onuň Şazenan maşgalasyna Täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy
07.05.23 - 11:40

6-nji maýda Beýik Britaniýada iş saparynda bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III we onuň Şazenan maşgalasyna Täç geýdirmek dabarasyna gatnaşdy.


1645742cc92595.jpeg
Nebitgaz toplumynda 2023-nji ýylyň dört aýyň jemlerine garaldy
07.05.23 - 11:18

6-njy maýda Türkmenistanyň nebitgaz toplumynyň merkezi binasynda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» geçen dört aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine bagyşlanan hasabat ýygnagy geçirildi.


1645635a019515.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Beýik Britaniýa iş sapary başlandy
06.05.23 - 16:10

5-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow britan tarapynyň çagyrmagy boýunça Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Patyşasy Karl III-ä hem-de Şa aýalyna täç geýdirmek dabarasyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen Beýik Britaniýa ugrady.


16454f58f81c47.jpeg
Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% derejede saklanýar
05.05.23 - 17:24

2023-nji ýylyň ýanwar-aprel aýlarynda Türkmenistanda jemi içerki önümiň ösüş depgini 6,2% derejede saklanýar. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow penşenbe güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda aýtdy. Onuň dowamynda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi.


16454f4c676b70.jpeg
Hökümet mejlisinde 2023-nji ýylyň ýanwar-aprelinde nebitgaz toplumynyň işiniň netijeleri maslahatlaşyldy
05.05.23 - 17:21

Penşenbe güni Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda şu ýylyň geçen dört aýynda ykdysadyýetimiziň pudaklarynda alnyp barlan işleriň netijelerine seredildi, döwlet durmuşynyň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.


16454ec6fbf16b.jpeg
Türkmenistanyň Prezidentiniň Halkara futbol federasiýasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşygy
05.05.23 - 16:45

4-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow paýtagtymyzyň Olimpiýa şäherçesiniň Olimpiýa stadionynda Halkara futbol federasiýasynyň (FIFA) prezidenti Janni Infantino bilen duşuşyk geçirdi.


16453edc32bae2.jpeg
Türkmenistanyň wekiliýeti Katarda Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygyna gatnaşdy
04.05.23 - 22:39

Türkmenistanyň wekiliýeti 1-2-nji maýda Katar Döwletiniň Doha şäherinde BMG-niň Baş sekretarynyň howandarlygynda geçirilen Owganystan boýunça ýörite wekilleriň duşuşygyna gatnaşdy.


16453ebdd9b832.png
Sinopec kompaniýasy Aziýada iň çuň nebitgaz guýusyny burawlamaga girişdi
04.05.23 - 22:31

Sinopec hytaý kompaniýasy HHR-iň demirgazyk-günbatarynda Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynda Aziýada iň çuň nebitgaz guýusyny burawlamaga başlady diýip, Sinhua agentligi habar berýär.


16452716163f68.jpeg
Türkmenistan we ABŞ hyzmatdaşlygyň «Ýol kartasyny» we dürli derejedäki özara saparlary guramak boýunça teklipleri işläp taýýarlar
03.05.23 - 19:36

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen, 2023-2024-nji ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasyny”, gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýadyny berkitmek üçin teklipleri, Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasynda guraljak dürli derejedäki saparlaryň Çarçuwaly meýilnamasyny taýýarlamak baradaky teklipleri makullady.


16452477e570a8.jpeg
Merkezi Aziýa — Hytaý gaz geçirijisi boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň mejlisinde geljek ýyl üçin meýilnamalar maslahatlaşyldy
03.05.23 - 16:37

Samarkandda geçirilen «Türkmenistan-Özbegistan-Gazagystan-Hytaý» gaz geçirijisini ulanmak boýunça Utgaşdyryjy geňeşiň 28-nji mejlisinde häzirki işler we geljek ýyl üçin meýilnamalar bilen bagly meseleler maslahatlaşyldy diýip, «Uzbekneftegaz» PJ-niň metbugat gullugy habar berýär.


16452296c1cebd.jpeg
Nebitgazçylar toparynyň ynamly ýeňşi
03.05.23 - 14:29

Ýurdumyzda ýokary netijeli sporty we köpçülikleýin bedenterbiýäni ösdürmeklige, ýaş türgenleri kämilleşdirmeklige, sagdyn durmuşy wagyz etmeklige uly üns berilýär. Şu maksatdan ugur alyp, Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda hem sportuň dürli görnüşlerinde bäsleşikler yzygiderli geçirilýär.


164517fd069bb4.jpeg
Täze ýatakdan tebigy gazyň akymy alyndy
03.05.23 - 02:25

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda nebitgaz ýataklaryny çalt depginler bilen özleşdirmek, täze guýulary burawlamak we gurmak bilen baglylykda, ýangyç-energetika toplumyny döwrebap enjamlardyr tehniki serişdeler bilen üpjün etmek üçin ähli şertleri döredip berýär.


16450d58405dd9.jpeg
OPEK+ ýurtlarynyň birnäçesi nebit çykarylyşy meýletin günde 1,2 mln barrel azaldýarlar
02.05.23 - 14:18

OPEK+ bileleşigine girýän ýurtlaryň birnäçesi 1-nji maýdan başlap hyzmatdaşlary bilen ylalaşyklarynyň çäklerinde öz borçnamalaryna goşmaça nebitiň çykarylyşyny meýletin azaldýar we bu çägi 2023-nji ýyla çenli saklap galar diýip, Interfaks habar berýär.


16450d4636ace0.jpeg
Türkmenistandan suwuklandyrylan gaz Owganystanyň üsti bilen Pakistana iberilip başlandy
02.05.23 - 14:14

«Ýasir Basir» halkara firmasy Türkmenistandan awtomobil ulagy arkaly suwuklandyrylan nebit gazyny Owganystanyň üsti bilen Pakistana iberip başlady.