
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Moskwa saparynyň dowamynda 15 sany ikitaraplaýyn resminama gol çekildi
08.12.22 - 13:32Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýetiniň 6-7-nji dekabrda Moskwa iki günlük saparynyň netijeleri boýunça on bäş sany ikitaraplaýyn resminama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

GaffneyCline kompaniýasy ýangyç-energetika ulgamynda Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyny giňeltmegi meýilleşdirýär
08.12.22 - 13:29GaffneyCline britan konsalting kompaniýasy Türkmenistanyň nebitgaz ulgamynda işini mundan beýläk-de giňeltmek mümkinçiliklerine garaýar. Bu barada Trend agentligi kompaniýanyň taslamalar boýunça direktory Drýu Pauelle salgylanyp habar berýär.

Lebap welaýatynda Üçajy-Zerger bölegindäki gaz geçiriji ulanyşa girizildi
07.12.22 - 20:30Lebap welaýatynda Üçajy-Zerger böleginde uzynlygy 125 kilometr bolan gaz geçiriji ulanyşa girizildi. Onuň gurluşygyny bir ýylyň dowamynda «Türkmengündogarnebitgurluşyk» trestiniň bäşinji gurluşyk-gurnama müdirliginiň hünärmenleri ýerine ýetirdiler diýip, «Türkmenistan:Altyn asyr» elektron neşiri habar berýär.

Bakuda Türkmenistanyň wise-premýeri ýakynda geçiriljek Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe sammitini maslahatlaşdy
07.12.22 - 20:205-nji dekabrda Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň daşary işler ministrleri Bakuda şu hepdede «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe üçtaraplaýyn sammitiniň gün tertibini, şele hem üç ýurduň daşary işler, ulag we energetika ministrleriniň duşuşygyny maslahatlaşdylar. Bu barada türkmen daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Türkmen-amerikan işewürler forumynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy
06.12.22 - 23:02Duşenbe güni Söwda-senagat edarasynda açylan türkmen-amerikan işewürlik maslahatynda söwda we maýa goýumlar ulgamynda hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary maslahatlaşyldy.

Serdar Berdimuhamedow ABŞ-nyň işewürleri bilen söwda-maýa goýum hyzmatdaşlygynyň geljegini maslahatlaşdy
06.12.22 - 22:58Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan — ABŞ» işewürler forumyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen ABŞ-nyň işewürler wekiliýetini kabul etdi.

Geçen hepdäniň birža täzelikleri
06.12.22 - 13:39Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 13-si hasaba alyndy.

«Marygazüpjünçilik» Mary welaýatynyň ýaşaýjylaryny ýylyň dowamynda bökdençsiz «mawy ýangyç» bilen üpjün edilýär
05.12.22 - 15:35Mary welaýatynyň ýaşaýjylary hem «Marygazüpjünçilik» müdirliginiň welaýatyň etraplaryndaky hem-de şäherlerindäki işlerini döwrebap guraýan gaz hojalyk edaralarynyň işgärleriniň tutanýerli zähmeti arkaly «mawy ýangyç» bilen ýylyň bütin dowamynda bökdençsiz üpjün edilýär.

Nebitiň we gazyň çykarylyşyny artdyrmak üçin çäreler görülýär
05.12.22 - 15:28Prezident Serdar Berdimuhamedowyň geçen anna güni sanly ulgam arkaly geçiren Hökümet mejlisiniň barşynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow nebitiň çykarylýan möçberini artdyrmak hem-de pudagyň çig mal binýadyny pugtalandyrmak maksady bilen görülýän çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň döwlet Baştutanlarynyň Sammiti 13-14-nji dekabrda «Awazada» geçiriler
05.12.22 - 15:12Hazar deňziniň türkmen kenarynda «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda 13-14-nji dekabrda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Türkiýäniň Prezidentleriniň duşuşygy meýilleşdirildi.

Hormatly Prezidentimiz Dohada geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň biriniň hormatly myhmany boldy
04.12.22 - 17:213-nji dekabrda Katar Döwletiniň Emiri Şeýh Tamim bin Hamad Al Taniniň çagyrmagy boýunça Katara sapar bilen baran hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Dohada geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynyň 1/8 final oýnunda çykyş edýän Niderlandlaryň we ABŞ-nyň ýygyndy toparlarynyň oýunlarynyň hormatly myhmany boldy.

Ýurdumyzda neşe serişdelerini ýakyp ýok etmek çäresi geçirildi
04.12.22 - 15:053-nji dekabrda Gökdepe etrabynyň çäginde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralary tarapyndan geçirilen ýörite çäreleriň dowamynda ele salnan neşe serişdelerini we bikanun ýol bilen getirilen temmäki önümlerini ýok etmek çäresi boldy, diýip Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Ýurdumyzda halkara ähmiýetli çäreleri guramaçylykly we ýokary derejede geçiriler
04.12.22 - 14:12Ýurdumyzda halkara ähmiýetli çäreleri guramaçylykly we ýokary derejede geçiriler.

Türkmenistanyň DIM-inde Eýranyň wekiliýeti bilen duşuşykda ýangyç-energetika we beýleki ugurlarda hyzmatdaşlyk maslahatlaşyldy
02.12.22 - 15:14Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Eýran Yslam Respublikasynyň Energetika ministri Ali Akbar Mehrabianyň ýolbaşçylygyndaky eýran wekiliýeti bilen geçiren duşuşygynda elektroenergetika, nebitgaz pudaklarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary, suw we ekologiýa pudagynda özara gatnaşyklar meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň saýty habar berýär.

Owganystanyň Häkimiýeti TOPH gaz geçirijisi boýunça işleri geçirip başlamagyň zerurlygyny beýan etdi
02.12.22 - 15:06Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygyny başlamak zerurlygy barada Talibanlaryň hökümetinde dag senagaty we nebit ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirýän Şahabuddin Delawar TOPH gaz geçirijisiniň taslamasynyň ýeine ýetiriji direktory Muhammetmyrat Amanow hem-de Türkmenistanyň Kabuldaky ilçisi Hoja Öwezow bilen duşuşykda belledi.