
Türkmenistanda güýzüň soňky aýy iri halkara forumlaryna beslendi
02.12.22 - 11:41Noýabr aýy Türkmenistanda halkara medeni forumlaryna baý bolup, olar paýtagtymyzda, şeýle hem ýurdumyzyň sebitlerinde geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Eýranyň energetika ministri bilen energetika we ulag ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdylar
01.12.22 - 13:02Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň energetika ministri Ali Akbar Mehrabianyň arasynda geçirilen duşuşykda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, TDH habar berýär.

Tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň ikinji tapgyryny koreý kompaniýalarynyň gatnaşmagynda gurmak meýilleşdirilýär
01.12.22 - 12:55Türkmenistanyň wekiliýeti Koreýa Respublikasynyň iri kompaniýalarynyň wekilleri bilen Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürmek boýunça zawodyň ikinji nobatdakysynyň gurluşygy boýunça gepleşikleri geçirdi. Bu barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasyna 28-29-njy noýabrda amala aşyran resmi saparynyň çäklerinde Hyundai Engineering kompaniýasynyň baş direktory Hong Hön Sung hem-de LX International Corp. kompaniýasynyň prezidenti Ýun Çun Son bilen geçiren gepleşikleriniň barşynda aýtdy diýip, TDH habar berýär.

Ankarada Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe üstaraplaýyn duşuşygyna taýýarlyk maslahatlaşyldy
30.11.22 - 11:38Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda 28-nji noýabrda Ankarada geçirilen syýasy geňeşmeleriň barşynda Awazada geçirilmegi göz öňünde tutulan Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe üçtaraplaýyn dyşuşygyna görülýän taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Bakuda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny giňeltmegiň geljegi maslahatlaşyldy
30.11.22 - 11:32Bakuda türkmen wekiliýetiniň Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygynda hem-de Ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara Bilelikdäki toparyň mejlisiniň barşynda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy diýip, azerbaýjan habar beriş serişdeleri habar berýär.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
30.11.22 - 11:15Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 38-si hasaba alyndy.

Türkmen-koreýa parlamentara gepleşiklerinde täze energetika taslamalaryna maýa goýum mümkinçilikleri maslahatlaşyldy
29.11.22 - 16:29Maýa goýumlaryň kepillikleri hakynda ylalaşygyň baglaşylmagy iki ýurduň arasynda maýa goýum gatnaşyklaryny işjeňleşdirmekligi höweslendirer. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Jin-Pýo Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren gepleşikleriniň barşynda belledi.

«Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala we maslahata gatnaşyjylara
28.11.22 - 17:50«Milli aýdym-saz sungaty dünýä halklarynyň mirasynda» atly halkara festiwala we maslahata gatnaşyjylara.

BAE-niň wekiliýeti Türkmenistana saparynyň barşynda bilelikdäki işewürler geňeşini döretmek meselesini maslahatlaşar
28.11.22 - 17:21Ýakyn wagtda Birleşen Arap Emirlikleriniň senagat we öňdebaryjy tehnologiýalar ministriniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana geler. Bu barada anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow habar berdi.

«Döwletabat» käninde gazy bökdençsiz ibermek üçin enjamlary abatlamak meýilleşdirilýär
28.11.22 - 17:16Geçen anna güni geçirilen Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow “Türkmengaz” döwlet konserniniň gaz generatorlaryny düýpli abatlamak barada şertnama baglaşmagy hakynda” Kararyň taslamasy barada hasabat berdi.

Türkmenistanda ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçiriler
28.11.22 - 10:39Dekabr aýynyň 17-nden 27-si aralykda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçiriler. Bu möhüm jemgyýetçilik çäresiniň şygary “Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek” diýlip atlandyrylan bolsa, däp-dessurlary hem-de özboluşly milli taryhy-medeni mirasy goramagyň alamaty bolan Türkmeniň ak öýi onuň nyşanyna öwrüldi.

Harytlyk gaz daşary bazara ugradylýar
25.11.22 - 16:40«Türkmengaz» döwlet konserniniň iri önümçilik düzümleriniň biri bolan «Marygazçykaryş» müdirliginiň gazçylary «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň geçen dokuz aýynda ýigrimi bäş milliard iki ýüz elli dört million bäş ýüz ýigrimi alty müň kub metr tebigy gaz çykaryp, meýilnamalaýyn tabşyrygy üstünlikli berjaý etdiler.

Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň DIM-niň ýolbaşçylary ýakynda geçiriljek ýokary derejedäki duşuşyklary maslahatlaşdylar
25.11.22 - 15:46Penşenbe güni Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Pak Jin bilen geçiren telefon arkaly gepleşiginiň barşynda ikitaraplaýy gün tertibiniň ileri tutulýan meseleleri maslahatlaşyldy diýip, Türkmenistanyň DIM-niň saýty habar berýär.

Aşgabatda Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri geçirilýär
24.11.22 - 21:2123-nji noýäbrda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň başlangyjy bilen geçirilýän bu giň gerimli medeni çäre türkmen-täjik döwletara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm goşant bolar.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy maslahatlaşyldy
24.11.22 - 20:26Geçen çarşenbe güni Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň mejlisi geçirildi. Onuň barşynda 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy.